Açyk asmanyň astyndaky iň uly agaç heýkeli

4 Aprel 2023
376

Açyk asmanyň astynda iň uly agaç heýkelini döretmek hytaýly ussat heýkeltaraş Dending Ruý Ýao başartdy. Ol bu heýkeli öz şägirtleri bilen bilelikde üç ýylyň dowamynda ýerine ýetirdi. Munuň üçin iň uly agaç saýlanylyp alyndy. Ýolbarsyň şekili janlandyrylan bu heýkeliň üstünde halypa heýkeltaraşdan başga-da, agaç ussalarynyň 20-si agzybirlikde işlediler.

Heýkel tamamlanan dessine «Gündogar ýolbarsy» adyny aldy we ol Hytaýyň Uhan şäheriniň iň görnükli meýdançasynda ýerleşdirildi. Onuň uzynlygy 14,5 metr, beýikligi 5 metr, ini 4 metre barabardyr.

Awdulhamid AZIZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.