Garşydaşyň hüjümini öňünden bilmek, çalt we takyk pikirlenmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýän küşt oýnuna höwesleriniň bardygyny aňan ene-atasy perzentleriniň ýörite hünärmenlerden tälim almaklaryny makul bilýärler.
Höweslendiriji ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup başlan doganlar sportuň bu görnüşi bilen içgin gyzyklanyp, türgenleşiklere uly höwes bilen gatnaýarlar. Ussat tälimçi Aýnur Isaýewadan bu oýnuň inçe usullaryny öwrenip başlaýarlar. Doganlar öýlerine gelenlerinde-de küşt göçümleri barada pikir alşyp, bilýänlerini bir-birine öwredýärler. Şeýdip, başarjaňlyk basgançaklaryny külterleýän doganlar Perwana, Nurana we Ybraýym Serdarowlar dürli ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.