Baýram bazardan başlanýar

26 Dekabr 2023
481

Il içinde: «Baýram bazardan başlanýar» diýen bir ajaýyp aýtgy bar. Ildeşlerimiziň köpüsi bu aýtgyny her ýola eşidenlerinde, ilki bilen, indiki ýylyň bereketli geljekdigine ynamy döredýän Täze ýyl baýramçylygynyň bazarlarynyň göz öňünde janlanýandyklaryny aýdýarlar. Adaty günlerde hem göwnüň islän zadyny tapyp bolýan ýurdumyzyň söwda-dynç alyş merkezleriniň, dükanlarynyň, ak bazarlarynyň hem-de olaryň öňünde hatar guralan göçme söwda nokatlarynyň deňesinden Täze ýyl baýramçylygyna golaý günlerde geçeniňde olara müň keren mamla diýeniňi-de duýmarsyň. Baýramçylyk ruhy kalbyňa dolansoň, olara sowulman, geçip-de bilmersiň. Baýramçylyk bezegleri, amatly, elýeterli bahalaryň göge galýan şatlykly söwda gowry özüne imrindirip durandyr. Bir ýanyndan giren badyňa hem bulduraşýan datly miwedir bakja hasyllarynda, olaryň gaplamalarynda, üwmeçlerinde, şire suwlarynda, täze we köp görnüşli çörek, balyk, et, süýt, konditer önümlerinde, biri-birinden ýakymly, göze gelüwli lybaslarynda, täze ýyl arçasynyň bezeg oýnawaçlarynda, hojalyk harytlarynda gözüňi gyrpman, kalbyňy galdyryp, ählisinden-de alasyň geler. Bakyşyňdan meýliňi aňýan satyjylar hoşamaýlyk bilen harytlaryny mazamlap başlarlar welin, asyl deňesinde nähili sägineniňi-de duýmarsyň. Şol pursat hem olaryň atlaryna, haryt nyşanlaryna we «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgylaryna nazaryň düşer. Kalbyňdaky begenç hem-de guwanç duýgulary ýüze ýakymly ýylgyryşy peşgeş eder. Sebäbi olaryň ählisinden döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny, telekeçilerimiziň ýokary hilli önüm öndürmekde, daýhanlarymyzyň bol hasyl almakda kämillik ýolundan barýandygyny görmek bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň telekeçilerine we oba hojalykçylaryna yzygiderli goldawlaryny berip, ata Watanymyzda azyk we haryt bolçulygyny döretdiler. Döwletimizi abadanlygyň, bagtyýarlygyň we bagtyň ojagyna öwürdiler. Her baýramy toý sowgady bilen garşylamak däbine eýerip, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary bilen birlikde önüm öndüriji kärhanadyr döwrebap söwda merkezleriň, ak bazarlaryň hem ençemesini gurdular we halkymyzyň hyzmatyna berdiler. Kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, daýhanlarymyzyň bol hasyl ýetişdirmegi üçin döredilýän giň şertler, ilki bilen, ýurdumyzyň raýatlarynyň aglabasyna iş orunlaryny döretdi. Ýokary hilli önümler diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarlaryna däl, eýsem, dünýä bazarlaryna hem ýetirilýär we olaryň sany ýylsaýyn artýar. Bu bolsa döwletimiziň ykdysady kuwwatyny görkezip, Ýer ýüzündäki ygtybarly hyzmatdaşlarynyň sanynyň köpelmegine esas bolýar.

Meýlis GARAJAÝEW,
«Türkmen dünýäsi».