Gadym eýýamlarda kümüş suwly deňizleriň birinde bileje oýnap-ýüzýän şadyýan balyjak bilen leňňeç bar eken. Olar bir atalar sözünde aýdylyşy ýaly, «Iýeni aýry gitmeýän» dostlar eken. Beýleki deňiz jandarlary bu ikisiniň dostlugyny ilki-ilkiler oňlamandyrlar. Hatda: «Heý, balyk bilen leňňejiňem bir dostlugy bolarmy?!» diýip, olaryň ýüzüni alanlar hem bolupdyr. Emma iki dostuň agzybirligini daşyndan aýdylýan sözleriň hiç biri-de bozmandyr.
Günleriň birinde leňňeç balyjagyň ýanyna gelipdir-de: