2024-nji ýyl: medeni baýramçylyklar, ylmy öňegidişlikler

22 Dekabr 2023
764

Her ýylyň möhüm wakalary taryhyň sahypalaryna ýazylyp, geljekki nesiller üçin miras galýar. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösmegi diňe bir geçmişi ýatlaman, eýsem, geljege nazar aýlamaga-da mümkinçilik berýär. 2024-nji ýylda garaşylýan wakalar bilen tanşanyňda, onuň taryha medeniýetiň, sungatyň we ylmy ösüşleriň ýyly hökmünde ýazyljakdygyna ynamyň artýar.

Geljek ýyl eziz Diýarymyzda beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaralandyrylýan bolsa, Russiýada dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan tanymal ýazyjy Maksim Gorkiniň 150 ýyllyk ýubileýi belleniler. Şeýle hem 2024-nji ýylda bütin dünýäde sungatyň dürli ugurlary boýunça festiwallaryň we bäsleşikleriň guralmagyna, taryhy şahsyýetleriň ýubileýleriniň bellenilip geçilmegine garaşylýar.

Aýsoltan SAHATOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili kafedrasynyň uly mugallymy.