"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Dinozawr şekilindäki galam gutusy

Mähriban çagalar, okuw möwsümi başlady. Biz hem şu sanymyzda okuw esbaplarynyň biri bolan galam gutujygynyň ýasalyşyny öwretmekçi. Bu galam gutymyz dinozawrjygyň şekilinde bolar. Bu naşyja, gowuja dinozawrjyk. Ol ähliňiziň gowy görüp synlaýan «Gowy dinozawr» atly multfilmiňizdäki baş gahrymany ýadyňa salyp dur. Geliň, onda bilelikde galam gutujygyny ýasamaga başlalyň! Gerekli esbaplar:

Datly tagam

Mähriban çagalar, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ähliňiz uly güýç, hyjuw bilen ak mekdeplere gatnap başladyňyz. Okuwda geçilýän her bir sapagy doly özleşdirmegiňiz, sagdyn bolmagyňyz üçin wagtly-wagtynda iýip-içmegiňiz, oňat naharlanmagyňyz, esasan-da, ertirlik edinmegiňiz zerurdyr. Biz hem şu sanymyzda ertirlik saçagyňyzy bezejek ýene bir tagamy — gabakly çelpegi taýýarlamagy öwredýäris. Gerekli önümler:

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda) Guseýin Muhtarow. «Akbilek». Bildiňiz. Akbilek — güjüjegiň ady. Ol Bäşim atly oglanjygyňky. Bir gün Akbilek ýitýär. Bäşim ony daş-töwerekden gözleýär, ol bolsa bireýýäm tokaýa siňip gidýär. Ol ýerde-de tokaýyň şasy ýolbarsa gabat gelýär. Mundan soň näme bolýandygyny okap görüň. Juda gyzykly erteki-poema size güýzüň ilkinji aýynda ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlar.

«Gorkak batyr»

Tomus paslynyň tamamlanmagy bilen ol hakyndaky ýatlamalar hem gutaraýanok. Şeýle dälmi?! Tomsuň hezilligi, onda ýaşalan günleriň gyzyklylygy seni biygtyýar özüne çekýär. Ine, çölde goýun bakýan atasynyň ýanynda tomus günleriniň iň täsirli, ýatdan çykmajak pursatlaryny başdan geçiren oglanjyk baradaky çeper filme hemmäňiz tomaşa eden bolsaňyz gerek. Bu filmde tomsuň jöwzaly günlerinde gyzgyn çölüň içinde atasynyň ýanynda galan oglanjygyň başdan geçirýän täsin wakalary, gyzykly pursatlary beýan edilýär. Bu oglanjygyň ady — Çaman. Aslynda, onuň öz sözleri bilen aýtsak, oňa «Çaman serdar» hem diýýärler. Bilýäňizmi näme, Çamanyň ýerine ýetirýän filminiň ady — «Gorkak batyr». Bu filme tomaşa eden bolsaňyz, ondaky oglanjyk beýle bir gorkagam däl. Ol ilkibada suwly guýa girende, garaňkylykdan gorkup aglasa-da, çölde mallara möjek daranda, ýorgandan çykman otursa-da, soňabaka ol has-da dogumlanyp, atasynyň iň ýakyn kömekçisine öwrülýär. Gyzgyn çölüň içinde çopan goşunda ýeke özüň galmak, düýäň üstüne münüp, uzak menzilden suw alyp gelmek, otda gaýnap duran kündügi dökmän, ataňa çaý demläp bermek... bularyň ählisi birbada aňsadam däl. Ýöne biziň baş gahrymanymyz ol işleriň hötdesinden gelmegi başarýar. Heniz kiçijek bolsa-da, atasyna kömekleşip, çölüň täsin tebigaty, janly-jandarlary bilen dostlaşýar, çölde azaşman, öz çopan goşunyny tapyp bilýär. Filmde Çamanyň kiçijek güjügiň gulak-gu

Oýlan, pikirlen!

Krossword

Dişlerimizi sagdyn saklalyň!

Mähriban çagalar, siz öz dişleriňiziň hemişe sagdyn, berk hem akja bolmagyny isleýänsiňiz. Bu siziň öz eliňizde. Siziň ähliňiz dişleriňizi aýawly saklamagy, olara yzygiderli ideg etmegi gündelik kada öwürmeli. Munuň üçin ýönekeýje gigiýeniki düzgünler ýerine ýetirilmelidir. Şeýle edilende siziň dişleriňiz sagdyn, berk hem-de ap-akja bolar: — Dişleriňizi günde iki wagtyna hökman ýuwmaly. Munuň üçin irden ukudan oýananyňyzda iki minut hem-de agşam ýatmazdan ozal iki minut sarp etmek ýeterlikdir.

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Şu gün — 6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde yglan edilen zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiziň bäsleşige gatnaşyjylara iberen mähirli Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen bu bäsleşige Arkadag we Aşgabat şäherlerinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan mekdep okuwçylarymyzyň 21-si gatnaşdylar. Ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmak, olary döredijilige höweslendirmek maksady bilen her ýyl geçirilýän bu bäsleşikde çykyş eden ýaşajyk aýdymçylarymyz ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizi jebislige, beýik ösüşlere ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Dostlukly döwletde täze mekdep açyldy

Şu gün — 1-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon sanly ulgam arkaly taryhy çykyş etdiler we mekdebiň açylyşyna ak pata berdiler. Bu bolsa çäräni ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besledi. Döwlet Baştutanlarynyň çykyşlary bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň, ildeşlerimiziň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgularyny döredip, ynsanperwer gatnaşyklarymyzyň barha pugtalanýandygyny ýene bir ýola subut etdi. Dabaranyň çäklerinde täze mekdebe Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň 100-si we «Toyota Coaster» kysymly awtobus sowgat gowşuryldy. Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki güne çenli abyrsyz işleri durmuşa geçirdi, öz hasabyna ýurdumyzda howandarlyga mätäç näsag çagalara bejergi işlerini üstünlikli ýerine ýetirdi. Bu gün bolsa gazna öz hasabyna Täjigistanda açylan täze mekdebe «Bilimli» kompýuterleri we awtobusy sowgat hökmünde ib

«KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin!»

Hut şeýle at bilen halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Şu gün — 19-njy awgustda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda badalga alan «KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin!» atly birinji halkara sergi-ýarmarkasy hem ýurdumyzyň çagalary we olaryň ene-atalary üçin uly baýramçylyk sowgady boldy. Bu ýerde ilki bilen ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän ýokary hilli milli harytlary, şeýle-de dünýäniň dürli döwletleriniň çaga oýunjaklaryny we okuw esbaplaryny öndürmekde meşhurlyk gazanan kärhanalarynyň harytlary ünsüňi özüne çekýär. Dil öwrenmek üçin niýetlenilen dürli öwredijilik ähmiýetli oýunlaryň ençeme görnüşi bagtyýar çagalarymyza hödürlenildi. Çagalaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, gözýetimini çuňlaşdyrmak üçin uly ähmiýete eýe bolan oýunlar surat çekmegiň, sowal-jogap alyşmagyň üsti bilen ýerine ýetirilip, olaryň oýna işjeň gatnaşmagy gazanylýar. Bu sergi-ýarmarkasynda görkezilen oýun şüweleňleri ýaş nesillerimiz üçin diýseň täsirli boldy. Ýatdagalyjy, ajaýyp pursatlaryň şaýady bolan jigilerimiziň şadyýanlyga, bagtyýarlyga beslenýän pursatlaryny synlanyňda, ulularyň hem çagalyk dünýäsine dolanasy gelýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabyndan

Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. * * *

Gözel tebigat – ylhama ganat

Söz ussady Magtymguly Pyragynyň miras goýan umumadamzat ähmiýetli ruhy hazynasy wagt geçdigisaýy lagly-göwheriň barha görk açyşy ýaly, täze döwrümiziň medeniýetinde äleme şöhle saçýar. Bu ruhy gymmatlygy hemmetaraplaýyn öwrenip, dünýä ýaýmak häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýýan möhüm wezipesidir. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň çeper mirasynda tebigat hakyndaky şygyrlar aýratyn orny eýeleýär. Dogduk Diýara bolan belent söýgüden gelip çykýan ruhy lezzet şahyra ylham beriji çeşme bolupdyr. Şeýlelikde, şahyryň döwet galamynyň güýji bilen bu ugurda «Soňudagy», «Gürgeniň», «Hasar dagy», «Baglar, heý» ýaly birnäçe goşgular döräpdir. Alym Ahmet Bekmyradow «Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp hem täzeçillik gözlegleri» atly işinde türkmen halkynyň ilkinji gezek öz ýurdunyň keşbini, tebigat gözelligini Magtymgulynyň peýzažynda görendigini nygtap, bu ýagdaýyň şahyryň uly bir döredijilik hyzmatydygyny belleýär.

«Arkadag» ýyldyzynyň şuglasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ata Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki halkara at-abraýynyň, şan-şöhratynyň günsaýyn ýokarlanýan, dabaralanýan ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýyldyzlar tebigaty boýunça bize ýakyn bolan Güne meňzeşdir. Olar gyzgyn gazlardan durýan we öz-özlerinden ýagtylanýan uly göwrümdäki asman jisimlerdir. Ýyldyzlar Gündenem has uzakda ýerleşýändigi üçin olar teleskopda ýylpyldaýan nokatlar ýaly bolup görünýärler.

Ýaş nesil hakyndaky alada

Ýakynda edermen gallaçylarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli Gökdere jülgesindäki «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän hem-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Häzirki günlerde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol bagtyýar çagalaryň ruhy taýdan sagdyn ösmegine, bilim almagyna, saglyklaryny berkitmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna gönükdirilendir. Döwletimiz çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän mümkinçilikleri hemişe üns merkezinde saklap, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň özüni jemgyýetiň doly derejeli agzasy hökmünde duýmagy üçin ähli zerur şertleri döredýär.

«Bagtyýar nesilde» sapaly dynç alyş

Edil Akpamyjagyň kökejigi ýaly ulagymyzyň tigirleri tigirlene-tigirlene bizi ertekilerdäki ýaly bagy-bossanly, goýny salkyn saýaly, ýodalary gül-lälezarly, serhowuzly bir ajap jaýa — «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine «hä» diýmän ýetirdi. Bu döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi Daşoguz welaýatynyň merkezinden gaty bir uzakda bolmadyk, tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýär. Şol mahal Asman gümmeziniň gündogar erňeginden ýarmaşyp, Göge galyp ugran Güneşiň ýalbyrap dogmasy körpejeleriň gubarsyz ýylgyryşyny ýadymyza saldy. Lummurdap akýan Şabadyň tolkunlaryndaky şadyýanlyk, şähdaçyklyk «äheňleri» gulagymyza hoş owazly mukam bolup eşidildi. Şeýle goýny sapaly, howasy jana şypaly, şabrama derekli Şabat boýlarynda ýerleşýän bu gözel künjekde arly tomus bagtyýar nesiller sapaly dynç alýarlar.

Zehin uçgunjyklaryny kämilleşdirýän mekdep

Sungata aşyk bolmaýan ýokdur. Onda-da çeperçilik sungatyna. Suratkeşdir heýkeltaraşlar, keramikaçydyr nakgaşçylar ynsana ruhy lezzet, gözellik eçilýärler. Olar dünýäniň ajaýyplyklaryny we täsinliklerini inçelik bilen duýýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çeperçilik sungatyna höwesli ýaş nesillerini göreniňde, olaryň sungata bolan söýgüsine guwanýarsyň, şekile geçirýän işlerine buýsanýarsyň. Çeperçilik sungatyny ösdürmek we kämilleşdirmek babatynda ýurdumyzda uly mümkinçilikler we şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik işler durmuşa geçirilýär. Žurnalymyzyň döredijilik topary zehin uçgunlaryny kämilleşdirýän ojak bolan Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde myhmançylykda boldy. Onda biz bu mekdebiň alyp barýan işleri, geljekki meýilnamalary, mümkinçilikleridir aýratynlyklary bilen tanyşdyk. Bular dogrusynda bize Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory Öwezgeldi Ýagmyrow şeýle gürrüň berdi:

Goşgular çemeni

Göreldelik hakynda Bilseň, dost, Kerem atly,Bir oglanjyk bar eken.Akylly hem edepli,Her bir işde zor eken.

Gurjagyň gürrüňi

(Hekaýa) Köp kişiniň gurjak bolasy gelýär. Owadanja gyz görseler «gurjak ýaly» diýýärler. Ýöne biriniň elinde oýunjak bolmak ýaly erbet zat ýok. Men muny gurjak bolamsoň bilýän. Käte çagalar islän gününe salýarlar welin, meniň aglaberesim gelýär. Iň bärkisi, maňa näme geýdiresleri gelse geýdirýärler.

Pökgi

(Hekaýa) Amanjyk bu gün mekdepden öýlerine ýetmäge howlugýardy. Munuň hem sebäbi kakasy dükandan futbol oýnalýan pökgi getirmegi söz beripdi. Ol hemişe bile gaýdýan ýoldaşlaryna-da garaşman, haýdaşlap gelşine içinden dürli pikirleri edýärdi: «Kakam pökgi almaga meni hem alyp gidermikä? Şeýle bolsa, ol maňa garaşyp oturandyr. Ýa ol eýýäm pökgini getirip, öýde goýdumyka? Şeýle bolsa, ony jigilerimiň biri daşaryk alyp çykaýsa näme? Ulularyň biri depip, pökgimi ýaraýsa?». Amanyň gözleri tegelendi. Birdenem «Hi-iýh» edip, içini çekdi. «Birden pökgimi daşaryk alyp çykyp, ýitiräýseler näme? Men indi şunça wagtlap arzuw edip garaşan pökgimi görübem bilmerinmi?». Öz ýanyndan dürli pikirleriň içinde basga galyp barýan Aman birdenkä ylgaşlap ugrady.

Çaga kalbynyň owazy

Arkadag Bize täze şäher gurup berdiňiz,Ol «akylly» şäher, ady Arkadag.Biz ýaşlara gujagyňyz gerdiňiz,Aladaňyz üçin sagbol, Arkadag!