Tebigaty söýmek — Watany söýmek

21 Dekabr 2023
586

15-nji dekabrda Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde yglan eden «Tebigaty söýmek — Watany söýmek» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanan dabara geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän raýatlarymyz, ýazyjydyr şahyrlar, žurnalistler, talyp ýaşlar türkmen tebigatyny wasp edýän goşgularydyr hekaýalary bilen gatnaşdylar. Kyssa žanry boýunça bäsleşigiň baş baýragyna ýazyjy Ahmet Halmyradow, poeziýa boýunça Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy Çerkez Esenow mynasyp boldy. Bu halypalar bilen birlikde döredijilik bäsleşiginde I, II, III orunlara we höweslendiriji orna eýe bolan ýeňijilere Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz baş baýraga mynasyp bolan halypalara söz berýäris.

* * *