Aşgabatdaky şowhunly çykyşlar

22 Dekabr 2023
533

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň çäklerinde «Long Ýunun» söweş sungaty toparynyň ýerine ýetirmeginde Kung Fu boýunça çykyşlar görkezildi.

Toparyň 12 agzasynyň ýerine ýetirmegindäki çykyşlarda söweş sungatynyň gadymy görnüşiniň düýp manysy balet, häzirki zaman tansy we dramanyň üsti bilen tomaşaçylara ýetirildi.

Merýem ŞYHYNÝAZOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby. Surata düşüren Hasan MAGADOW.