Kämillikden gözbaş alan milli ýörelgeler

26 Dekabr 2023
218

Häzirki ajaýyp döwrümizde gadymdan gelýän milli ýörelgelerimize aýratyn üns berilýär. Şeýle ýörelgeleriň biri hem milli terbiýedir. Türkmen halky terbiýäni çagadan başlaýar. Şunda öwüt-ündew etmek, nesihat bermek, görelde görkezmek ýaly ugurlar maşgala ojagyndan gözbaş alýar. Şu nukdaýnazardan her birimiz mukaddes hasaplaýan maşgala dessurlary, nesil terbiýesi ýaly durmuş kadalarymyzda kämil durmuş ýaşaýşymyzyň ornunyň uludygyny nygtasymyz gelýär. Gözbaşyny kämillikden alyp gaýdýan durmuşymyz milli däplerimizi berk dowam edip, nesilleri terbiýelemekde örän berk hem kämil dowamlylygymyzy saklamaga borçlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesillere ylym, bilim öwretmekde, olarda ahlak sypatlaryny kemala getirmekde möhüm işler durmuşa geçirilýär. Geljegimiz bolan ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almaklary, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzy buýsandyrýar. Halkymyzda gadymy döwürlerden bäri terbiýeçilik işine möhüm ähmiýet berlipdir. Şunda ýaşuly nesilleriň öwütdir ündewleri ýaşlar üçin bahasyz baýlyk bolupdyr. Halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebi bolan “Kowusnama”, “Oguznama” ýaly eserlerinde “Görogly” şadessanynda hem beýan edilýän öwüt-ündewler nesil terbiýesinde giňden ulanylypdyr.