"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Bir günde iki kubok

Hakykatdan hem, şeýle boldy. Arkadag şäheriniň adybir futbol topary 23-nji dekabrda geçirilen final duşuşygynda «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. Şol gün duşuşygyň geçirilen ýerinde ― paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň çempionatynyň öňdebaryjylaryna hem kubokdyr medallar gowşuryldy. «Arkadag» topary milli çempionatymyzdaky çempionlygy üçin hem kubok bilen sylaglanyldy. Şeýlelikde, ýaňy bir iki ýaşyny dolduryp barýan topar 2024-nji ýylyň futbol möwsüminde gazanyp boljak üç kubogyň ikisine eýe boldy. Geljek ýylda bolsa şu möwsümiň jemleri boýunça Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk geçiriler.

Yhlasa — myrat

Asuda, abadan ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň öňde durýan möhüm wezipeleriniň biri-de, olaryň arasynda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek bolup durýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde ýakynda Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň guramagynda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda sportuň uşu görnüşi boýunça geçirilen açyk çempionatyny belläp geçmek bolar. Ýaryşyň netijesi boýunça TGM-niň Harby-deňiz institutynyň bedenterbiýe we sport kafedrasynyň mugallymy, uly leýtenant Sähetmyrat Ýagşymedowyň taýýarlan türgeni, deňizçi harby talyp Amanmyrat Gökow 60 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Ýeňiji bolan deňizçi harby talybymyza Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň adyndan Hormat haty we medal gowşuryldy.

Harby türgenleriň üstünligi

Ýakynda Mary şäherinde Türkmenistanyň Ýeňil atletika federasiýasynyň guramagynda 2024-nji ýylyň jemine bagyşlanyp, ýetginjekleriň we uly ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda uzak aralyga ylgamak boýunça Türkmenistanyň jemleýji bäsleşigi geçirildi. Oňa tälimçiler — podpolkownik Arslan Berdimämmedowyň we Maksatmyrat Ekberdiýewiň taýýarlaýan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçy türgenleri hem işjeň gatnaşyp, guwandyryjy netijeleri gazanmagy başardylar. Geçirilen bäsleşikde 8 müň metr aralyga ylgamak görnüşi boýunça harby talyp Ýazmuhammet Hudaýberdiýew baýrakly 2-nji, 10 müň metr aralyga ylgamak görnüşinde harby talyp Döwletgeldi Baýramow we borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Serdar Saparow degişlilikde 2-nji we 3-nji orna eýe bolmagy başardylar.

Ezber türgenler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly uly üstünliklere beslendi. Has takygy, ýaňy-ýakynda Hanmudo söweş federasiýasynyň guramagynda sportuň uniwersal söweş görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky we el söweş görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu çekeleşikli geçen bäsleşige TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Institutymyzyň harby talyplaryna, şol sanda ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Hormat hatlary, medallar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sport. Sport. Sport.

Küşt älemindäki şowly ädimler Hemmämize mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýaş nesilleriň sport bilen yzygiderli meşgullanyp, döwlet hem-de halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolmagy asylly däbe öwrüldi. Kiçilikden sportuň küşt görnüşi boýunça meşgullanýan, dürli ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanýan zehinli çagalaryň biri-de Anna Çaryýewadyr.

Sagdyn bedende — sagdyn ruh

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdepde geçen mekdep sport festiwalynyň çäginde sportuň woleýbol görnüşi, şeýle-de tanap çekmek boýunça ýaryşlar guraldy. Bu ýaryşlar mekdeplerden gelen toparlaryň arasyndan güýçlüleri öňe saýlady. Okuwçy ýaşlar keçe-keçe oýny boýunça hem başarjaňlygyny aýan etdiler. Mekdep sport festiwalynyň ýapylyş dabarasynda oňa has işjeň gatnaşan ruhubelent çagalara «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary gowşuryldy.

Çekeleşikli geçen ýaryş

Gökdepe etrabynyň sport mekdebinde etrapdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. Küşt boýunça ökde okuwçy oglan-gyzlary ýüze çykarmak, ýaşlaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Okuwçy ýaşlara akyl-paýhas oýny boýunça başarnygyny görkezmek üçin sport mekdebinde ähli şertlerdir mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa ýaryşyň guramaçylykly geçmegine oňyn täsirini ýetirdi. Ýaryşyň netijesinde etrapdaky 19-njy orta mekdebiň okuwçylary toparlaýyn birinji, 7-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 42-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orny eýelediler. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Sport birinjiligi geçirildi

Bäherden etrabynyň 350 orunlyk sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Gel, Täze ýyl, şatlyk paýlap ýaşlara!» ady bilen sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Etrapdaky orta mekdepleriň we sport mekdebiň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda geçen ýaryş çekeleşikli we gyzykly duşuşyklara diýseň baý boldy. Täze ýyl baýramçylygyny dabaralandyrmak, ýaşlary köpçülikleýin sporta giňden çekmek maksady bilen guralan ýaryşda etrabyň sport mekdebiniň topary birinji orny, 27-nji orta mekdebiniň okuwçylary ikinji orny, 28-nji orta mekdebiniň topary üçünji orny eýelediler. Ýeňijilere hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Mekdep sport festiwaly

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň ýyllyk iş meýilnamasynyň çäginde Gökdepe etrabyndaky 14-nji orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň arasynda mekdep sport festiwaly geçirildi. Etrap bilim bölümi bilen bilelikde guralan mekdep sport festiwaly diýseň täsirli geçdi. Okuwçy ýaşlar tanap çekmek, keçe-keçe oýunlary, woleýbol boýunça bäsleşdiler. Turuwbaşdan ruhubelentlik ýagdaýynda geçen ýaryşlar ýaşlaryň ukyp-ussatlyklaryny äşgär etdi. Onda mekdeplerden gelen toparlaryň arasynda ökdeler öňe saýlady. Mekdep sport festiwalynda has şowly çykyş eden toparlar hormat hatlary bilen sylaglandy.

Küştçülerimiz ― milli birinjiligiň ýeňijileri

Welaýatymyzyň küştçüleri 16 ― 22-nji dekabrda geçirilen 7 ― 17 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň milli birinjiliginde toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler. Ýaryş ýaş derejeleriniň altysy boýunça geçirildi. Milli birinjilige lebaply küştçülerden başga-da, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň hem-de ilkinji gezek «Küşt älemi» akademiýasynyň türgenleri gatnaşdylar. Mümkin bolan 108 medal üçin 350-den gowrak küştçi ýaryşdy. Şunda medallaryň agramly bölegine ― 67-sine welaýatymyzyň küştçüleriniň mynasyp bolandygy bellenilmäge mynasypdyr. Şol medallaryň 27-si bolsa altyn medaldyr.

Basketbol barada gyzykly maglumatlar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bas­ket­bol oý­ny 1891-nji ýyl­da oý­la­nyp ta­py­lan spor­tuň bir gör­nü­şi­dir. «Bas­ket­bol» sö­zi iň­lis di­lin­de «bas­ket» — se­bet, «ball» — top diý­me­gi aň­la­dyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu oýun Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da spor­tuň iň meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. 1891-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Mas­sa­çu­sets şta­ty­nyň Spring­fild şä­he­rin­dä­ki tür­gen­le­şik mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my, ka­na­da­ly Jeýms Neýs­mit bas­ket­bol oý­nu­ny oý­lap ta­pyp, ony şeý­le hä­si­ýet­len­dir­ýär: «Bas­ket­bo­ly oý­na­mak aň­sat, ýö­ne oňat oý­na­mak kyn». 1911-nji ýyl­da Spring­fild kol­le­ji Jeýms Neýs­mi­tiň bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin oňa «Be­den­ter­bi­ýä­niň us­sa­dy» di­ýen hor­mat­ly de­re­jä­ni ber­ýär. 1968-nji ýyl­da bol­sa kol­lej­de «Bas­ket­bo­lyň şöh­ra­ty» at­ly Jeýms Neýs­mit mu­ze­ýi açyl­ýar.

Pälwan

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ýur­du­myz­da spor­tuň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Sport­da mil­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan türk­men mil­li gö­re­şi bu gün­ki gün bü­tin dün­ýä ýü­zün­de da­ba­ra­lan­ýar. Türk­men mil­li gö­re­şi­miz ga­dym­dan gel­ýän ata-ba­ba­la­ry­my­zyň zäh­me­tin­den, çuň­ňur ze­hi­nin­den ke­mal ta­pan sport gör­nü­şi­dir. Mil­li gö­re­şi­miz toý-baý­ram­lar­da toý­la­rymy­zyň be­ze­gi ha­sap­lan­ýar. Emma hä­zir­ki wagt­da türk­men mil­li gö­re­şi spor­tuň dün­ýä are­na­syn­da my­na­syp orun eýe­le­ýär. Ola­ra sport­da pä­lwan däl-de tür­gen diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Gö­reş tut­ýan päl­wan­lar do­gum­ly, iri süňk­li, giň döş­li, bi­le­gi güýç­li bol­ýar­lar. Bu­la­ryň şeý­le bol­ma­gy­na sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry päl­wan­la­ry gaý­rat­ly ed­ýär.

Futbol oýnunyň adalgalary

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Maglumata bolan zerurlyk adamynyň sosial ýagdaýyna, ýaşaýyş şertlerine, edýän işine köp derejede bagly bolýar. Zerurlyk esasynda bolsa, habara bolan gyzyklanma döreýär. Adam durmuşdaky ornuny tapmak hem-de anyk meseleleri çözmek üçin nähili maglumatlaryň gerekdigini bilýär hem-de şol maglumatlary almaga çalyşýar. Käwagtlarda bolsa ideýalary, dünýägaraýyşlary, syýasy we ahlak gymmatlyklary auditoriýa metbugat serişdeleri, teleradioýaýlymlary arkaly düşündirmeli bolýar. Dürli görnüşdäki köpçülikleýin teleradio ýaýlymlary özara birleşip bir, umumy wezipäni ýerine ýetirýärler. Bu öz kanunlary we öz gatnaşyklary boýunça ýaşaýar. Dürli görnüşli habar berş serişdelerini bir umumylyga, olaryň ählisini birmeňzeş usullary ulanýandygy birleşdirýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim pudagny ösdürmekde alyp barýan dünýä nusgalyk işleri ýurdumyzda tehnologiýalaryň, şol sanda žurnalistikanyň-da ösmegine, hem-de ondaky ulanylýan adalgalaryň-da köpelmegine getirýär.Ýurdumyzyň sport ulgamynda hem alnyp barylýan döwrebap özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär. Garaşsyz Diýarymyzda geçirilýän dürli derejedäki sport ýaryşlary bolsa bu ugurdan köp sanly sözleriň türkmen diline berk ornaşan, seýrek ulanylýan, şeýle hem entek ornaşyp ýetişmedik käbir adalgalaryň manysyna düşünmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Şu nukdaýnazar

Los-Anjeles 2028

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Los-An­je­les 2028 Olim­pi­ýa Oýun­la­ry, 1932-nji we 1984-nji ýyl­lar­dan soň, şä­he­riň 3-nji ge­zek bu dün­ýä äh­mi­ýet­li sport wa­ka­sy­ny ka­bul et­me­gi­ne se­bäp bol­dy. Bu oýun­lar, hem sport, hem-de jem­gy­ýet üçin mö­hüm tä­ze­lik­le­ri we ösü­şi ge­tir­jek­dir. Los An­je­les 2028 Olim­pia­da­sy, şä­he­riň inf­rast­ruk­tu­ra­sy, sport uky­by we dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­den gel­ýän tür­gen­ler üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler dö­re­der.

Futbolda iň ýakymly ýatlama

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ýa­kyn­da sport te­le­ýaý­lym­la­ry­nyň bi­rin­de bir söh­bet­deş­li­ge ga­bat gel­dim. On­da «Bar­se­lo­na» fut­bol to­pa­ry­nyň öň­ki fut­bol­çy­sy Kris­ti­an Tel­lo sport žur­na­lis­ti­niň so­wal­la­ry­na jo­gap ber­ýär­di.

Sportdaky rekordlar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 200 met­re kebelekläp ýüz­mek­de dün­ýä re­kor­dy­ tä­ze­le­ndi

Fijital sportuň kanunçylyk esaslary

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sport ulgamyny kämilleşdirmek, ylma we innowasiýalara daýanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, sportuň innowasion ugurly görnüşlerinden halkara tejribesini öwrenmek, sportuň täze görnüşlerini ornaşdyrmak barada uly işler amala aşyrylýar.

Türkmeniň kalbynda orun alan milli göreş

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Pälwançylyk, göreş tutmaklyk türkmen halkynyň durmuşynda asyrlarboýy ähmiýetli orny eýeläp, ol sungat derejesine ýetirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sportuň göreş görnüşleriniň, esasan hem, türkmen milli göreşiniň ösmegi, giň gerimde ýaýbaňlanmagy üçin döwletimizde ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgäniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sportuň göreş görnüşleri boýunça dünýä, yklym, sebit derejelerindäki iri ýaryşlary geçirmek hukugyna birnäçe gezek biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mynasyp görülmegi bolsa pederlerimizden dowamat-dowam bolup gelýän türkmen milli pälwançylyk ýolunyň halkara derejede ykrar edilmesidir. Ata-babalarymyz tarapyndan sungat derejesine ýetirilen türkmen göreşi barada toplan aşakdaky maglumatlarymyz hem onuň dünýäde meşhur bolýan häzirki günlerinde sizi biparh goýmaz diýip pikir edýäris.

Gyş pas­lyn­da spor­tuň haý­sy gör­nü­şi sag­ly­ga oňaý­ly tä­sir ed­ýär?

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Gyşda sportuň dürli görnüşleri saglyga we beden saglygyna oňaýly täsir edýär. Gyş möwsüminde sport bilen meşgullanmak, bedeniňi güýçlendirip, immun ulgamyny güýçlendirip we psihologik ýagdaýyňy gowulandyrmak üçin gowy mümkinçilikdir. Ýöne sportuň görnüşleriniň saglyga ýetirýän täsiri dürli-dürli bolýar.

Dünýäden ulurak ýewropadan kiçi

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Islendik ugurdan berilýän uly baýraklara üns berseňiz, diňe bir hünär başarnygy däl, eýsem şol hünär bilen baglylykdaky daş-töwerege edýän täsirine hem üns berilýändir. Bu adam şahsyýetiniň esasy orunda durýanlygyndan gelip çykýan ýagdaý bolsa gerek...