"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Bilim—döwrüň ganaty

Bäsleşigiň ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde şol bir wagtda sanly ulgam arkaly onlaýn usulynda guralmagy onuň öňki ýyllardakydan tapawutly aýratynlygy boldy. Bu bolsa ylym-bilim babatda ýurdumyzda alnyp barylýan innowasion özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Mekdep okuwçylarynyň arasynda ýylyň-ýylyna geçirilýän taslama, döredijilik we ders bäsleşikleri aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ähmiýetli çäreleriň biri bolup durýar. Muňa Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okaýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýaty, iňlis, rus dilleri, taryh, informatika, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, geografiýa dersleri boýunça geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň mysalynda hem göz ýetirdik. Şu ýylyň aprel aýynda geçirilen bu bäsleşik onlaýn usulynda ýola goýuldy. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan 10-njy we 11-nji synp okuwçylarynyň 730-dan gowragy gatnaşdyrylyp, olaryň arasynda degişli okuw dersine we synpyna görä hödürlenen nazary we amaly ýumuşlara iň dogry jogap beren okuwçylar ýeňiji boldular.

Kalbynda reňkleriň aýdymy

Onuň çagalykdan dürli şekiljikleri kagyz ýüzünde suratlandyrmak gyzyklanýan güýmenjesidi. Bu höwes ony Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylyk bölümine okuwa getirýär. Zehinli gyzjagaz Ogulniýaz Orazmuhammedowa ýerine ýetirýän özboluşly döredijilik eserleri bilen tapawutlanýar. Ol «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň «Parahatçylyk — çagalaryň sesi» ady bilen yglan eden nakgaşçylyk bäsleşiginde I orna, çagalaryň arasynda Özbegistan Respublikasynda geçirilen «Daşkendiň şatlygy» atly VIII halkara bäsleşikde kümüş medala mynasyp boldy. Bu üstünlikleri zehinli gyzyň şekillendiriş sungatyna bolan höwesini has-da artdyrýar. Ol okamaga, hünär öwrenmäge döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza çaga kalbyndan alkyşlar aýdýar.

Gözelligiň ýalkymy

Gözellik ynsana ylham berýär. Bu ak şäherimiz Aşgabadyň gözelliginden ylham alýan ýaşlaryň dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerinde hem şöhlelenýär.

Hyýal ylymdan güýç alanda

Ýakynda Aşgabat şäherindäki 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw toplumynda paýtagtly mekdep okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi we bäsleşigiň deslapky tapgyrynda 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji orny eýelän okuwçylar bäsleşdiler.

Arkadagyň saýasynda Aşgabadym — ak bagtym!

Şanly toýuň gutly bolsun, äleme saçyp ýalkym!

Aşgabat — bilimler merkezi

Fransuz dilini öwrenýäris Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda okuwçylaryň dil öwrenmekleri bilen bagly makalamyzy Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebinden taýýarladyk. Bu mekdepde okuwçylara daşary ýurt dillerinden rus, iňlis hem-de fransuz dilleri öwredilýär. Mekdebiň fransuz dili mugallymy Gözel SAPAROWA bilen söhbetdeş bolanymyzda ol şeýle gürrüň berdi:

Ilkinji synaga taýýarlyk

Gatnaşýarlar: Adyl — 5-nji synpyň okuwçysy.

Horazjyk we gün (Rus halk ertekisi)

Ýaşajyk horaz her gün irden Güni garşy alýardy. Haýatyň üstüne böküp çykýar-da, bir gygyrýar welin, tokaýyň üstünde altyn şöhleli Gün peýda bolýar. Ynha, ol ýene-de her günküsi ýaly, gygyryp başlady, emma tokaýyň aňry tarapynda Güneşiň ýerine çal duman peýda boldy. Jüýje horaz biraz durup: — Güni nireden tapyp bolarka? — diýip oýlandy we ädijegini geýip, pişijegiň ýanyna gitdi we ondan:

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinli, ýaş suratkeşleri ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ajaýyp surat eserlerini sowgat etdiler. Geliň, owadan paýtagtymyzyň gözelliklerini bilelikde synlalyň! 

Başarjaň balyk

Gadym eýýamlarda kümüş suwly deňizleriň birinde bileje oýnap-ýüzýän şadyýan balyjak bilen leňňeç bar eken. Olar bir atalar sözünde aýdylyşy ýaly, «Iýeni aýry gitmeýän» dostlar eken. Beýleki deňiz jandarlary bu ikisiniň dostlugyny ilki-ilkiler oňlamandyrlar. Hatda: «Heý, balyk bilen leňňejiňem bir dostlugy bolarmy?!» diýip, olaryň ýüzüni alanlar hem bolupdyr. Emma iki dostuň agzybirligini daşyndan aýdylýan sözleriň hiç biri-de bozmandyr. Günleriň birinde leňňeç balyjagyň ýanyna gelipdir-de:

Bilegi — zor, zehini — zer

Okamak, öwrenmek we döretmek üçin ajaýyp şertler döredilip berlen eziz Diýarymyzda ähli ugurlar babatynda ukyp-başarnyklaryny we zehinini açmagy başarýan ýaşlar özleriniň köptaraplylygy bilen tapawutlanýarlar. Sportda üstünlik gazanýan ýaş türgenleriň arasynda döredijilik ukyplylary hem az däl. Mekdeplerde hereket edýän dürli ugurly gurnaklar bolsa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Muhammetnur Annamuhammedow ýaly zehinli ýaşlaryň kämilleşmegi üçin goldaw merkezi bolup durýar. Ýedi ýyl bäri sportuň karate-do görnüşinden birnäçe ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezmegi başaran Muhammetnuruň gazanýan üstünliklerinde onuň tälimçisi «Gara guşak» 1-nji danyň eýesi Amangeldi Bäşimowyň hyzmaty uludyr. Ýaş türgen 2015-nji ýylda welaýat derejesinde 12-13 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda 1-nji orny eýelemegi başardy. 2016-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň açyk çempionatynda «şahsy kata» boýunça 3-nji orna, şol ýylda ýene-de ýetginjekleriň arasynda welaýat derejesinde geçirilen şahsy tutluşykda 2-nji orna eýe boldy. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň açyk çempionatynda görkezen tehniki taýýarlygy, gowy emelleri we ýeňşe bolan erki üçin Kuboga mynasyp boldy. Ýokarda agzalan üstünlikli netijelerden başga-da, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen açyk çempionatlaryň ýeňijisi bolan Muhammetnuruň iň esasy üstünligi Türk

Küştçi doganlar

Garşydaşyň hüjümini öňünden bilmek, çalt we takyk pikirlenmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýän küşt oýnuna höwesleriniň bardygyny aňan ene-atasy perzentleriniň ýörite hünärmenlerden tälim almaklaryny makul bilýärler. Höweslendiriji ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup başlan doganlar sportuň bu görnüşi bilen içgin gyzyklanyp, türgenleşiklere uly höwes bilen gatnaýarlar. Ussat tälimçi Aýnur Isaýewadan bu oýnuň inçe usullaryny öwrenip başlaýarlar. Doganlar öýlerine gelenlerinde-de küşt göçümleri barada pikir alşyp, bilýänlerini bir-birine öwredýärler. Şeýdip, başarjaňlyk basgançaklaryny külterleýän doganlar Perwana, Nurana we Ybraýym Serdarowlar dürli ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Şa zenan bilen atdaş

Mähriban çagalar, siz Wiktoriýa Amazonka ösümligi barada nämeleri bilýärsiňiz? Tebigatyň iň täsin ösümlikleriniň biri bolan Wiktoriýa Amazonkanyň ady Angliýanyň şa zenany Wiktoriýanyň hormatyna dakylandyr. Bu ösümligiň açylyş taryhy hem sizi gyzyklandyrsa gerek. Aslynda, oňa ilkinji gezek 1801-nji ýylda Boliw kölünde gabat gelnipdir. Aradan ep-esli ýyl geçensoň, ýagny 1832-nji ýylda nemes tebigaty öwrenijisi Eduard Peppig Amazonka derýasyna syýahat edýärkä, bu üýtgeşik ösümligiň üstünden barýar. Şol ýylyň özünde žurnallaryň birinde heniz hiç kime mälim bolmadyk bir ösümligiň tapylandygy baradaky habar çap edilýär. Muňa garamazdan, açyş köpçülik üçin ýene-de nämälim bolup galýar. Ösümligiň üçünji saparky açylyşy 1836-njy ýylda, Britaniýanyň Gwiana sebitinde bolup geçýär. Britan şalygy nemes botanigi Şomburgk Roberte bu sebiti öwrenmek barada tabşyryk berýär. Gözlegleriň dowamynda uly göwrümi we suwda ýüzýändigi bilen tapawutlanýan täsin ösümlik Robertiň ünsüni özüne çekýär. Ol botanika bilen içgin gyzyklanýan iňlis şa zenanynyň hormatyna, bu ösümlige «Wiktoriýa Amazonka» diýip at berýär.

Düwlenler

Tebigatyň täsin ýaradan jandarlarynyň biri-de süýdemdirijileriň garsakaýaklylar toparyna degişli düwlenlerdir. Iki jübüt aýagy dyrnaklydygyna garamazdan, ýasy ýüzgüçlere öwrülen düwlenleriň art aýaklary diňe suwda ýüzmek üçin hyzmat edýär. Art aýaklar öňe epilmeýär hem-de gury ýerde düwleniň agyr göwresini götermeýär. Mälim bolan maglumatlara görä, Ýer ýüzünde düwlenleriň 12 urugdan bolan 20-ä golaý görnüşi giňden ýaýrandyr. Olaryň iň köp ýaýran ýeri polýar zolaklarydyr. Bu täsin jandarlar köpelýän we tüýlerini täzeleýän döwründe galyň buzlaryň üstüne ýygnanýarlar.

Bulary bilmek gyzykly...

Gury ýerde — kenarda örän tagaşyksyz hereket etseler-de, suwa girensoň, düwlenleriň haýal-ýagallygyndan nam-nyşan galmaýar we ýüzüş tizligi sagatda 25 kilometrden geçýär. ***

Bilgirjä sowal

— Bilgirje, biz asman hadysalary barada bilmek isleýäris. Näme üçin asman mawy reňkdekä? — Muňa akyl ýetirmek üçin adamzat ägirt uly ylmy açyşlar etmeli bolupdyr. Asmanyň mawy reňke boýalmagynyň esasy sebäbi Ýer şaryny atmosfera gatlagynyň gurşaýanlygydyr. Aslynda, kosmos giňişligine çykan kosmonawtlara Gün şöhlesi ak reňkde görünýär. Emma şol şöhleler Ýeriň töweregindäki atmosfera gatlagyna aralaşanda, döwülme hadysasyna sezewar bolýar we dürli tarapa syçraýar. Ylmy nazaryýete görä, ak reňkiň düzüminde älemgoşaryň ýedi reňki saklanýar. Reňkleriň iň gysga tolkunlary mawy reňke degişli bolansoň, olar beýleki tolkunlara görä has köp ýaýraýar. Emma bulutly günlerde Gün şöhleleri ýeriň ýüzüne ýetip bilmedik ýagdaýynda dürli ululykdaky ähli tolkunlar asmanda gyradeň ýaýraýar we asman çal ýa-da garamtyl reňkde görünýär.

Dil öwrenseň...

Dünýäde näçe halk bolsa, şonça-da dil bar diýilýär. Her kim öz ene dilini suwara bilmeli, ýöne adama diňe bu ýeterlik däldir, daşary ýurt dillerini hem öwrenmeli. Diller ynsana ylmy çeşmeleri öwredýär, durmuşy, işi ýa-da hünär tejribesi bilen bagly peýdaly ugurlara gönükdirýär. Muňa garamazdan, köpimiz daşary ýurt dillerini öwrenmegiň irginsizligi talap edýändigi üçin, käwagt ondan el çekýäris. Biz hem dil öwrenmekligiň peýdalary baradaky pikirlerimizi siziň bilen paýlaşmagy makul bildik. Terjimeçä mätäç bolmaýarsyňyz

Dört olimpiadaça — dört medal

Mekdep okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça geçirilen 55-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasyna ýurdumyzdan 4 sany mekdep okuwçysy gatnaşyp, olaryň ählisiniň ýeňişli orny gazanmagy şu okuw ýylynyň buýsandyryjy wakalarynyň biri boldy. Ýylyň-ýylyna geçirilýän we degişli ders boýunça dünýäniň iň ökde okuwçylaryny öňe çykarýan bu halkara olimpiada şu ýyl hem geçen ýylky ýaly, onlaýn görnüşde geçirildi. Oňa 28 döwletden bolan mekdep okuwçylarynyň 145-si gatnaşdy. Dünýäniň iň zehinli çagalarynyň arasyndan öňe saýlanan türkmen ýaşlaryna žurnalymyzyň ähli okyjylarynyň adyndan «Berekella!» diýýäris. Aprel aýynyň 20-26-sy aralygynda dowam eden bu halkara ders olimpiadasynyň ýeňijileri yglan edilen pursatlara şaýat bolanymyzda, türkmen ýaşlarynyň ylym-bilimde gazanýan üstünliklerine diýseň buýsandyk. Olimpiadaçylaryň türkmen toparynyň agzalary we topar ýolbaşçysy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň giň auditoriýasynda, onlaýn aragatnaşygyna birikdirilen iň döwrebap kompýuterleriň başynda garaşýardylar. Bu wagt bar ünsi garşysyndaky monitorda jemlenen zehinli çagalar içki tolgunmasyna erk edýän ýaly görünseler-de, olaryň gürsüldäp urýan ýürek sesleri, göýä bu ýerdäki tolgundyryjy gurşawa ýaň salýan ýalydy.

Pars nakyllary

Tejribesize uzak wagtlyk sapar durmuşy öwreder. ***

Gyzykly sowallar

Ýaşuly öýüne birnäçe pyrtykal getirdi. Ol öňünden ylgap çykan birinji agtygyna ellerindäki pyrtykallaryň ýarysyndan köprägini berdi. Ikinji agtygyna elinde galanlaryň ýarysyndan köprägini berdi. Üçünji agtygyna-da elinde galanyň ýarysyndan köprägini berdi. Soňunda ýaşulynyň elinde pyrtykal galmady. Ýaşuly öýüne näçe pyrtykal getiripdir we her agtygyna näçesini paýlapdyr?