Onore de Balzak (1799 — 1850)

14 Dekabr 2024
144

Onore de Balzak fransuz halkynyň meşhur ýazyjysy hem-de dramaturgydyr. Ol 1799-njy ýylda Fransiýanyň Tur şäherinde, daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy ogluny aklawçy edip ýetişdirmekçi eken, şonuň üçin Balzak ilki Wandom kollejinde, soňra Parižiň hukuk mekdebinde bilim alýar. Emma Balzak eýýäm ýetginjek döwründe bütin ömrüni edebiýata bagyşlamak kararyna gelýär. Netijede, ol 1823-nji ýylda ilkinji eserini döredipdir. 1825 — 1828-nji ýyllarda neşirýat işi bilen meşgullanypdyr. Balzak günde 15 sagada golaý döredijilik bilen meşgullanypdyr, kofe içmegi-de halapdyr. 1830-njy ýylda neşir edilen «Gobsek» powesti onuň adyny Fransiýanyň iň öňdebaryjy ýazyjylarynyň hataryna goşýar. Balzagyň ondan soň döreden «Şagren derisi», «Gorio ata», «Ýewgeniýa Grande», «El üzülen arzuwlar», «Polkownik Şaber», «Sezar Birotto» we «Lui Lamber» eserleri eýýäm öz döwründe dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi.

Balzak ençeme powestdir roman ýazypdyr. Ol ähli eserlerini bir topluma düzüp, oňa «Adamzat komediýasy» diýip, umumy at goýýar, şonuň üçin eserleriniň ählisi belli bir derejede özara baglanyşýar, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Şeýle etmek bilen Balzak öz döwrüniň taryhyny hemmetaraplaýyn açyp görkezmek isläpdir. Zehinli ýazyjy 1845-nji ýylda «Hormat legiony» ordenine mynasyp bolýar.