Ezber sazanda

21 Dekabr 2023
477

Suratda: Soltanmyrat Jygaýew maşgalasy Oguljahan we gyzy Abadan bilen (1971ý.).

Milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan halypa sazandalaryň biri-de Soltanmyrat Jygaýewdir. Ol 1928-nji ýylda Aşgabat şäherinde dogulýar. Ene-atasyndan ir jyda düşensoň, ol atasy Jyga aganyň agasy, meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň maşgalasynda terbiýelenýär. Mylly aganyň çalýan sazlary, onuň ussat bagşy-sazandalar barada beren gyzykly gürrüňleri ýaş oglanyň göwnüni galkyndyrýar. Ol geljekde gazma dutara erk etmegiň arzuwy bilen ýaşaýar.

Gunça MUHAMMETBERDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.