Gadymy Änewiň müdimi söhbetleri

21 Dekabr 2023
704

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy we medeni gymmatlyklarymyz dünýä jemgyýetçiliginiň egsilmez hazynasy hökmünde ykrar edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy» diýen jümleleri dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklaryň ýokary depginli ösüşine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçen Samarkant sammitinde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi ylmy jemgyýetçilik tarapyndan giň goldawa eýe boldy.

Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet öýünde Türki dilli döwletleriň medeni paýtagtlarynyň göçme nyşanynyň ýurdumyza getirilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda 2024-nji ýylda Änewiň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasy, bu şäheriň şöhratly taryhy we şu güni barada buýsançly gürrüňler edildi.

Atabaý NAZAROW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.