"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Mäşirik

Mähriban çagalar, siz «mäşirik» diýen sözi eşidipmidiňiz? Mäşirigiň nämedigini bilesiňiz gelýärmi? Özüm-ä çaga wagtlarym bilmeýän zatlarymy ejemden, enemden soraýardym. 8-9 ýaşlarymdadym. Bir gün teleýaýlymda filme tomaşa edip otyrdym. «Keçpelek» kinofilminiň baş gahrymany Maralyň ejesiniň: «Maral jan ýag iýip, ýüpek geýer» diýip, iki ýana ik tigirläp oturyşyny görüp: — Eje, enem ik egrende başga hili egirýärdi-le, onuň ýaly edibem ýüp egirseň bolýarmy?— diýip sowal berdim. Ejem:

Bedene bilen awçy (Basnýa)

Depe, golda, dag içinde,Al öwüsýän bag içinde. Bir awçy aw eder eken,Her gün awa gider eken.

Saglygymyzy goralyň!

Ajap döwre saglyk gerek,Saglygymyzy goralyň biz!Başga zatlar tutmaz derek,Saglygymyzy goralyň biz! Lukman Hekimiň ýoludyr,Tämizligiň kadasydyr.Sport ömrüň miwesidir,Saglygymyzy goralyň biz!

Örtük dakynmak hökmandyr!

Dost, örtügiň hany? Jübimde.

Synag (Italýan tymsaly)

Bir ýurduň patyşasy wezirine baýramçylyk dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, oňa ýurduň ähli künjegine aýlanmagy we dost-ýarlaryny çagyrmagy tabşyrypdyr. Buýrugy eşiden wezir haýal etmän ýola düşüpdir. Ol patyşalygyň ähli köşkdür galalaryna aýlanyp, patyşanyň dostlaryny däl-de, duşmanlaryny çagyryp çykypdyr. Baýramçylyk güni ýetip gelende patyşa dostlaryny mübäreklemek üçin meýlise barypdyr. Görse, ähli duşmanlary üýşüpdirler. Olary gören patyşa gahar-gazapdan ýaňa sandyrapdyr. Ol weziri ýanyna çagyryp, munuň sebäbini sorapdyr. Paýhasly wezir bolsa: — Siziň dostlaryňyz ýylyň islendik wagtynda ýanyňyza gelip bilýärler we siz olary elmydama güler ýüz bilen garşy alýarsyňyz. Emma tötänden duşmanyňyz bilen gabatlaşanyňyzda bolsa, siziň ýüzüňizi gam-gussanyň we gahar-gazabyň gara bulutlary büreýär. Şonuň üçin hem baýramçylyk dabarasyna men siziň duşmanlaryňyzy çagyrdym. Goý, olar siziň güler ýüz bilen garşy alýandygyňyzy we özleri üçin ajaýyp toý meýlisiniň guralandygyny görüp, siziň dostuňyza öwrülsinler — diýip, jogap beripdir.

Zehin soraglary

Iki belgili san Oglanjyk iki belgili sany ýanaşyk goýup, dört belgili san görnüşinde ýazdy we yzyna-da 0-y goşdy. Emele gelen bäş belgili sandan ilkibaşdaky iki belgili sany aýyrdy. Netije 45 405-e deň boldy. Oglanjygyň ilkibaşda saýlan iki belgili sany näçedi?

Tapmaçalar

Belent daglarymyz,Saýýarys galkan.Syrly Köýtendag,Köpetdag, ... Ýaşajyk daýhan,Aşyr bilen Şir.Ýetişdirdiler,Kelem hem ...

Elektron neşirler — döwrebaplygyň nyşany

Gazet-žurnallar ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyndaky täzeliklerden habar berýär, okyjylary giň dünýäniň geň habarlary, göwnüňi galkyndyrýan goşgular, çuň mazmunly hekaýalar, oýlanmalar, jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalary bilen tanyşdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesiller ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryndan kämil baş çykarýarlar. Mähriban çagalar, bagtyýar döwrümiziň siz üçin döredip berýän täze mümkinçiliklerinden peýdalanyň! Žurnaly elektron görnüşde «turkmenmetbugat.gov.tm» we «metbugat.gov.tm» internet sahypalaryndan hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyndan okap bilersiňiz.

Hoş geldiň, Täze ýyl, biziň illere!

Mähriban çagalar! Biz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyndan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basdyk. Gahryman Arkadagymyz: «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» diýýär. Bu ýyl, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Her bir ýylymyzyň şygarynda biziň döwletimiziň halkara derejesinde ykrar edilen, adamzat gymmatlygy hökmünde kabul edilen belent ynsanperwerlik syýasatynyň çuň many-mazmuny jemlenýär. Bilşimiz ýaly, geçen ýylda ata Watanymyz Türkmenistan halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşlere eýe boldy. Geljegimiz bolan çagalar, siziň mynasyp bilim we terbiýe almagyňyz üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap çagalar baglarydyr ak mermere beslenen mekdepler gurlup ulanylmaga berilýär. Sazlaşykly ösýän baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde sanly ulgamy ösdürmekde iri taslamalardyr milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen şöhratlanýan ýyllar tutuş bir taryhy döwri kemala getirýär. Arka atan ýylymyz taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Halkara ähmiýetli sene bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda täze ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepler, çagalar baglary,

Arzuwly setirler

Gözel ŞAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Gahrymany: — Ýalkym saçýar dünýä tylla seçegiň,Asyr alkymynda ýagty geljegiň,Türkmenimden dörän dana Gerçegiň,Daşyn gurşap alan iller, aman bol!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijileri

Aşgabat şäheri 1. Döwletmyrat Maksadow — Aşgabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy.

Üns beriň, bäsleşik! düzgünnamasy

«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlygyň gazananlaryny, bagtyýar çagalygy we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bedew batly ösüşlerini wagyz etmek hem-de döredijilik ukyby bolan ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen yglan edilýän «Arkadagly eziz Diýar — Watanym, Garaşsyzlyk bilen bagta ýetenim» atly çeper döredijilik bäsleşiginiň Bu ýyl Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz Türkmenistanda beýik ösüşler gazanyldy. Gahryman Arkadagly Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky guwandyryjy ösüşlerini ýaş nesilleriň döredijilik eserleriniň üsti bilen açyp görkezmek we wagyz etmek, şeýle hem zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, «Arkadagly eziz Diýar —Watanym, Garaşsyzlyk bilen bagta ýetenim» atly çeper döredijilik bäsleşigini yglan edýäris. Oňa ýurdumyzyň ähli mekdeplerinden, islendik ýaşdaky çagalar hem ýetginjekler gatnaşyp bilerler. Bäsleşige hödürlenjek eserlerde şu ýylyň altyn güýzünde şanly 30 ýyllyk ýubileý baýramyny toýlajak Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, ajaýyp taryhy wakalary şöhlelendirilmeli. Olaryň çuň mazmunly we edebi-çeper žanrlaryň üsti bilen beýan edilmegi bä

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan hekaýat

Ýürekden işlemek hakyndaky hekaýatda dünýä meşhur türkmen alymy Abu Nasyr al Faraby barada söhbet açylýar. Alym köşkde iň hormatly adamlaryň biri bolandygy üçin, onuň isledigiçe bolçulykda ýaşamaga gurby ýetipdir. Ýöne ol gündeki iýjegine ýeter ýaly dört dirhem bilen gününi görüpdir. Dana kişi barja zadyny şähdaçyklyk bilen saçagynda goýar eken. Bir gezegem ol gaty çöregi çaýa ezip iýip otyrka, ýanyna tanyşlarynyň biri gelipdir. Ol: — Halypa, sen gaty çörek bilen oňňut etmeli adam dälsiň. Merwiň bazarynyň atly aşpezleri-de seniň diýen tagamyňy taýýarlap, öňüňde goýsalar, olaryň özlerinden göwünleri hoşal bolar. Sen welin, el ýaly çörek bilen oňňut edip otyrsyň. Şu bolşuňy men-ä oňlamaýaryn — diýipdir. Soňra onuň köşge baryp, wezirden özi üçin şert döretmegi soramalydygyny aýdypdyr. Alym ony sesini çykarman diňläp oturypdyr. Ahyrynam:

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyndan

Buýan Häsiýeti. Gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän täsin dermanlyk ösümligiň dünýäde, takmynan, 15, Türkmenistanda 4 görnüşi duş gelýär. Ösümlik il arasynda «süýji buýan» diýlip hem atlandyrylýar.

Bize baky bagtyýarlyk bagyş eden, sag boluň, mähriban Arkadagymyz!

Täze ýylyň öňüsyrasynda Aýazbaba bilen Garpamygyň ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerine aýlanyp, birinji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlaryny — kompýuterleri gowşurmagy begençli wakalaryň birine öwrüldi. Biz Täze ýylyň bosagasynda baýramçylyk sowgatlaryny alan körpeleriň ýürek buýsançlaryny, köňül owazlaryny siziň bilen paýlaşmagy makul bildik. Resulmuhammet HALLYÝEW,Aşgabat şäherindäki 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy:

Her pursatda şatlyk bar

Mähriban körpe! Seniň durmuşyňda şu günler täsin pursatlar bolup geçýärmi? Ýa-da ähli bolup geçýän wakalar bireýýam adatylyga öwrüldimi? Şu wagt adaty bolup görünýän bolmagy hem ahmal. Ýyllar geçer, deň-duşlaryň bilen bolan wakalary edil şu günki ýaly, jykyr-jykyr gülüp ýatlarsyň. Şu günüňi göresiň geler, çagalygyňy küýsärsiň. Bu hökman şeýle bolarmyka diýýän. Mende-hä şeýle! Kämahal şeýle pursatlar bolýar, üstünden näçe ýyl geçse-de, surat ýaly nazaryňdan aýdyň geçip dur. Edil düýn bolan ýaly, kalbyňa möhür bolup ýazylýar. Hatda eşiden käbir gürrüňleriňem çeper keşpde aňyňda orun alýar.

Ýer sürçekmi, ägä bol!

Gadyrly çagalar, gyş paslynda her bir adam saglygyny goramaklyga aýratyn ünsli bolmaly. Özümiziň we töweregimizdäkileriň saglygyny goramak maksady bilen, agyz-burun örtüklerini dakynmak, ellerimizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak, zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmak, köpçülik ýerinde howpsuz aralygy saklamak ýaly gaýragoýulmasyz talaplary yzygiderli we dogry berjaý etmeli. Gyş möwsüminde adamlaryň durmuşynda şikeslenme hadysalary hem duş gelýär. Muňa sebäp bolýan ýagdaýlar, esasan, ýeriň, ýollaryň doňup, sürçeklenmegi, typançak köwüşleriň geýilmegi, gündizleriň gysgalyp, günüň garaňky wagtynyň agdyklyk etmegidir. Şikeslenme hadysalarynyň arasynda-da kelle çanak-beýni şikesi, el-aýak süňkleriniň döwülmegi we garyşyk şikesler köp gabat gelýär. Ilkinji garyň ýagmagy bilen saglygy goraýyş edaralaryna ýüz tutýan şikesli adamlaryň sany ýokarlanýar, olaryň 15 göterim töweregi sypjyrmak we süňk döwükleri bilen, 10 göterim töweregi çykyklar bilen baglanyşyklydyr. Bu möwsümde gar atyşyp oýnaýan çagalaryň gözüne gar tozgasynyň düşmegi zerarly, göz şikeslenmesi hem ýüze çykýar. Bularyň öňüni almak üçin zerur düzgünleri berjaý etmek esasy talap bolup durýar.

Ýoldan seresap geçiň!

Mähriban çagalar, gyş paslynda gündizleriň gysga, gijeleriň uzalýandygy sebäpli, awtoulaglar, köplenç, ýagtylandyryş çyralaryny ýakyp, hereket edýärler. Gyşyň ygally we ümürli günlerinde çyralaryň yşygy açyk howadaky ýaly uzak aralyga düşmeýär. Şol sebäpli uly ýollardan, geçelgelerden geçilmeli bolanda, siz ulagyň gelýändigini uzakdan saýgarýarsyňyz. Ýoldan geçeniňizde ýol hereketiniň düzgünlerini hökman doly we dogry berjaý etmelisiňiz. Ata-eneleriňiz gyş egin-eşikleriňizi alanlarynda, siz olara yşyk serpikdirýän reňki bolan eşikleriň göwnejaýdygyny ýatladyň. Şeýle hem ulagyň yşygynda haýsy reňkiň näçe aralykdan görünýändigini hem ýatda saklaň: — Gara reňk gaty golaýa gelýänçä görünmeýär;

Hünär kämilliginiň köşgi

«Jahan» döredijilik merkezinde myhmançylykda bolanymyzda, ýaş zehinlerimiziň ençemesiniň öz höwes edýän ugurlaryndan başlangyç hünär öwrenýändiklerine, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýändiklerine şaýat bolduk. Aýdyň ertirlerimiziň eýeleri bolan balalarymyzyň bagtyýarlygy üçin döredilýän mümkinçilikler ýurdumyzyň röwşen geljegine bolan ynamyňy has-da artdyrýar. Arzuwlary ganatly ýaşlarymyzyň ajaýyp döwrümize bolan buýsançlary, kalp joşgunlary, Gahryman Arkadagymyza aýdýan alkyş sözleri bagt mukamy bolup ýaňlanýar.

Goşgular çemeni

Watan waspy Arkadagly WatandaJoşýar aýdym-mukamym.Dost-doganlyk ýurdudyrNebit-gazly mekanym!