Ýaşaýşyň gözbaşy

29 Mart 2023
631

Her damjasy zere deňelýän suw — ýaşaýşyň gözbaşy. Halkymyzyň arasynda dörän suw bilen baglanyşykly birnäçe dessurlar we folklor eserleri biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Aýdylyşyna görä, kimdir biri uzak ýola gideninde, myhman bilen hoşlaşylanda, gyz durmuşa çykanda yzyndan suw sepmek däbi bar. Bu yrym ýolagçylara ýollarynyň ak bolmagy dileg edilip, berjaý edilýär. Adamlar suwuň başyna baranlarynda: «Essalawmaleýkim, suw aga, el-ýüzümi ýuw, aga!» diýip, suwa hormat edipdirler.

Gülzada IŞKUWATOWA,
Çärjew etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy.