Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Baýram bazardan başlanýar

Il içinde: «Baýram bazardan başlanýar» diýen bir ajaýyp aýtgy bar. Ildeşlerimiziň köpüsi bu aýtgyny her ýola eşidenlerinde, ilki bilen, indiki ýylyň bereketli geljekdigine ynamy döredýän Täze ýyl baýramçylygynyň bazarlarynyň göz öňünde janlanýandyklaryny aýdýarlar. Adaty günlerde hem göwnüň islän zadyny tapyp bolýan ýurdumyzyň söwda-dynç alyş merkezleriniň, dükanlarynyň, ak bazarlarynyň hem-de olaryň öňünde hatar guralan göçme söwda nokatlarynyň deňesinden Täze ýyl baýramçylygyna golaý günlerde geçeniňde olara müň keren mamla diýeniňi-de duýmarsyň. Baýramçylyk ruhy kalbyňa dolansoň, olara sowulman, geçip-de bilmersiň. Baýramçylyk bezegleri, amatly, elýeterli bahalaryň göge galýan şatlykly söwda gowry özüne imrindirip durandyr. Bir ýanyndan giren badyňa hem bulduraşýan datly miwedir bakja hasyllarynda, olaryň gaplamalarynda, üwmeçlerinde, şire suwlarynda, täze we köp görnüşli çörek, balyk, et, süýt, konditer önümlerinde, biri-birinden ýakymly, göze gelüwli lybaslarynda, täze ýyl arçasynyň bezeg oýnawaçlarynda, hojalyk harytlarynda gözüňi gyrpman, kalbyňy galdyryp, ählisinden-de alasyň geler. Bakyşyňdan meýliňi aňýan satyjylar hoşamaýlyk bilen harytlaryny mazamlap başlarlar welin, asyl deňesinde nähili sägineniňi-de duýmarsyň. Şol pursat hem olaryň atlaryna, haryt nyşanlaryna we «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgylaryna nazaryň düşer. Kalbyňdaky begenç hem-de guwanç duýgulary

Täze ýylyň täsin däpleri

Gelejek nähili geljek?! Finlýandiýada Täze ýylda eredilen galaýyny sowuk suwly bedrä guýmak däbi ýörgünli. Bu däbiň esasy maksady geljekki ýylda nähili günleriň garaşýandygyny bilmekden ybarat. Has takygy, galaýy gatanda emele gelen şekillerden ugur alyp, geljek ýylda garaşýan wakalary çaklaýarlar.

Baý­ram­çy­lyk dabaralary

Şu gün­ler ýur­du­myz toý-da­ba­ra­la­ry­na bes­len­ýär, il­deş­le­ri­miz Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­na ru­hu­be­le­net­lik bi­len bar­ýar­lar. Şo­nuň üçin hem ýur­du­myz­da goň­şy döw­let­le­riň est­ra­da ýyl­dyz­la­ry­nyň baý­ram­çy­lyk şü­we­le­ňi ge­çi­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da­ky Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­myn­daky şüweleň da­şa­ry ýurt­ly sun­gat us­sat­la­ry örän gys­ga wagt­da on mil­lion­lar­ça yn­san­la­ryň sö­ýüp diň­le­ýän est­ra­da ýyl­dyz­la­ry­na öw­rü­len tür­ki­ýe­li aý­dym­çy­lar Bu­rak Bu­lu­dyň we Kur­tu­luş Ku­şuň kon­ser­ti bi­len has-da tä­sir­li bol­dy. Di­ňe bir Tür­ki­ýe­de däl, eý­sem, bü­tin dün­ýä­de, il­deş­le­ri­mi­ziň ara­syn­da hem meş­hur­lyk ga­za­nan ýaş aý­dym­çy­lar türk­me­nis­tan­ly muş­dak­la­ry­ny yn­san öm­rü­niň ju­wan­lyk ýyl­la­ry­nyň duý­gy-dü­şün­je­le­ri­ni be­ýan ed­ýän aý­dym­la­ry bi­len be­gen­dir­di­ler. Sun­gat­da­ky dö­re­di­ji­lik ýol­la­ry­ny bi­rik­di­ren­le­ri­ne köp wagt geç­me­dik Bu­rak Bu­lu­dyň we Kur­tu­luş Ku­şuň bi­le­lik­dä­ki kö­pö­wüş­gin­li aý­dym­la­ry meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Ola­ryň dur­muş te­ma­syn­da­ky öz­bo­luş­ly duý­gy-dü­şün­je­le­re gap­la­nan aý­dym­la­ry ýaş­lar bi­len bir ha­tar­da, uly ýaş­ly­la­ryň-da ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Bi­ri-bi­ri­ne sep­leş­ýän du­et gör­nü­şin­dä­ki aý­dym­lar to­ma­şa­çy­la­ry haý­ra­na goý­ýar. Uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lan aý­dym­çy ýi­git­ler Tä­ze ýy­lyň b

Kämillikden gözbaş alan milli ýörelgeler

Häzirki ajaýyp döwrümizde gadymdan gelýän milli ýörelgelerimize aýratyn üns berilýär. Şeýle ýörelgeleriň biri hem milli terbiýedir. Türkmen halky terbiýäni çagadan başlaýar. Şunda öwüt-ündew etmek, nesihat bermek, görelde görkezmek ýaly ugurlar maşgala ojagyndan gözbaş alýar. Şu nukdaýnazardan her birimiz mukaddes hasaplaýan maşgala dessurlary, nesil terbiýesi ýaly durmuş kadalarymyzda kämil durmuş ýaşaýşymyzyň ornunyň uludygyny nygtasymyz gelýär. Gözbaşyny kämillikden alyp gaýdýan durmuşymyz milli däplerimizi berk dowam edip, nesilleri terbiýelemekde örän berk hem kämil dowamlylygymyzy saklamaga borçlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesillere ylym, bilim öwretmekde, olarda ahlak sypatlaryny kemala getirmekde möhüm işler durmuşa geçirilýär. Geljegimiz bolan ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almaklary, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzy buýsandyrýar. Halkymyzda gadymy döwürlerden bäri terbiýeçilik işine möhüm ähmiýet berlipdir. Şunda ýaşuly nesilleriň öwütdir ündewleri ýaşlar üçin bahasyz baýlyk bolupdyr. Halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebi bolan “Kowusnama”, “Oguznama” ýaly eserlerinde “Görogly” şadessanynda hem beýan edilýän öwüt-ündewler nesil terbiýesinde giňden ulanylypdyr.

Türk estradasynyň goşa ýyldyzy

Düýn paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly sungat ussatlarynyň Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän baýramçylyk şüweleňi örän gysga wagtda on millionlarça ynsanlaryň söýüp diňleýän estrada ýyldyzlaryna öwrülen türkiýeli aýdymçylar Burak Buludyň we Kurtuluş Kuşuň konserti bilen dowam etdi. Diňe bir Türkiýede däl, eýsem, bütin dünýäde, ildeşlerimiziň arasynda hem meşhurlyk gazanan ýaş aýdymçylar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde türkmenistanly muşdaklaryny ynsan ömrüniň juwanlyk ýyllarynyň duýgy-düşünjelerini beýan edýän aýdymlary bilen begendirdiler. Tanyşlyk açyp, sungatdaky döredijilik ýollaryny birikdirenlerine köp wagt geçmedik bolsa-da, 27 ýaşly Burak Buludyň we 26 ýaşly Kurtuluş Kuşuň bilelikdäki köpöwüşginli aýdymlary meşhurlyga eýe boldy. Olaryň durmuş, söýgi temasyndaky özboluşly duýgy-düşünjelere gaplanan bu aýdymlary ýaşlar bilen bir hatarda uly ýaşlylaryň-da ünsüni özüne çekýär. Biri-birine sepleşýän duet görnüşindäki aýdymlar tomaşaçylary haýrana goýýar. Buragyň agraslygy, Kurtuluşyň hyjuwlylygy biri-biriniň üstüni ýetirip, gaýtalanmajak ajaýyp sazlaşygy döredýär. Janly sesde ýerine ýetirijiligiň diňleýjileriň köňül taryndan gopmagy, «Manolýa», «Leýli we Mejnun», «Bu söýgini terk eden kim?», «Söýmedim diýme», «Hemme bildi», «Sebäpsiz gidenlere» ýaly şekilli aýdymlaryň ilkinji görkezilişine sosia

Sungat ýürekleri birleşdirýär

Eýranly türkmen aýdymçysy Emin Rasen paýtagtymyzda konsert berdi Emin bilen söhbetdeşlikden ozal, onuň öňden özümde bar bolan aýdymlaryny bir ýola diňläp çykdym. Iş-alada bilen täzeliklerden bihabar bolaýmaýyn diýip, täze ýazan aýdymlaryny diňlemek üçin internete «girdim». Internet sahypalarynda, ilki bilen, onuň ezýaka köýnekli, ak telpekli düşen suratlary ünsüňi çekýär. Hut ýüzbe-ýüz duşuşanymyzda hem, ol bize şol ýadymyzda galan keşbinde sataşdy. Köp sanly sungat muşdaklarynyň söýgüsini gazanan eýranly türkmen aýdymçysy Emin Rasen bilen duşuşygymyza onuň ata Watany Türkmenistana ýörite konsert bermek üçin ilkinji gezek gelmegi gowy mümkinçilik döretdi. Meşhur aýdymçynyň 24-nji dekabrda paýtagtymyz Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli beren konserti örän uly şatlyk-şowhuna beslenip, watandaşlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Biz konsertiň öň ýanynda aýdymçy bilen söhbetdeş bolup, oňa sungat ýoly baradaky özümizi gyzyklandyrýan käbir sowallary berdik.

Aýdymlar çemeninden sowgat

Täze ýyly garşylaýan gözel Aşgabatda daşary ýurtly sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrýar. Paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda guralmagy asylly däbe öwrülen daşary ýurt ýyldyzlarynyň konsertlerinde bu gezek meşhur rus estrada ýyldyzlary Nýuşa Şuroçkina we Olga Şultaýs, eýranly sungat ussady Emin Rasen, türkiýeli aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuş çykyş edýär. Geliň, olar bilen ýakyndan tanşalyň! Emin Rasen

Owazly dünýäniň bahary

Ýurdumyzda her Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ýaş estrada aýdymçylaryň arasynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigi geçirmek asylly däbe öwrüldi. Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýaş aýdymçy Bahar Annaýewa «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň baş baýragyna, göçme kuboga mynasyp bolmagy başardy. Biz Bahary gazanan üstünligi bilen gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolanymyzda, bäsleşigiň ýeňijisi buýsanjyny şeýle beýan etdi. — Şu ýyl maňa ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.

Monjugatdylar – türkmen gelin-gyzlarynyň şahyrana dünýäsi

Halk döredijiliginiň ynsan kalbyny joşdurýan, terbiýeçilik ähmiýetli, milli ruhly şahyrana dünýäsi jemgyýetçilik durmuşynyň dürli pursatlary, türkmeniň çeper döredijiligi, taryhy, milli ýörelgesi, däbi we dessury barada gymmatly maglumatlara baýdyr. Şolaryň arasynda monjugatdy oýny hem möhüm orun eýeleýär. Monjugatdylar gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýar. Ýaşaýşyň haýsy döwründe, haçan dörändigi anyk bolmasa-da olaryň mazmuny ýaşlaryň arzuw-islegi, durmuşy, ýaşaýan döwrüniň dürli meseleleri bilen baglydyr. Monjugatdylar gelin-gyzlaryň öz bagtlaryny synamak üçin oýnaýan sanawaçly oýny bolupdyr. Oňa köpçülik bolnup gatnaşylýar. Monjugatdylary aýtmak, oýnamak bilen gelin-gyzlar öz ykbalyny aňşyrmak isläpdir. Ýaşlyk ynsanyň iň joşgunly döwri. Bu döwürde ýaşlarda bilesigelijilik islegi güýçli ýüze çykýar. Monjugatdy bentleriniň üsti bilen ýaş gyzlar durmuşda nähili oglana duşjakdyklaryny bilmäge synanyşypdyrlar. Özleriniň arzuw-isleglerini şol bentlerden gözläpdirler. Monjugatdy oýnunda her kime tötänleýin dürli mazmundaky monjugatdy bendi düşýär. Monjugatdy oýnuny oýnaýan gelin-gyzlar bolsa, kime haýsy monjugatdy bendi düşse şol bent şonuň adyndan aýdylan diýip hasap edýärler. Bu oýnuň gyzgalaňyny has hem artdyrýar. Çünki, monjugatdy bentleriniň arasynda dürli mazmundaky bentler bolup, kimiň maňlaýyndan nähili bendiň çykjagy belli bolmaýar. Monjugatdylaryň dili

2024-nji ýyl: medeni baýramçylyklar, ylmy öňegidişlikler

Her ýylyň möhüm wakalary taryhyň sahypalaryna ýazylyp, geljekki nesiller üçin miras galýar. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösmegi diňe bir geçmişi ýatlaman, eýsem, geljege nazar aýlamaga-da mümkinçilik berýär. 2024-nji ýylda garaşylýan wakalar bilen tanşanyňda, onuň taryha medeniýetiň, sungatyň we ylmy ösüşleriň ýyly hökmünde ýazyljakdygyna ynamyň artýar. Geljek ýyl eziz Diýarymyzda beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaralandyrylýan bolsa, Russiýada dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan tanymal ýazyjy Maksim Gorkiniň 150 ýyllyk ýubileýi belleniler. Şeýle hem 2024-nji ýylda bütin dünýäde sungatyň dürli ugurlary boýunça festiwallaryň we bäsleşikleriň guralmagyna, taryhy şahsyýetleriň ýubileýleriniň bellenilip geçilmegine garaşylýar.

Çyn-maçyndan myhman geldi

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň çäklerinde «Long Ýunun» söweş sungaty toparynyň ýerine ýetirmeginde Kung Fu boýunça çykyşlar görkezildi. Toparyň ýerine ýetirmegindäki çykyşlarda söweş sungatynyň gadymy görnüşleri balet, häzirki zaman tansy we dramanyň üsti bilen tomaşaçylara ýetirildi. Çykyşlaryň maksady tomaşaçylara «Kung Fu» söweşiniň diňe bir özüňi goramagyň usuly bolman, eýsem, özboluşly sungatdygyny hem görkezmekden ybarat boldy. Myhmanlar ýurdumyzda ilkinji gezek bolýandygyny aýdyp, gözel paýtagtymyzyň özlerinde üýtgeşik täsir galdyrandygyny gürrüň berdiler. Saparyň çäklerinde olar Türkmenistanyň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, gadymy Nusaý galasyna baryp görüpdirler.

Çagalyk arzuwlarynyň yzy bilen (Biziň neslimiz)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetimiz, sungatymyz dünýä ýüzünde dabaralanýar. «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bu günki günde milli teatr sungatymyzyň wekilleri halkara festiwallarda diňe bir çykyş etmek bilen çäklenmän, emin agzalyk hem edýärler. Megerem, okyjylarymyz biziň bu jümlämizden söhbetdeşimiziň kimdigini aňan bolsalar gerek. Gazetimiziň bu sanynda Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. Gülälek biziň neslimiziň aktrisasy. — Gülälek, ýetip gelýän Täze ýylyňyz gutly bolsun! Bu baýramçylyk siziň üçin nämeleri alamatlandyrýar?

Halkyň söýen şahyry

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap, çagalar bagymyzda baýramçylyk çäresini geçirdik. Oňa terbiýeçiler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ene-atalar gatnaşdylar. Çärede körpeler akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryny labyzly okadylar, göçgünli tanslary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de olar daşary ýurt dillerindäki aýdymlary, türkmen halk ertekileri esasynda sahnalaşdyran gysgajyk oýunlary bilen çärä gatnaşyjylaryň göwünlerini awladylar. Baýramçylyk çykyşlarynda ajaýyp zamanamyz, bagtyýar çagalyk belentden wasp edildi.

Ýatlap Pyragynyň şygyrlaryny

Mekdebimizde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreleri öz içine alýan hepdelik geçirildi. Hepdeligiň dowamynda guralan göreldeli okuw sapaklarynda şahyryň döredijilik dünýäsiniň aýratynlygy beýan edildi. Şahyryň goşgularynyň çeper okaýyşlary has täsirli boldy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragy baradaky eserlerinden, şeýle hem şahyryň ömrüni we döredijiligini ylmy taýdan öwrenen alymlaryň kitaplaryndan giňişleýin peýdalanyldy. Hepdeligiň dowamynda zehinli okuwçylar şahyryň edebi mirasyna degişli ylmy maglumatlary toplamaga işjeň gatnaşdylar. Çäräniň jemleýji gününde mekdebiň çeper höwesjeňleri Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlar bilen çykyş etdiler.

Aşgabatdaky şowhunly çykyşlar

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň çäklerinde «Long Ýunun» söweş sungaty toparynyň ýerine ýetirmeginde Kung Fu boýunça çykyşlar görkezildi. Toparyň 12 agzasynyň ýerine ýetirmegindäki çykyşlarda söweş sungatynyň gadymy görnüşiniň düýp manysy balet, häzirki zaman tansy we dramanyň üsti bilen tomaşaçylara ýetirildi.

Gadymy Änewiň müdimi söhbetleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy we medeni gymmatlyklarymyz dünýä jemgyýetçiliginiň egsilmez hazynasy hökmünde ykrar edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy» diýen jümleleri dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklaryň ýokary depginli ösüşine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçen Samarkant sammitinde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi ylmy jemgyýetçilik tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet öýünde Türki dilli döwletleriň medeni paýtagtlarynyň göçme nyşanynyň ýurdumyza getirilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda 2024-nji ýylda Änewiň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasy, bu şäheriň şöhratly taryhy we şu güni barada buýsançly gürrüňler edildi.

Sungat ýaraşygy zehin

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti milli sungatyň kämilleşmegi üçin çäksiz mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanda ýaş zehinleriň döredijilik başarnyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilmegi, milli baýramçylyklar mynasybetli geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ýaşlaryň ýiti zehininden habar berýär. Men Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň halkara derejesinde geçirilýän sergilere, maslahatlara, baýramçylyk dabaralaryna özleriniň sungat eserleri bilen işjeň gatnaşandyklary baradaky täzelikler bilen bu sungat ojagynyň web saýtyndan tanyşýaryn. Ýakynda Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegini halkara derejede wagyz etmegiň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky ylymlar akademiýasynda geçirilen «Magtymguly Pyragy — dünýä edebiýatynyň görnükli şahyry» atly ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymy Myratmergen Kulyýew gatnaşdy. Şeýle hem ABŞ-nyň Waşington we Nýu-Meksiko ştatynyň Santa-Fe şäherlerinde guralan ýaş suratkeşler üçin tejribelik saparyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Zakirjan Babaýew we şekillendiriş sungaty fakultetiniň talyby Durdymuhammet Pirowow gatnaşyp, dünýä sungatynyň gazananlary bilen tanyş boldular. Bu bolsa ýaş zehinleriň ýüze çykmagy w

Gül meňizli aýdymçy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Bahar Annaýewa Arkadag şäherinde geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» telebäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Kerim şahyryň «Söýgi diýseň, Aman düşýär ýadyňa» diýşi ýaly, Bahar diýseň, «Sogrup janym alsalaram, men seni söýmän bilmedim» diýen şirin owazly aýdymy bilen kalplarda orun almagy başaran Bahar Annaýewanyň mähirli keşbi göz öňüňe gelýär. Biz hem ýylymyzdan serpaýly bu asylly türkmen gyzy bilen söhbetdeş bolmagy makul gördük.

Tebigaty söýmek — Watany söýmek

15-nji dekabrda Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde yglan eden «Tebigaty söýmek — Watany söýmek» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanan dabara geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän raýatlarymyz, ýazyjydyr şahyrlar, žurnalistler, talyp ýaşlar türkmen tebigatyny wasp edýän goşgularydyr hekaýalary bilen gatnaşdylar. Kyssa žanry boýunça bäsleşigiň baş baýragyna ýazyjy Ahmet Halmyradow, poeziýa boýunça Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy Çerkez Esenow mynasyp boldy. Bu halypalar bilen birlikde döredijilik bäsleşiginde I, II, III orunlara we höweslendiriji orna eýe bolan ýeňijilere Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz baş baýraga mynasyp bolan halypalara söz berýäris. * * *

Ezber sazanda

Suratda: Soltanmyrat Jygaýew maşgalasy Oguljahan we gyzy Abadan bilen (1971ý.). Milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan halypa sazandalaryň biri-de Soltanmyrat Jygaýewdir. Ol 1928-nji ýylda Aşgabat şäherinde dogulýar. Ene-atasyndan ir jyda düşensoň, ol atasy Jyga aganyň agasy, meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň maşgalasynda terbiýelenýär. Mylly aganyň çalýan sazlary, onuň ussat bagşy-sazandalar barada beren gyzykly gürrüňleri ýaş oglanyň göwnüni galkyndyrýar. Ol geljekde gazma dutara erk etmegiň arzuwy bilen ýaşaýar.