Monjugatdylar – türkmen gelin-gyzlarynyň şahyrana dünýäsi

25 Dekabr 2023
152

Halk döredijiliginiň ynsan kalbyny joşdurýan, terbiýeçilik ähmiýetli, milli ruhly şahyrana dünýäsi jemgyýetçilik durmuşynyň dürli pursatlary, türkmeniň çeper döredijiligi, taryhy, milli ýörelgesi, däbi we dessury barada gymmatly maglumatlara baýdyr. Şolaryň arasynda monjugatdy oýny hem möhüm orun eýeleýär. Monjugatdylar gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýar. Ýaşaýşyň haýsy döwründe, haçan dörändigi anyk bolmasa-da olaryň mazmuny ýaşlaryň arzuw-islegi, durmuşy, ýaşaýan döwrüniň dürli meseleleri bilen baglydyr. Monjugatdylar gelin-gyzlaryň öz bagtlaryny synamak üçin oýnaýan sanawaçly oýny bolupdyr. Oňa köpçülik bolnup gatnaşylýar. Monjugatdylary aýtmak, oýnamak bilen gelin-gyzlar öz ykbalyny aňşyrmak isläpdir.

Ýaşlyk ynsanyň iň joşgunly döwri. Bu döwürde ýaşlarda bilesigelijilik islegi güýçli ýüze çykýar. Monjugatdy bentleriniň üsti bilen ýaş gyzlar durmuşda nähili oglana duşjakdyklaryny bilmäge synanyşypdyrlar. Özleriniň arzuw-isleglerini şol bentlerden gözläpdirler. Monjugatdy oýnunda her kime tötänleýin dürli mazmundaky monjugatdy bendi düşýär. Monjugatdy oýnuny oýnaýan gelin-gyzlar bolsa, kime haýsy monjugatdy bendi düşse şol bent şonuň adyndan aýdylan diýip hasap edýärler. Bu oýnuň gyzgalaňyny has hem artdyrýar. Çünki, monjugatdy bentleriniň arasynda dürli mazmundaky bentler bolup, kimiň maňlaýyndan nähili bendiň çykjagy belli bolmaýar. Monjugatdylaryň dili örän sada we çeper. Bentlerde setirleriň sazlaşygy, many-mazmun çuňlugy saklanylýar. Olar düzülişi taýdan lälelere meňzeş. Bentler rubagy formasynda düzülýär. Bogun jähtinde-de monjugatdylar läleler ýaly ýedi, ýek-ýarymy sekiz bogundan ybarat bolýar.