"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Bedenterbiýe, sport

Sagdynlygyň gözbaşy —Bedenterbiýe, sport.Bagtly ilde sözbaşy —Bedenterbiýe, sport. Ýaşlar erjel ugrunda,Parlar ýaşyl Tugum-da,Beýik döwrüň ruhunda,Bedenterbiýe, sport.

Jadyly boýaglar

(Erteki) Ýewgeniý PERMÝAK, rus ýazyjysy.

«Alo, salam, «Güneş» žurnalymy?!»

Sözbaşy edip goýan jümlämizi eşide-eşide eýýäm bu ýylam ahyrlap barýar. Nesip bolsa, ýene sanlyja günlerden tutuş ynsanyýetiň gatnaşmagynda ýazylýan «Ömür» atly kitabyň täze sahypasy açylar, ýagny Täze ýyl geler. Ynsan, köplenç, ýyl çalşygynda yzyna seredip, ýaşan günleri hakynda uzakdan-uzak gürrüň edesi gelýär. Bizem şol islegden ugur alyp, baýramçylyk sanymyzda agzybir işgärlerimiz bilen ýylyň dowamynda žurnalymyzyň sahypalarynda mynasyp çykyş eden zehinlije ýaş awtorlar, her sanymyza intizarlyk bilen garaşýan söýgüli muşdaklar, girizilen täze rubrikalarymyzyň körpeje okyjylarymyza we olaryň ene-atalaryna täsiri hakynda gysgajyk gürrüň etmegi makul bildik. Birdenem, redaksiýamyza jaň geldi: — Alo, salam, «Güneş» žurnalymy?!

Türkmen döwlet gurjak teatryna gezelenç

Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli pudaklar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda hem uly ösüşler gazanyldy. Şol ýyllarda gurlup ulanylmaga berlen Türkmen döwlet gurjak teatry hem il-günüň iň bir gelim-gidimli ojaklarynyň birine öwrüldi. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda täze kaşaň binasy açylan Türkmen döwlet gurjak teatrynyň ýerleşýän ýeri we umumy keşbi milli äheňli binagärlik sungatyny has aýdyň açyp görkezýär. Äpet uly desganyň öňünde ilki bilen asuda durmuşyň alamaty hasaplanýan «Tawus guşunyň» heýkeli, şeýle-de «Mämmetjan» ertekisiniň batyrgaý gahrymanyna bagyşlanan heýkel taslamasy garşy alýar. Bu ajaýyp heýkel eserleriň awtorlary Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen onuň zehinli şägirtleridir. Reňklenen poliesterden ýasalan heýkel eserleri şadyýan hem gyzykly durmuşyň aňlatmasy hökmünde bagtyýar çagalygyň gapysyny açýar. Şonuň esasynda Türkmen döwlet gurjak teatry diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, gyzykly teatr sahnalaryna tomaşa etmäge gelýän uly ýaşly tomaşaçylar üçin hem täsir galdyryjy ýerleriň birine öwrüldi.

Täze ýyl saçagynyň «arçajyklary»

Täze ýyl baýramy diýlende, naz-u-nygmatdan doly baýramçylyk saçagy göz öňüňde janlanýar. Eziz çagalar, siziň hem Täze ýyl baýramçylyk saçagyny bezemäge goşandyňyzy goşasyňyz gelýändir. Geliň, onda kiwi, banan, alma, nar ýaly miwelerden dürli nygmatlary taýýarlalyň! Siziň taýýarlan baýramçylyk öwüşginli tagamlaryňyzyň diýseň özboluşly we täsinje boljakdygyna ynanýarys. Kiwiden we nardan arçajyk

Baýramçylyk sowgady

Eziz jigiler, sowgady has-da ýakymly, täsirli edýän zatlaryň biri-de onuň daşky bezegi bolan gutujygydyr. Täze ýyl baýramynda öz elleriňiz bilen sowgatlyk gutujyklaryny ýasap, dostlaryňyza, joralaryňyza, jigileriňize sowgat edip, olary begendiresiňiz gelýändir. Sowgat gutujygy gowşurylanda hemmeler onuň içinde nämäniň bardygyny bilmäge çalyşýarlar, aýratyn-da, çagajyklar. Geliň, içi kemputly, kökeli, şokoladly gutujygy bilelikde ýasalyň! Gerekli esbaplar:

Täsin tomaşa

Täze ýyl arçasyny bezemegiň öz gyzygy, lezzeti bar. Täze ýylyň golaýlamagyna sanlyja günler galanda, jigilerim bilen üýşüp, arça bezemegiň ugruna çykdyk. Bu dabaraly, şatlyk-şowhunly arça bezelişiň şowhuny käteler bir-iki güne ýetäýýär. Neneň şeýle bolmasyn?! Boýumyzdan sähelçe uzyn arçany goýmak üçin, ilki bilen-ä, öýüň iň amatly, gözegelüwli ýeri saýlanyp alynýar. Ondan soňra dürli bezegli jäjekler, oýunjaklar, zerler saýlanyp, arçanyň daşyna üýşülýär. Bu ýagdaý öýüň körpejelerinden başlap, uly ýaşlylaryny hem özüne çekýär. Kim haýsy jäjegiň nireden, nädip dakylmalydygyny salgy berse, kimler bolsa arçanyň daşyndan pyr-pyr aýlanyp, onuň bezeglerini, jäjeklerini dakyp ýörendir. Olaryň arasynda bu tomaşany hezil edip synlap oturanlar hem bardyr. Arça bezelişiň iň gyzykly ýeri — arçanyň depesine öwşün atyp duran sekizburç ýyldyzyň dakylmagydyr. Yşyklandyryjy çyralar dakylansoň-a, esli wagtlap arçanyň gözelligine haýran galyp oturarsyň hem-de begenjiňi daş-töweregiňdäki jigi-doganlaryň bilen paýlaşarsyň: — Arça, gör, nähili owadanja bolaýdy.

Aýazbabanyň agtygy

Täze ýyl diýilse, ilki bilen, kim ýadyňyza düşýär?! Bezelen arça bilen eli uzyn hasaly Aýazbaba göz öňüňize gelýärmi?! Gelýändir. Mende-hä şeýle. Täze ýyl golaýladygy, beýleki çagalar bilen birlikde, men hem Aýazbabanyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlaýaryn. Aslynda, Aýazbaba garaşmaýan çaga barmy diýsene. Aýazbabanyň agtyjagy Garpamygyňkydan hezili ýok. Hemmeler Aýazbaba bilen Garpamyga garaşýarlar. Ynanmasaňyz, synap göräýiň, Täze ýylda Aýazbaba bilen birlikde hökman Garpamygyň hem adyny tutup çagyrýandyrlar. Olar nirä gitseler, hemişe bileje gidýärler, bileje şatlanýarlar. Olary bir-bireksiz göz öňüne getirmegem mümkin däl. Şol sebäpli, Garpamyk hiç wagt Aýazbaba garaşman, ak sakgally babasynyň ýanynda bolýar. Biziň hem Aýazbaba ýaly babamyz bolsady...

Oýlan, pikirlen!

Geliň, krossword çözeliň! Täze ýyl arçasy

Aýazbabanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda atlandyrylyşy:

Özbegistanda: Kor Bobo we Aýoz Bobo; Gazagystanda: Aýaz-ata we Kolotun Aga;

«Merdana nesil — 2024»: bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

7-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde «Merdana nesil — 2024» şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guraýan bu bäsleşigi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilip, oňa 3-5-nji synplarda okaýan kiçi ýaşly okuwçy oglanlarymyzyň 14-si gatnaşdylar. Olar ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, soňra bolsa welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen tapgyrlarynda öňdebaryjy orunlary eýelän ýaş zehinlerimizdir. Bäsleşik däp bolşy ýaly, üç şert esasynda geçirilip, şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi.

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» bäsleşigi jemlenildi

Şu gün — 2-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Ol Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy. Bäsleşik işjeň häsiýete bolup, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we şäherlerinden mekdep okuwçylarynyň ençemesi gatnaşdylar. Bäsleşik üç ugur: düzme ýazmak, surat çekmek we maket ýasamak boýunça guralyp, ol ilki mekdep, etrap-şäher we welaýat derejelerinde geçirildi. Şol tapgyrlarda ýeňiji bolan işler döwlet tapgyryna hödürlenildi we olardan iň gowulary emin agzalary tarapyndan saýlanylyp alyndy. Netijede, her ugur boýunça I, II, III orunlary eýelän okuwçylar kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragy baradaky dürdäne jümleleri

Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. * * *

«Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr»

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şanly ýylda geçirilen taryhy mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly täze goşgusy parahatçylygy, abadanlygy, asudalygy ündeýän, hemişelik Bitaraplygymyzyň mazmunyny, gymmatyny çeper beýan edýän ajaýyp eserdir. Parahatçylygyň geljege iň mukaddes, gymmatly mirasdygy, ömürleriň manysynyň söýgi-mähir, yhlasdygy, bu dünýäniň bir-biregi hormatlap, sarpalap ýaşamaly dünýädigi bu ajaýyp şygyrda täsirli, çeper beýan edilýär. Bu şygyr parahat dünýämiziň abadançylygyny, asudalygyny geljegimiz bolan bagtyýar nesilleriň hatyrasyna goramak barada külli adamzat üçin çagyryşdyr. Parahatçylyga, asudalyga çagyryş — adamzat durmuşynyň gazananlarynyň içinde iň mukaddes düşünje. Parahatçylyga çagyryş — ynsanyýeti dostluk, ynsanperwerlik atly beýik ýörelgä çagyryş. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň äleme dolan umumadamzat bähbitli tutumly beýik işleri hem hut şu mukaddes düşünjeden ugur alýar. Parahatçylyk bilen bagly islendik pikir, islendik döredilen sungat eseri adamzady bakylyga alyp gitjek mukaddeslikden nyşandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu şygrynda: Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany —Türkmenistan — parahatl

«Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr»

(Akyldar şahyrymyzyň şanly toýuna bagyşlanan halkara forum hakynda) Türkmeni Magtymgulusyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Çünki olar aýrylmaz bir düşünje, bitewi bir garaýyş. Şonuň üçin hem akyldar şahyrymyzyň ady dünýä doldugyça, ýurdumyzyň halkara abraýy barha beýgelýär. Ýakynda geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum sözümiziň nobatdaky subutnamasydyr.

Abaý Kunanbaýew (1845 — 1904)

Abaý Kunanbaýew gazak halkynyň görnükli şahyrydyr. Ol 1845-nji ýylda Gazagystanyň häzirki Semipalatinsk welaýatyndaky Çingis daglarynyň eteginde dogulýar. Şahyryň çyn ady Ybraýymdyr. Örän düşünjeli, sowatly ejesi Ulžan ony ýaşlykdan «Abaýym», «Abaý» diýip söýgüläpdir. Bu soňra onuň lakamyna öwrülipdir. Onuň kakasy Kunanbaý öz taýpalarynyň kethudasy bolupdyr. Zere atly enesiniň aýdyp berýän ertekidir rowaýatlary Abaýyň geljekde zehinli şahyr bolup ýetişmegine uly täsir edipdir. Abaý başlangyç bilimini öýlerinde mollanyň elinden alyp, soňra Semipalatinsk şäherindäki Imam Ahmet Ryzanyň medresesinde okapdyr. Şol ýerde-de Abaý ilkinji gezek Gündogaryň Ferdöwsi, Nyzamy, Fizuly, Nowaýy, Magtymguly ýaly dünýä belli söz ussatlarynyň eserleri bilen gyzyklanyp başlapdyr. Ol on iki ýaşyndan başlap, goşgy düzüp ugrapdyr. Şunlukda, ol toý aýdyşyklaryna gatnaşyp, il içinde tanalyp başlaýar. Abaý Kunanbaýew şygyr düzmek bilen birlikde, rus ýazyjylaryndan A.S.Puşkiniň, M.Ý.Lermontowyň eserlerini, I.A.Krylowyň basnýalaryny gazak diline terjime edipdir. Şahyryň hakyky döredijilik işi, esasan, kyrk ýaşynda kämillige ýetip, tä ömrüniň ahyryna çenli pajarlap ösüpdir. Şol aralykdaky döwrüň içinde onuň döreden eserleri iki toma ýetipdir.

Söz ussadynyň meňzetmeleri

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ummana deňelýän çeperçilik dünýäsi müň dürli öwüşgini bilen üç ýüz ýyl bäri ynsan kowumynyň ruhuny ganatlandyryp gelýär. Şahyryň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmek hormatly Prezidentimiziň Magtymgulyny öwreniş ylmynyň öňünde goýan möhüm wezipesidir. Magtymgulynyň döredijiliginde meňzetme häsiýetli setirler aýratyn orny eýeleýär. Daş-töweregini gurşap alan tebigat hadysalaryna, haýwanat we ösümlik dünýäsine içgin nazar salan akyldar ondaky dürli görnüşleri — bir zadyň başga bir zat bilen meňzeşligini görüp, bilip, ony şygryýetiň sazlaşykly setirlerine salypdyr. Bu usul, ýagny dürli täsinlikleri suratkeşlik bilen beýan etmek, adamyň ýüz-keşbindäki, häsiýetindäki aýratynlyklary tebigatyň ýaradan zatlary bilen baglanyşdyrmak onuň döredijiligine şahyrana öwüşgin çaýypdyr.

Sungatyň, döredijiligiň mekany

Zehin ynsana tebigy berilýän ukypdyr. Ol her bir ynsanyň başarnygy bilen ýüze çykýar. Başarnykly bolmak bolsa islendik adamdan höwesi talap edýär. Ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnykly, zehinli bolmagy ugrunda eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik işler ýola goýulýar. Bagtyýar ýaş nesilleriň tebigy zehinleriniň ýüze çykmagynda taýsyz tagallalar edilýär. Has takygy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar bakja-baglary, döwrebap mekdepler, çagalar çeperçilik hem sungat mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň her biri ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa ýaş nesillerimiz hakynda edilýän bimöçber aladalardan nyşandyr. Ýaş nesilleriň ukyp-başarnygyny, zehinini ýüze çykarmakda Mary şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň orny örän uludyr. Bu çagalar çeperçilik mekdebi 2010-njy ýylda açylyp, onda 25 mugallym yhlas bilen zähmet çekýär. Mekdepde okuwçylara halyçylyk, nakgaşçylyk, keramika, heýkeltaraşlyk hünärleri boýunça bilim berilýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bu ýerde çagalaryň, has takygy, 12 ýaşyny dolduran, 13-14 ýaşly okuwçylaryň 250-si dürli hünärler boýunça ussat mugallymlardan sapak alýarlar.

Taryha baky siňen hytaý şahyry

Tan dinastiýasy döwründe ýaşap geçen Du Fu (712 — 770 ý.) Hytaýyň iň meşhur şahyrlarynyň biridir. Ol şahyr Du Şanýanyň agtygydyr. Onuň miras goýan şygyrlarynyň sany 1400-den geçip, dürli tema degişlidir. Hatda hytaý edebiýatçylary häli-häzir hem onuň goşgularynyň golýazmasyny öwrenip ýörler. Aslynda, şahyr entek çaga mahaly aýratyn zehini, ýatkeşligi bilen öz deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başarypdyr. Ol kitap okamagy juda halaýan eken. Eýýäm ýedi ýaşynda goşgy ýazyp başlapdyr. On bäş ýaşyna ýetende bolsa halk arasynda tanalyp ugrapdyr. Ol ýaş wagty Hytaýyň köp ýerine syýahat edipdir. Bu hem onuň tebigat bilen bagly gören-eşidenlerini beýan etmegine, ol temanyň döredijiliginde has ösmegine ýardam edipdir. Hatda Du Fu öz döwründe köşk şahyry hem bolupdyr. Bu onuň ylym-bilimden sowady ýetik adam bolandygyny görkezýär.

Goşgular çemeni

Enemiň çöregi Enem bu gün säherde,Gyzgyn çörek bişirdi.Tamdyr suwna batyryp,Ondan bize-de berdi.