Rys­gal-be­re­ke­diň çeş­me­si

25 Mart 2023
634

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşaýşyň çeşmesi we gönezligi bolan suwy netijeli, tygşytly ulanmak, oba hojalygynda ekinleri suwarylanda ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny ulanmak babatda netijeli işler alnyp barylýar. Sebäbi suw bolçulygyň, berekediň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem pederlerimiz suw hakynda «Suwly ýer — gül, suwsyz ýer — çöl», «Suw aka-aka durlanar», «Suw damjasy — altyn dänesi» «Gyş suwy — gyzyl suwy» ýaly many saçýan nakyllary döredipdirler.

Türkmenistan irki döwürden bäri ekerançylygyň dörän mekany, bu gün bolsa, bolçulygyň, rysgal-berekediň ýurdudyr. Ýurdumyzda häzirki wagtda suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak, ony egsilmekden we hapalamakdan goramak boýunça ylma esaslanan has netijeli usullary işläp taýýarlamak we kanunçylyk binýadyny düzgünleşdirmek babatda hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Suwda ynsanyň-da, ýeriň-de, janly-jandaryň-da, ösümlikleriň-de, daragtlaryň-da, mahlasy, ýaşaýşyň teşneligini gandyrýan gudrat jemlenendir. Pederlerimiz suwy berekediň, bolçulygyň sakasy hasaplap, kärizleri, ýaplary, howuzlary gazyp, jykyrlary gurup, türkmen ýaýlalaryny gülledipdirler, bagy-bossanlyga öwrüpdirler.

Şeker GURBANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň müdiri.