Sungat ýürekleri birleşdirýär

26 Dekabr 2023
493

Eýranly türkmen aýdymçysy Emin Rasen paýtagtymyzda konsert berdi

Emin bilen söhbetdeşlikden ozal, onuň öňden özümde bar bolan aýdymlaryny bir ýola diňläp çykdym. Iş-alada bilen täzeliklerden bihabar bolaýmaýyn diýip, täze ýazan aýdymlaryny diňlemek üçin internete «girdim». Internet sahypalarynda, ilki bilen, onuň ezýaka köýnekli, ak telpekli düşen suratlary ünsüňi çekýär. Hut ýüzbe-ýüz duşuşanymyzda hem, ol bize şol ýadymyzda galan keşbinde sataşdy. Köp sanly sungat muşdaklarynyň söýgüsini gazanan eýranly türkmen aýdymçysy Emin Rasen bilen duşuşygymyza onuň ata Watany Türkmenistana ýörite konsert bermek üçin ilkinji gezek gelmegi gowy mümkinçilik döretdi. Meşhur aýdymçynyň 24-nji dekabrda paýtagtymyz Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli beren konserti örän uly şatlyk-şowhuna beslenip, watandaşlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Biz konsertiň öň ýanynda aýdymçy bilen söhbetdeş bolup, oňa sungat ýoly baradaky özümizi gyzyklandyrýan käbir sowallary berdik.

Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.