Ewklaz

23 Mart 2023
823

Ewklaz (ewklaz, ewklazit) gymmat bahaly daş hasaplansa-da, entek şaý-seplerde kän bir ulanylmaýan seýrek daşlaryň biridir. Akademik A.Ý.Fersman bu mineraly zümerret, göwher ýaly daşlaryň deňinde goýup, ýokary baha beripdir. Ewklaz ilkinji gezek 1792-nji ýylda görnükli fransuz minerology Rene-Žýust Haýu tarapyndan gymmat bahaly daş hökmünde saýlanylyp, onuň doly beýany diňe 1892-nji ýylda çap edilipdir. 1858-nji ýylda rus alymy N.I.Kokşarow Günorta Uralyň altyn gazylyp alynýan käninden diametri 7,3 sm bolan uly kristaly tapýar. Häzirki wagtda ol daş Sankt-Peterburg Dag-magdan institutynyň muzeýinde saklanýar. Ewklaz örän näzik mineral. Onuň ady gadymy grek sözünden gelip çykyp, «gowy bölünýän» diýen manyny berýär.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».