Halkyň söýen şahyry

22 Dekabr 2023
640

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap, çagalar bagymyzda baýramçylyk çäresini geçirdik. Oňa terbiýeçiler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ene-atalar gatnaşdylar. Çärede körpeler akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryny labyzly okadylar, göçgünli tanslary ýerine ýetirdiler.

Şeýle-de olar daşary ýurt dillerindäki aýdymlary, türkmen halk ertekileri esasynda sahnalaşdyran gysgajyk oýunlary bilen çärä gatnaşyjylaryň göwünlerini awladylar. Baýramçylyk çykyşlarynda ajaýyp zamanamyz, bagtyýar çagalyk belentden wasp edildi.

Saýýara HOJAMKULIÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 28-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.