«Obagörüneriň» depesinde

24 Mart 2023
708

(Bathyz gündeliginden)

Köp wagtlyk elkinçilikden soň, obaňa dolanmak gowy duýgulary bagyşlaýar. Aňňat-aňňat depeleri külterläp gelýän ýük ulagy zor baryny görüp, gözýetimiň asman bilen birleşýän ýerindäki gara depäniň üstüne çykar. Üstüne çykyp bolsa, aňrysy eliň aýasy deý görnäýjek ýaly duýulýan garalyp duran beýigiň depesi bilen esli ýöräniňden soň, ho-ol alysdan akjaryp jaýlar görnüşip ugrar. Ulagdakylar: «Ana, oba-da göründi» diýşerler. Üç-dört sagatlap ýol söküp ýadanlaryň ýene eňeklerine jaň kakylan ýaly bolar.

Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».