Ýatlap Pyragynyň şygyrlaryny

22 Dekabr 2023
482

Mekdebimizde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreleri öz içine alýan hepdelik geçirildi. Hepdeligiň dowamynda guralan göreldeli okuw sapaklarynda şahyryň döredijilik dünýäsiniň aýratynlygy beýan edildi. Şahyryň goşgularynyň çeper okaýyşlary has täsirli boldy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragy baradaky eserlerinden, şeýle hem şahyryň ömrüni we döredijiligini ylmy taýdan öwrenen alymlaryň kitaplaryndan giňişleýin peýdalanyldy. Hepdeligiň dowamynda zehinli okuwçylar şahyryň edebi mirasyna degişli ylmy maglumatlary toplamaga işjeň gatnaşdylar. Çäräniň jemleýji gününde mekdebiň çeper höwesjeňleri Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlar bilen çykyş etdiler.

Aýjemal SOLTANOWA,
Çärjew etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň müdiriniň orunbasary.