Basketbol barada gyzykly maglumatlar

1 gün öň
15

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024

Bas­ket­bol oý­ny 1891-nji ýyl­da oý­la­nyp ta­py­lan spor­tuň bir gör­nü­şi­dir. «Bas­ket­bol» sö­zi iň­lis di­lin­de «bas­ket» — se­bet, «ball» — top diý­me­gi aň­la­dyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu oýun Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da spor­tuň iň meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. 1891-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Mas­sa­çu­sets şta­ty­nyň Spring­fild şä­he­rin­dä­ki tür­gen­le­şik mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my, ka­na­da­ly Jeýms Neýs­mit bas­ket­bol oý­nu­ny oý­lap ta­pyp, ony şeý­le hä­si­ýet­len­dir­ýär: «Bas­ket­bo­ly oý­na­mak aň­sat, ýö­ne oňat oý­na­mak kyn». 1911-nji ýyl­da Spring­fild kol­le­ji Jeýms Neýs­mi­tiň bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin oňa «Be­den­ter­bi­ýä­niň us­sa­dy» di­ýen hor­mat­ly de­re­jä­ni ber­ýär. 1968-nji ýyl­da bol­sa kol­lej­de «Bas­ket­bo­lyň şöh­ra­ty» at­ly Jeýms Neýs­mit mu­ze­ýi açyl­ýar.

Nur­şat SÄ­HE­DO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.