Çyn-maçyndan myhman geldi

22 Dekabr 2023
426

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň çäklerinde «Long Ýunun» söweş sungaty toparynyň ýerine ýetirmeginde Kung Fu boýunça çykyşlar görkezildi. Toparyň ýerine ýetirmegindäki çykyşlarda söweş sungatynyň gadymy görnüşleri balet, häzirki zaman tansy we dramanyň üsti bilen tomaşaçylara ýetirildi. Çykyşlaryň maksady tomaşaçylara «Kung Fu» söweşiniň diňe bir özüňi goramagyň usuly bolman, eýsem, özboluşly sungatdygyny hem görkezmekden ybarat boldy.

Myhmanlar ýurdumyzda ilkinji gezek bolýandygyny aýdyp, gözel paýtagtymyzyň özlerinde üýtgeşik täsir galdyrandygyny gürrüň berdiler. Saparyň çäklerinde olar Türkmenistanyň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, gadymy Nusaý galasyna baryp görüpdirler.

«Watan».