Sungat ýaraşygy zehin

21 Dekabr 2023
519

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti milli sungatyň kämilleşmegi üçin çäksiz mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanda ýaş zehinleriň döredijilik başarnyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilmegi, milli baýramçylyklar mynasybetli geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ýaşlaryň ýiti zehininden habar berýär. Men Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň halkara derejesinde geçirilýän sergilere, maslahatlara, baýramçylyk dabaralaryna özleriniň sungat eserleri bilen işjeň gatnaşandyklary baradaky täzelikler bilen bu sungat ojagynyň web saýtyndan tanyşýaryn.

Ýakynda Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegini halkara derejede wagyz etmegiň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky ylymlar akademiýasynda geçirilen «Magtymguly Pyragy — dünýä edebiýatynyň görnükli şahyry» atly ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymy Myratmergen Kulyýew gatnaşdy. Şeýle hem ABŞ-nyň Waşington we Nýu-Meksiko ştatynyň Santa-Fe şäherlerinde guralan ýaş suratkeşler üçin tejribelik saparyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Zakirjan Babaýew we şekillendiriş sungaty fakultetiniň talyby Durdymuhammet Pirowow gatnaşyp, dünýä sungatynyň gazananlary bilen tanyş boldular. Bu bolsa ýaş zehinleriň ýüze çykmagy we olaryň öz ugrundan döwrebap biliminiň artmagyna getirýär.

Sardor ALLABERGENOW,
Özbegistanyň Badiiý akademiýasynyň mugallymy, suratkeş.