Ýaşajyk horaz her gün irden Güni garşy alýardy. Haýatyň üstüne böküp çykýar-da, bir gygyrýar welin, tokaýyň üstünde altyn şöhleli Gün peýda bolýar. Ynha, ol ýene-de her günküsi ýaly, gygyryp başlady, emma tokaýyň aňry tarapynda Güneşiň ýerine çal duman peýda boldy. Jüýje horaz biraz durup:
— Güni nireden tapyp bolarka? — diýip oýlandy we ädijegini geýip, pişijegiň ýanyna gitdi we ondan: