Bäsleşigiň ýeňijileri

14 Dekabr 2024
162

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 12-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda geçirilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy boldy. Ol Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Bäsleşik işjeň häsiýete eýe bolup, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we şäherlerinden mekdep okuwçylarynyň ençemesi gatnaşdylar.

Bäsleşik üç ugur: düzme ýazmak, surat çekmek we maket ýasamak boýunça guralyp, ol ilki mekdep, etrap-şäher we welaýat derejelerinde geçirildi. Şol tapgyrlarda ýeňiji bolan işler döwlet tapgyryna hödürlenildi we olardan iň gowulary emin agzalary tarapyndan saýlanylyp alyndy. Netijede, her ugur boýunça I, II, III orunlary eýelän okuwçylar kesgitlenildi.