Baý­ram­çy­lyk dabaralary

26 Dekabr 2023
606

Şu gün­ler ýur­du­myz toý-da­ba­ra­la­ry­na bes­len­ýär, il­deş­le­ri­miz Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­na ru­hu­be­le­net­lik bi­len bar­ýar­lar. Şo­nuň üçin hem ýur­du­myz­da goň­şy döw­let­le­riň est­ra­da ýyl­dyz­la­ry­nyň baý­ram­çy­lyk şü­we­le­ňi ge­çi­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da­ky Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­myn­daky şüweleň da­şa­ry ýurt­ly sun­gat us­sat­la­ry örän gys­ga wagt­da on mil­lion­lar­ça yn­san­la­ryň sö­ýüp diň­le­ýän est­ra­da ýyl­dyz­la­ry­na öw­rü­len tür­ki­ýe­li aý­dym­çy­lar Bu­rak Bu­lu­dyň we Kur­tu­luş Ku­şuň kon­ser­ti bi­len has-da tä­sir­li bol­dy. Di­ňe bir Tür­ki­ýe­de däl, eý­sem, bü­tin dün­ýä­de, il­deş­le­ri­mi­ziň ara­syn­da hem meş­hur­lyk ga­za­nan ýaş aý­dym­çy­lar türk­me­nis­tan­ly muş­dak­la­ry­ny yn­san öm­rü­niň ju­wan­lyk ýyl­la­ry­nyň duý­gy-dü­şün­je­le­ri­ni be­ýan ed­ýän aý­dym­la­ry bi­len be­gen­dir­di­ler.

Sun­gat­da­ky dö­re­di­ji­lik ýol­la­ry­ny bi­rik­di­ren­le­ri­ne köp wagt geç­me­dik Bu­rak Bu­lu­dyň we Kur­tu­luş Ku­şuň bi­le­lik­dä­ki kö­pö­wüş­gin­li aý­dym­la­ry meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Ola­ryň dur­muş te­ma­syn­da­ky öz­bo­luş­ly duý­gy-dü­şün­je­le­re gap­la­nan aý­dym­la­ry ýaş­lar bi­len bir ha­tar­da, uly ýaş­ly­la­ryň-da ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Bi­ri-bi­ri­ne sep­leş­ýän du­et gör­nü­şin­dä­ki aý­dym­lar to­ma­şa­çy­la­ry haý­ra­na goý­ýar. Uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lan aý­dym­çy ýi­git­ler Tä­ze ýy­lyň bo­sa­ga­syn­da türk­me­nis­tan­ly muş­dak­la­ry­na iň tä­ze hem joş­gun­ly aý­dym­lar­dan taý­ýar­lan çe­me­ni­ni sow­gat et­di­ler.

«Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti».