"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Tebigy zehin

Pälwan Ýeňişow — heýkel ýasamagyň ýaşajyk ussady Ýurdumyzyň bilim ulgamy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda barha kämilleşýär. Bu ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ilkinji 12-nji synpy okaýan okuwçylarymyz ak mekdepleriň bagtyýar gujagyna doldular. Ýurdumyzda milli bilim syýasaty ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar, zehinli ýaş nesilleri kemala getirýär. Ine, häzirki wagtda Babadaýhan etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň 12-nji synpynda okaýan Pälwan Ýeňişow hem şol kemala gelýän zehinli ýaş nesilleriň biri.

Sungat älemindäki ýaşajyk ýyldyz

Aýdym-saz — sungatyň iň bir inçe, özboluşly görnüşleriniň biri. Saz ynsanyň ýüregini galkyndyrýar, ajaýyp işlere ruhlandyrýar. Ussat sazandalaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolanyňda, olaryň sungat älemine çagalygyndan başlandyklaryna göz ýetirmek bolýar. Hut şonuň üçin hem ýaşlygyndan saz sungaty bilen meşgullanýan ýaş nesillerimiziň kändigine diýseň buýsanýarsyň. Şeýle jigilerimiziň biri-de, zehinli sazanda — Aýnur Otuzowa. Ol Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 12-nji synpynda okaýar. Fortepiano ugry boýunça okaýan zehinli jigimiz heniz alty ýaşyndaka pianino çalmaga başlaýar. Aýnuruň ejesi sazanda bolansoň, gyzjagazyna kiçiliginden saz çalmagy öwredýär. «Fortepiano saz guralynda saz çalmaga bolan höwesim hem ejemiň maslahatlary esasynda döredi. Maşgalamyzda ejem we jigim Döwletmyrat sazanda. Jigim hem ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synpynda okaýar. Ejem meniň saz çalmaklyga, şeýle-de surat çekmeklige bolan höwesimi aňyp, «Geljekde kim bolasyň gelýär? Suratkeşmi ýa-da sazanda?» diýip sorady. Men «Sazanda» diýip jogap berdim. Şondan soň ejem meniň sazanda bolup ýetişmegim üçin kän yhlas etdi» diýip, Aýnur gürrüň berýär.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Eziz çagalar, «Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi» sahypamyzda sungata dahylly bolmak isleýän zehinli okuwçylarymyzyň çeken suratlaryny size hödürleýäris. Bu gezekki sanymyzda dürli reňkleriň üsti bilen täsin şekilleri döredip, gözel tebigatyň hem-de janly-jandarlaryň keşplerini çekmegi başaran zehinli suratkeş jigimiziň — Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň okuwçysy Hatyja Gurbanbaýewanyň işlerini synlamaga çagyrýarys. Bu ajaýyp suratlar siziň göwnüňizden turar diýip umyt edýäris.

Ýaş türgeniň üstünlikleri

Häzirki wagtda döwrümiziň gül-gunçalaryna deňelýän ýaş nesillerimiz sporta juda höwesli. Şeýle höwesli ýaş nesilleriň biri-de Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Medine Gaýlyýewadyr. Ol şäherdäki 1-nji sport mekdebinde hereket edýän karatedo boýunça gurnaga gatnap başlanynda ýaňy alty ýaşyny doldurypdy. Halypasy gara guşagyň 3-nji danynyň eýesi Nazmämmet Satlykgulyýewiň türgenleşiklerdäki her bir tabşyrygyny yhlas bilen ýerine ýetirmekdäki yhlasy netijesinde ýaşajyk türgeniň ukyp-başarnygy-da gün-günden artmak bilen bolýar. Sport mekdebine bile gatnaýan deň-duşlaryndan hemişe saýlanýan Medine 2022-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen Balkan welaýatynyň çempionatynda kümüş medal eýelemegi onuň üstünliklerine ýol açýar. Geçen ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda 1-nji orny eýelän Medinäniň kämillik basgançaklaryndan ynam bilen geçýändiginiň, onuň tutanýerli, yhlasly hem erjeldiginiň aýdyň subutnamasy bolýar. 2023-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen Aşgabat şäheriniň açyk çempionatynda 2-nji orna mynasyp bolan balkanabatly türgen sentýabr aýynda guralan Balkan welaýatynyň çempionatynda ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, altyn medal gazanýar. Geçen ýylyň noýabr aýynda hem Türkmenistanyň çempiony bolmagy bolsa Medine Gaýlyýewanyň yzygiderli türgenleşikleriniň ýerine düşýändigini görkezýär.

Doganlar kämillik ýolunda

Ýurdumyzyň sport abraýynyň belende galmagyna, onuň şöhrat-şanynyň dünýä ýüzüne ýaýylmagyna özleriniň mynasyp goşandyny goşýan ýaş türgenlerimiziň sany barha artýar. Şeýle türgenleriň hatarynda Kerki etrabyndaky ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň okuwçylary, doganlar Mergen we Amangylyç Hudaýnazarowlaryň atlary-da bar. Doganlaryň ikisi-de mekdebe gatnap başlan günlerinden bäri, Kerki etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde sportuň adaty karate, taýboks we uşu görnüşleri boýunça ussat tälimçi Anwarjan Kurbanowyň elinde tälim alýarlar. Öňem ýurdumyzda birnäçe türgenleriň kämilleşmeklerine uly itergi beren tälimçi doganlaryň erjelligine ýokary baha berip, olaryň geljegine uly ynam bildirýär.   Geçen ýyl taýboks boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda 2005 — 2007-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda kümüş medaly eýelän Mergen ýene-de has beýik ýeňişlere ruhlandy. Ol şondan soň bu üstünligini welaýatlaryň açyk çempionatlarynda hem birnäçe gezek gaýtalady. Geçen ýyl bolsa ol karatedo boýunça geçirilen Lebap welaýatynyň çempionatynda we taýboks boýunça Lebap welaýatynyň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşlarda öz deň-duşlarynyň arasynda iň ýokary netijeleri görkezmegi başardy.

Dünýä dillerini haýsy ýaşda öwrenmeli?

Biz haýsy ýaşda daşary ýurt dillerindäki sözleri beýnimize çalt kabul edip bilýäris? Dilleri öwrenmegiň ýaş aýratynlygy barmy? Islendik ýaşda dil öwrenmek mümkinmi? Bu soraglara jogap gözlemek maksady bilen, ýakynda alymlar tarapyndan ýörite ylmy barlaglar geçirilipdir. Barlagyň netijeleri dünýä belli neşirleriň biri bolan «The Journal of Neuroscience» žurnalynda çap edilipdir. Amerikan we britan neýrofiziologlaryň geçiren barlaglary esasynda dil öwrenilende beýniniň çalt kabul edip bilýän ýaş aýratynlygy kesgitlenilipdir. Islendik ýaşda hem dil öwrenmek mümkin. Emma bu babatda has amatly ýaş aýratynlygy hökmünde alymlaryň barlaglary iki ýaşdan dört ýaş aralygyny görkezýär. Alymlar bu döwürde çagalaryň beýnisiniň ösüp, kämilleşip ugraýandygyny, bilesigelijilik höwesini göz öňüne tutmak bilen olaryň gündelik öwrenen sözlerini çalt kabul edip, beýnisinde tiz özleşdirýändiklerini belleýärler. Alymlaryň ýene-de bir geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, 5-6 ýaşlaryndaky çagalaryň köp zatlary özleşdirip başarýandygy 70 göterim bilimi şol döwürde alýandygy anyklanyldy. Şonuň üçin hem çagalara bu döwürde berlen bilim edil daşa ýazylan ýaly olaryň bilim binýadynyň berkden bolmagyna kömek edýär.

«Ikinji Eýnşteýn» ýa-da 12 ýaşly «geniý»

Şu günler dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Suborno Isaak Bari hakyndaky maglumatlar okyjylar tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýar. 12 ýaşly oglanjyk şu ýyl Malwern şäherindäki orta mekdebi iň ýaş uçurym bolup tamamlady. Ol mekdebiň gutardyş synagynda berlen matematik hasaplamalaryň we IQ testleriň mümkin bolan 100 utugyndan 98-sini gazanmagy başardy. Suborno Isaak Bari 14 ýaşyny dolduryp, ýokary okuw mekdebine girmegi meýilleşdirýär, häzirden synaglara taýýarlanýar. ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatyna degişli mekdepde asly bangladeşli bolan zehinli oglanjyk ähli synplary doly okap, orta bilim hakyndaky şahadatnamany aldy. Ýöne ol munuň üçin her ýylyň soňundaky synpdan-synpa geçiş synaglaryny tabşyrmaly boldy. Adatdan daşary zehinli oglanjyk matematikany we tebigy ylymlary özleşdirip, indi ýokary bilim almak isleýändigini aýdýar. Aslynda, Suborno Isaak Bari 2 ýaşyndaka Mendeleýewiň düzen himiki elementleriniň jedwelini ýatdan bilipdir. Eýýäm 7 ýaşynda kollejleriň umumy sapaklaryna gatnaşyp, şol ýerde geçilýän sapaklara düşünipdir, özleşdiripdir. Matematikany, fizikany we tebigy ylymlary juda gowy bilýändigi üçin bolsa, oňa «ikinji Eýnşteýn» ýa-da ýaş «geniý» (wunderking) diýýärler.

«Çagalar dünýäsi» täsin monumental-haşam heýkelleri özünde jemleýär

Bagtyýar zamanamyzda ýaşaýan bagtly çagalaryň wagtlaryny gyzykly, şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýaş nesiller üçin köpsanly medeni we dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Ine, şeýle merkezleriň biri-de paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň XX ýyllygynyň öňüsyrasynda açylan «Çagalar dünýäsi» söwda-dynç alyş merkezidir. Öz binagärlik gurluşy taýdan bu desga golaýynda ýerleşýän Türkmen döwlet gurjak teatrynyň binasyna çalym edýär. «Çagalar dünýäsiniň» amatly ýerde ýerleşmegi Watanymyzyň geljegi bolan bagtly çagalar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. «Çagalar dünýäsi» gözbaşyny geçmişden alyp gaýdýan milli hem döwrebap äheňleri özünde jemleýän häzirki zaman binagärligiň nusgasydyr. Hususan-da, binanyň daşky bezegi ünsüňi özüne çekýär. Onuň daş-töwereginde köpsanly tanymal türkmen heýkeltaraşlary tarapyndan ençeme sungat eserleri oturdylypdyr. Binanyň öňünde oturdylan «Japbaklar» atly özboluşly heýkel eseriniň awtory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, halypa suratkeş Aşyrmuhammet Kulyýewdir. Ol şadyýan Japbaklaryň keşbini diýseň jaýdar görkezmegi başarypdyr. Bürünçden ýasalan bu heýkel her bir ýaş nesli erjellige, tutanýerlilige, maksada okgunlyly

Şa gyzy nohut üstünde

Gans Hristian ANDERSEN,daniýaly ýazyjy. Bir şazada bar eken, onuň hem şa gyzyna, onda-da hakyky şa gyzyna öýlenesi gelýär ekeni. Ol özüne gelinlik gözläp, bütindünýäni gezip çykypdyr, emma tapmandyr. Şa gyzlary näçe diýseň köpmüş, ýöne olaryň hakyky şa gyzydygyny ýa-da däldigini şazada bilip bilmeýärmiş. Ine, onsoň ol şa gyzyna hernäçe öýlenesi gelse-de, öýlenip bilmändir, gaýga batyp, öýlerine gaýdypdyr.

Seniň hatyň owadanmy?

Size-de şeýle sowal berilýärmi?! «Seniň hatyň owadanmy?». Köplenç mekdepde hatlaryny owadan, gelşikli ýazýan synpdaşlaryma gözüm gidýärdi. Öz hatymyň hem owadan bolmagy üçin yhlasly çemeleşdim. Şeýlelikde, men «Owadan ýazuw» atly bäsleşige gatnaşyp, Hormat hatyna mynasyp boldum. Bu bäsleşige gatnaşmak hat-ýazuwymyň owadan bolmagyna mende uly höwes döretdi. Men enemlere baranymda, ýeňiji bolandygymy hem Hormat haty alandygymy aýtdym welin, enem maňa: «Berekella oglum, ýeňşiň dowamly bolsun!» diýdi. Men: «Ene, siziň hem hatyňyz owadanmy?» diýip soranymda, ol maňa: «Men saňa häzir Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan serime gelenleri ýazyp görkezeýin. Şonda sen meniň hatymyň nähilidigini görersiň» diýdi. Enem Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly goşgusyny ýazdy. Dogrudanam, enemiň haty diýseň owadan ekeni. Soňra enem maňa gadymy döwürlerde hatdatçylyk sungatynyň ösendigi barada gyzykly gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, şol döwürlerde patyşalaryň köşgünde hat-ýazuwdan başy çykýan ýörite hünärmenler bolup, olar goňşy döwletlere hat ugradanlarynda hatlary owadan ýazuwlar bilen ýazyp ugradýan ekenler. Bu hünärmenler hat-ýazuwyna ökde bolup, her gün diýen ýaly hatlarynyň owadan bolmagy üçin türgenleşipdirler. Enem maňa «Oglum, seniňem hatyň hemişe owadan bolsun! Hatyň owadan bolmagy seniň köňlüň hem ýüregiň owadanlygyndan habar berýär» diýdi. Enemiň gadymy hatdatçylyk sungaty barada

Durnalar hakda gyzykly maglumatlar

Durnalar dünýäniň uçup bilýän iň uly guşy hasaplanylýar. Olar Ýewropada, Aziýada, Demirgazyk Amerikada we Awstraliýada ýaşaýan guş maşgalalaryna degişli bir urugdyr. Durnalaryň boýunyň uzynlygy 70 santimetrden 100 santimetr aralygynda bolýar.

Lotos güli

Gerekli esbaplar: • Gaty kagyz,

«Güljagaz» tagamy

Gerekli önümler: • 400 gram hamyr,

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda) Allaberdi HAÝYDOW, «Gysgajyk hekaýalar». Eger heniz okap görmedik bolsaňyz, kitapdaky hekaýalaryň näderejede gysgadygy barada şeýle maglumat bermek isleýäris: kitapdaky hekaýalaryň sany onuň sahypalarynyň sanyndan kän. Has takygy, bary-ýogy 20 sahypalyk kitapdan 23 sany hekaýa okap bilersiňiz. Bu diýildigi, sapaklaryň arasyndaky arakesme-de hem birküç hekaýa dagy okap bilersiňiz diýdigimiz. Özi hem Allaberdi Haýydowyň hekaýalaryna bir mahsus aýratynlyk bar. Tebigat — olaryň baş temasy. Tebigat — ýazyjynyň ylham çeşmesi. Şonuň üçin hem bu çaklaňja kitap sizi tebigatyň gözel künjeklerine syýahata alyp gider. Bu syýahatda ukuçyl pyşdyla, adamlary aldaýan salgyma, gep gezdirýän tilkä, surat çekýän şagala, ýeserje gaza we başga-da köp janly-jandarlara gabat gelersiňiz. Olar baradaky hekaýalar gysgajyk bolsa-da, özüne çekiji. Kitap siziň okaýan mekdebiňiziň kitaphanasynda-da bardyr. Gysgajyk hekaýalar sizi uly dünýä bilen tanyşdyrar.

Jadyly taýaklyja oglan

Her birimiz haýsydyr bir islegimizi hasyl edýän jadyly taýajygyň ýa-da Aýazbabanyňky ýaly, hasamyzyň bolmagyny arzuw edendiris. Hawa, jadyly taýagymyzy galgadanymyzda, öý işlerimiz ýerine ýetirilse, kyn hasaplap ýören amallarymyz aňsat çözülse, gör, nähili gowy bolardy, hä?! Aslynda, arzuwlarymyzy hasyl edýän şeýle taýajyk barmyka?! Her gezek «Garri Potter» hakyndaky eserleri okanymda ýa-da ol baradaky filmlere tomaşa edenimde, «Şeýle jadyly taýajyk bar» diýesim gelip dur. Sebäbi filmdäki ähli arzuw-islegleri hasyl edýän şol jadyly taýajygyň bitirýän işleri her birimizi diýseň geň galdyrandyr. Iňlisi ýazyjysy Joan Roulingiň «Garri Potter» hakyndaky eseri esasynda surata düşürilen filmlere tomaşa eden bolsaňyz, ondaky jadygöý oglanjygyň täsin başdangeçirmeleri, gyzykly wakalar beýan edilýär. Onda köp kynçylyklary başdan geçirýän Garri Potter jadygöýlügiň dürli tilsimlerini öwrenip, täsin adamlar hem geň-enaýy wakalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu wakalar ýaş oglanjygy has-da kämilleşdirip, ol mekdebiň iň ökde jadygöýleriniň biri bolup ýetişýär. Onuň jadygöý bolmagyna kömek edýän zat — elindäki täsin taýajygy. Şol täsin taýajyk bolsa ýeňil bolmadyk kyn işleri aňsatlyk bilen çözüp, oglanjyga uly kömek edýär. Eýsem-de, söýgüli gahrymanymyza öwrülmegi başaran ol oglanjygyň taýajygynyň özümizde bolmagyny arzuw etmedigimiz barmyka?! Megerem, ýokdur. Ýöne durmuşda şeýle taýajyk bolmasa-d

Körpeler üçin ýumuşlar

Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen şu ýylyň 25-nji maýynda «Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu döwlet bilim resminamasynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan hem-de çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion tehnologiýalardan peýdalanmaga uly ähmiýet berler. Şu maksat bilen, innowasion tehnologiýalaryň saglygy goraýyş, taslama, gözleg-barlag, maglumat-kommunikasiýa, oýun, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen, okatmagyň ösdüriji, sungat ýaly ýokary netijeli usullaryny okuw işinde giňden peýdalanmak ýola goýlar» diýlip görkezilýär. Biz hem şundan ugur alyp, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen öwrediji oýunlaryň käbirlerini size hödürleýäris. Çagalar bagyna gatnaýan jigiňe okap ber, bileje goşgy-ýumuşlary, mysallary ýerine ýetir! Ol siziň ikiňiz üçin hem peýdaly. Onsoň sen-ä mekdepde bäşlik alarsyň, jigiňi-de okuwa taýýarlarsyň!

Oýlan, pikirlen!

Krossword

Sagdyn nesil — ýagty geljek

Mähriban çagalar, «Güneşiň» saglyk burçy» sahypasynda bu gezek size hoş habar bilen peýdaly maslahaty utgaşykly ýetirmegi makul bildik. Ol nähili diýýärsiňizmi? Aýtsam, çagalar, ol şeýle. Ýurdumyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Bu kärhana şu wagta çenli saglygy goraýyş ulgamynda peýdalanylýan lukmançylyk serişdelerini, pamyklary, agyz-burun örtüklerini, başgaplary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini... öndürýär. Bilýäňizmi näme, indi «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň 4 görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Olar şu aşakdaky görnüşlerdir:

Garaşsyzlyk — gözlerimiziň guwanjy, Şonuň bilen berkdir Watan daýanjy

Ine-de, toýlaryň seresi, baýramlaryň başy mukaddes Garaşsyzlyk toýumyz ýetip gelýär. Türkmen halky üçin iňňän gymmatly bolan bu bagt hakynda oýlandygyňça, onuň manysy has-da çuňlaşyp, güýjüniň gerimi öňküden-de giňeýär. Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň ýürek arzuwy bolan mukaddes Garaşsyzlygyň wysaly türkmeniň bagtyýar döwrüniň nesillerine nesip etdi. Onuň biziň ykbalymyza hut güýz paslynda miýesser etmeginiň özi-de diýseň täsindir. Güýz pasly — pasyllaryň içinde miweleriň ýetişýän, hasyla baý, şeýle-de özüniň agras keşbi, tämiz howasy bilen ähli ynsanda kämil pikirleri oýarýan pasyl. Belki-de, Garaşsyzlyk toýumyzyň güýz paslyna gabat gelmegi edermen pederlerimiziň Garaşsyzlyk hakyndaky arzuwlarynyň asyrlardan-asyrlara aşyp, kemsiz kemala gelmegi bilen berk baglydyr. Pikirlendigiňçe, mertebesi has-da belende galýan Garaşsyzlyk bagty, şeýdip, müň dürli many öwüşgini bilen ykbalymyzy Güneş kimin çoýup, älemgoşar deýin bezeýär. Garaşsyzlygyň mizemez hem gözel görnüşini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Dünýäde şeýle bir hakykat bar: ykbal asmanyndan parlak Gün bolup dogan Garaşsyzlyk türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açyp berdi, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan halal ruhy akabasynyň öňüni arçady» diýip, örän ajaýyp meňzetme bilen beýan edýär. Bu

Merjen dänelerimiz aýdym aýdanda...

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» diýlende, ata Watanymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini, ýetilen belent sepgitleri, bagtyýar çagalygy wasp edýän ýaşajyk aýdymçy oglan-gyzlarymyz göz öňüňde janlanýar. Ýurdumyzyň ertiri, geljegi ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnygyny, zehinini ýüze çykarmak, olary döredijilige höweslendirmek, sungat äleminde has-da kämilleşdirmek maksady bilen her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşige diňe bir jigilerimiz däl, eýsem, hemmeler uly gyzyklanma bilen garaşýar. Ine, 6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýokary derejede geçirilen bu bäsleşige Arkadag we Aşgabat şäherlerinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolmagy başaran mekdep okuwçylarynyň 21-si gatnaşdy. Türkmen milli lybaslarynda bezemen geýnüwli sahna çykan ýaşajyk aýdymçylarymyzyň biri şirin owazy bilen eziz Watanymyz Türkmenistanyň ösüşlerini, özgerişlerini taryplasa, ýene biri tebigatymyzyň ajaýyplygyny, gözelligini wasp etdi. Ýene biri bolsa bagtyýar çagalaryň bilimli-ylymly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin döredilýän mümkinçiliklere buýsanjyny aýdymyň üsti bilen diňleýjilere ýetirdi. Ýaňlanýan aýdymlara sazlaşykly ýerine ýetirilýän tanslarda hem bagtyýar çaga dünýäsi giňden açylyp görkezildi. Saýrak bilbilleriň her biriniň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyza, Ar