«Jahan» döredijilik merkezinde myhmançylykda bolanymyzda, ýaş zehinlerimiziň ençemesiniň öz höwes edýän ugurlaryndan başlangyç hünär öwrenýändiklerine, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýändiklerine şaýat bolduk. Aýdyň ertirlerimiziň eýeleri bolan balalarymyzyň bagtyýarlygy üçin döredilýän mümkinçilikler ýurdumyzyň röwşen geljegine bolan ynamyňy has-da artdyrýar. Arzuwlary ganatly ýaşlarymyzyň ajaýyp döwrümize bolan buýsançlary, kalp joşgunlary, Gahryman Arkadagymyza aýdýan alkyş sözleri bagt mukamy bolup ýaňlanýar.