Owazly dünýäniň bahary

25 Dekabr 2023
407

Ýurdumyzda her Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ýaş estrada aýdymçylaryň arasynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigi geçirmek asylly däbe öwrüldi. Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýaş aýdymçy Bahar Annaýewa «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň baş baýragyna, göçme kuboga mynasyp bolmagy başardy. Biz Bahary gazanan üstünligi bilen gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolanymyzda, bäsleşigiň ýeňijisi buýsanjyny şeýle beýan etdi.

— Şu ýyl maňa ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.

Söhbetdeş bolan Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
«Medeniýet we syýahat» žurnalynyň jogapkär kätibi.