"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Aýdyma öwrülen şahyr

(Bolan waka) Men mekdebe kakamyň awtoulagynda gidýärin. Köplenç kakamyň ulagyna münenimde, şol bir adamyň aýdan aýdymlary ýaňlanýardy. Ol aýdymlaryň soňunda: «Magtymgulynyň» ady aýdylyp gutarýardy. Kakam hemişe aýdym gutaranda: «Hä, gaty dogry, ussat şahyr, sözleri ýüregiň sesi bilen deň urýar» diýip gaýtalaýardy.

Owadanja guşjagaz

(Hekaýa) Şu ýyl Gökderä gitmek höwesi mende has ir oýandy. Belki, geçen ýyl tomusky dynç alyş möwsüminde ol ýere dürli ýerlerden baran boýdaşlarym bilen ýene-de duşuşmak hakda edýän pikirimdendir, belki-de, ýene «Gökdere» atly owadanja şol guşjagazy görmek hakdaky islegimdendir.

Saýat Nowa

(Arutýun Saýadýan)(1712-1795) Arutýun Saýadýanyň edebi lakamy Saýat Nowa bolup, ol ermeni şahyrydyr. Saýat Nowa ermeni, gruzin, azerbaýjan, türk dillerinde goşgy ýazypdyr. Ilkinji goşgularyny heniz çaga wagtlary ýazypdyr. Öz goşgularyny çalan sazlaryna goşup, aýdym edip aýdypdyr. Saýat Nowa öz eserlerinde, esasan, umumadamzat gymmatlyklarynyň ileri tutulýan meselelerine ýüzlenipdir. Halklaryň dostlugy, doganlygy, bütin dünýäde parahatçylygy, ula hormat, kiçä söýgi, jomartlyk, watançylyk, ynsanperwerlik ýaly düşünjeler şahyryň şygyrlarynda çeper beýanyny tapypdyr. Şeýle hem ol öz döwrüniň ozanydyr, gözelligiň waspçysydyr. Onuň 200-den gowrak goşgulary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Saýat Nowanyň türkmen diline terjime edilen kitaby 1976-njy ýylda çapdan çykýar. Ýurdumyzyň bagşylary Saýat Nowanyň sözlerine «Nurana Aý», «Ýokdur taýyň», «Sataşa-sataşa» ýaly birnäçe aýdymlaryny aýdýarlar. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Saýat Nowanyň (Arutýun Saýadýanyň) ýadygärliginiň goýulmagy Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň dostlukly gatnaşyklaryny has-da berkider.

Bir dänämiz müň boldy daýhanyň yhlasyndan, Doldy bu gün Watanyň harmany bol hasyldan. Goý, Watanyň şöhraty harman deýin beýgelsin, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sagbolsun!

Şat saýraýar dillerimiz,Joşgunlydyr ýürek bu gün.Bereketli ene ýeriňHasylyndan galkdy göwün. Daýhanyň päk zähmetindenMüňläp hasyl eçildi Ýer.Güle dönen bu topragyÝürek mydam jandan söýer.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Eziz çagalar, biziň redaksiýamyza siziň zehinli suratkeş deň-duşlaryňyzyň çekýän suratlary yzygiderli gelip durýar. Olarda milli gymmatlyklarymyz, edebi mirasymyz, bagtyýar çagalaryň başdan geçirýän şadyýan pursatlary öz beýanyny tapýar. Mähriban çagalar, geliň, bilelikde şol suratlary synlalyň!

Çomuçlar Türkmenistanyň Gyzyl kitabynda

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Tebigata söýgi türkmen halkynyň häsiýetiniň, ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Eziz çagalar, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir işler bagtyýar geljegiň hatyrasynadyr. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň özboluşly we örän baý tebigaty bar. Uçut gaýaly, dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän çägeli sähralarymyz, tolkun atyp ýatan deňiz-derýalarymyz, bal suwly dag çeşmelerimiz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözellik berýär. Türkmen halky asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gorapdyr we tebigat täsinliklerini özüniň medeniýetine, däp-dessurlaryna ornaşdyrypdyr. Halkymyz el işlerinde, aýdym-sazlarynda ajaýyp tebigatymyzy suratlandyryp görkezmegi başarypdyr. Dünýä belli türkmen halylarynyň reňki dürli ösümliklerden alnypdyr, ýüzlerçe dermanlyk ösümlikleri halk lukmançylygynda ulanylypdyr. Şonuň üçin hem, türkmenlerde tebigata bolan aýratyn sarpa, hormat asyrlarboýy saklanyp galyp, nesillerimiziň aňyna ornaşypdyr.

Ýaş türgeniň üstünlikleri

Ýurdumyzda çagalaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Sportuň erkin göreş görnüşi bilen meşgullanýan şeýle bagtyýar jigilerimiziň biri-de ýaşajyk türgenimiz — Azatberdi Aşyrgulyýew. Azatberdi Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 89-njy orta mekdebiň 11-nji synpyny tamamlady. Ol eýýäm birnäçe ýyldan bäri erkin göreşiň inçe tilsimlerini ele alýar. Ol heniz alty ýaşyndaka paýtagtymyzda ýerleşýän Köpetdag stadionynyň «Zähmet» türgenleşik zalyna gatnap başlaýar. 2019-njy ýyldan bäri bolsa ol «Galkynyş» bedenterbiýe-sport toplumyna gatnaýar. Bu ýerde oňa halkara derejeli sport ussady Batyr Orazgylyjow tälim berýär. Tälimçiniň ussatlygy, şeýle-de ýaş türgeniň sportuň bu görnüşine bolan höwesi, yhlasy ony ýeňişlere, üstünliklere ýetirdi. Yzygiderli türgenleşiklere gatnap, her bir ýaryşa ýokary derejede taýýarlyk gören jigimiz Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. Onda-da iki gezek. Has takygy, Azatberdi 2022-nji ýylyň 23 — 25-nji dekabry aralygynda erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde 48 kilogram, 2023-nji ýylyň 15-16-njy dekabrynda geçirilen erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginde bolsa 60 kilogram agram derejesinde çykyş edip, bu ýaryşlaryň ikisinde-de altyn medalyň eýesi bolmagy başardy.

Çeper gimnastikaçylaryň ýeňşi

Halkara sport ýaryşlarynda üstünlik gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belende galdyrýan ýaş türgenlerimiz diýseň kän. Olaryň gazanýan şeýle üstünlikleri baradaky hoş habarlary eşidenimizde buýsanjymyz goşalanýar. Ýakynda şeýle buýsandyryjy hoş habary halkymyz bilen paýlaşmak ýurdumyzyň gimnastika boýunça milli ýygyndysynyň ýetginjek gyz türgenleriniň paýyna düşdi. Olar Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Merry Caravan» atly halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler. Türgen gyzlarymyz dürli derejeli medallaryň 29-yna mynasyp boldular. 6 — 16 ýaş aralygyndaky gimnastikaçy türgen gyzjagazlar bu halkara ýaryşyndan 18 altyn, 10 kümüş we 1 bürünç medallaryny gazandylar. Elbetde, bu ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň görkezen netijeleri. Ýygyndynyň düzüminde aýratyn erjel türgen — Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Mahym Gurbanowa hem bar. Mahym üç ýaşyndan bäri gimnastika bilen meşgullanyp, ýurdumyzda gimnastika boýunça geçirilen çempionatlarda öz agram derejesinde birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp boldy. 11 ýaşly türgen gyzjagazymyz häzirki wagta çenli çeper gimnastika boýunça halkara ýaryşlarynyň dördüsine gatnaşdy. Mahym çeper gimnastika boýunça 2023-nji ýylyň martynda Gruziýada geçen halkara ýaryşda kümüş medal, şol ýylyň awgustynda ýene şol ýurtda geçen halkara ýaryşda altyn medal gazanýar. Mahym jigimiz Özbegistan Respublikasynda hem çeper gimnasti

Matematika höwesli oglanjyk

Häzirki wagtda matematika, hasaplama, sanlar, arifmetika ýaly ugurlar bilen gyzyklanýan ýaş nesillerimiziň sany barha artýar. Olar ylym dünýäsine aralaşmaga we täze-täze zatlary gözlemäge, öwrenmäge höwesek. Ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasaty netijesinde ýaş nesiller özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýaryşlarda, olimpiadalarda, halkara bäsleşiklerde görkezip gelýärler. Ine, şeýle zehinli okuwçylaryň biri-de Hemra Gurbanowdyr. Hemra häzirki wagtda Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 8-nji synpyny üstünlikli tamamlady. 14 ýaşly zehinli oglanjyk indi üç ýyl bäri matematika dersi bilen içgin gyzyklanyp gelýär. Okuwdan boş wagtlary Hemra ýörite sapaklara, okuw merkezlere gatnap, bu ugur boýunça bilimini kämilleşdirýär. Has takygy, ol Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň ýaş olimpiadaçylary taýýarlaýan merkezinde, «Gujurly» bilim merkezinde matematika boýunça bilim alýar. Netijede, Hemra ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde yzygiderli baýrakly orunlary gazanmagy başarýar. Bu bolsa oňa halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalara gatnaşmaga, olarda öz zehinini görkezmäge mümkinçilik berdi. Ol şu ýylyň maý aýynyň 26 — 31-i aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent

«Maksadym – suratkeş bolmak»

Maksada okgunlylyk, tutanýerlilik babatda çagajyklaryň erjelligine haýran galýarsyň. Çünki çagalara «Ulalanyňda kim boljak?» diýleninde, olar öz jogaplaryny pert aýdýarlar. Özi-de şeýle aýdyp goýbermeýärler, uly ynam bilen aýdýarlar. Eýýäm birnäçe wagt bäri surat çekmek bilen meşgullanýan Mähri Hemraýewa hem ussat suratkeş bolmagy berk ýüregine düwen jigilerimiziň biri. Heniz çagalar bagyna gatnaýan gyzjagazyň kagyzyň ýüzüni dürli reňkli boýaglar bilen boýap, bu işinden göwnühoş bolup oýnap-gülşüni synlan terbiýeçisidir enekesi, mekdepde onuň surat dersine ukybynyň ýokarydygyny aňan mugallymlary-da oňa şol ýörgünli sowaly beripdiler. Mähri şol wagtam bu sowala «suratkeş» diýip jogap berýär eken. Hatda bu ugurdan has ökdelemegi üçin ejesi Gülnahal gelneje ony ýörite surat mugallymlaryň birine berkidipdir. Soňra bolsa ol Darganata etrabyndaky çagalar sungat mekdebine gatnaýar we ukyp-başarnygyny has-da artdyrýar. Ol bu çagalar sungat mekdebini üstünlikli tamamlaýar.

Oýlandyran waka

Gatnaşýarlar:Adyl.Emin.Süleýman.Enesi.Enesi. Sahnada Adyl öý işini edip otyr. Enesi bolsa saçak başynda çaý içýär. Şol wagt Adylyň telefonyna jaň gelýär. Adyl telefonynyň sesini ýapyp, öý işini etmegini dowam etdirýär. Salym geçmän, ýene jaň gelýär. Adyl ýene onuň sesini ýapýar.

Liliýa gülli bag

Nura HAKPEREST, eýran ýazyjysy. (Hekaýa)

Nähili gün?

Walentina OSEÝEWA, rus ýazyjysy. (Erteki)

Sowgatlyk güller

Gadyrly çagalar, žurnalymyzyň bu sanynda size dürli reňkli kagyzlardan sowgatlyk gülleri taýýarlamagy öwretmekçi. Siz bu sowgatlyk güller bilen ejeleriňizi, eneleriňizi we uýalaryňyzy doglan günleridir baýramçylyklar bilen gutlap, begendirip bilersiňiz! Gerekli esbaplar:

Datly kökeler

Gerekli önümler: 400-450 gram un,

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda). Amanmuhammet Orazmyradow. «Köz çokan togdary». Ol näme üçin köz çokaýdyka? Aslynda, hakykatdanam, köz çokdumyka ýa-da köze meňzeş başga bir zady? Şeýle täsin atly bu kitap jümmüşindäki hekaýalaryň täsinligi bilen hem özüne çekýär. Kitap kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna niýetlenen hem bolsa, şu ýyl onuň öz ýaşy 51-e gadam goýýar. Ýöne bu kitap heniz hem deň-duşlaryňyzyň elinden düşenok. Çünki ondaky hekaýalarda kepderileriň nädip ýuwnuşy hem, arylaryň urşy hem, zemzenleriň oýny hem bar. Ýazyjy diňe haýwanlar ýa-da janly-jandarlar barada hekaýa ýazman, eýsem, käbir täsin häsiýetli deň-duşlaryňyzyň bolşuny hem hekaýa geçiripdir. Şonuň üçin hem ondaky hekaýalaryň köptaraplydygy bilen ünsüňizi özüne çekjekdigine ynandyryp bileris. Bary-ýogy 30 sahypadan gowrak kitapda 15 hekaýa dagy bar. Gysgajyk we gyzykly hekaýalar siziň tomusky dynç alşyňyzy öz dünýäsine alyp gitse gerek.

Haýwanlary söýýän oglanjyk

Biziň aramyzda janly-jandarlary, haýwanlary söýmeýän barmyka?! Megerem, ýokdur. Iň bärkisi, pişijeklerden başlap, iň uly ýyrtyjylary — gaplaňy, ýolbarsy, aýyny... gowy görüp, olar bilen dostlaşmagy arzuw edýän çagalar hem bar ahyry. Bular hakynda gürrüň etsek, ilki bilen, tokaýda ýaşaýan şol edermen, gaýduwsyz Maugli göz öňüňize geldi gerek?! Şeýle dälmi?! Ýöne bu gezekki gürrüň etjek gahrymanymyz Maugli hakynda däl-de, şonuň ýaly batyrgaý, gorkmazak oglanjyk barada. Hany, göz öňüne getirip görüň, edil Maugli ýaly tokaý haýwanlaryny gowy görüp, olary dürli howplardan, awçylardan goramagy başarýan ol oglanjyk kimkä?! Eýýäm bilen bolsaňyz gerek! Hawa, ol oglan — Döwran. Siz, megerem, «Döwranyň başdan geçirenleri» atly çeper filme tomaşa edensiňiz. Çagalaryň gyzykly durmuşyndan söhbet açýan filmde Döwran atly oglanjyk tokaý haýwanlaryny — keýijegi, guşlary, sülgünleri... awçylaryň gazaply penjesinden halas edýär. Tokaý haýwanlaryny awlap, duzak gurup, janly-jandarlara uly zyýan ýetirmek isleýän üç sany awçydan ýeke özi rüstem gelýän Döwran diýseň ugurtapyjy, gaýduwsyz. Ol awçylaryň ýaraglaryny ýygnap goýup, öz guran duzaklaryna özleri düşer ýaly hile-tilsim oýlap tapýar. Awy oňman, dürli kynçylyklara sezewar bolan awçylar ahyrsoňy açlygyna çydaman, tokaýdan ökje göterýärler.

Edebi miras

Ahmet GURBANNEPESOW Kiçi oglum hüwdülenende göçüren goşgym

Oýlan, pikirlen!

Skanword

Şadyýan tomus günlerinde...

Gadyrly çagalar! Hemmämiziň bilşimiz ýaly, yssy, jöwzaly tomus pasly bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ýagny immuniteti berkitmek üçin iň amatly wagtdyr. Ýöne tomsuň jöwzaly günlerinde bedeni taplamagyň düzgünlerini berjaý etmek hökmandyr. — Tomusda bedeniň ýadawlygyny aýyrmak üçin işjeň hereket etmek, kadaly iýmitlenmek we arassa howadan dem almak sagdyn ýaşamagyň möhüm şerti bolup durýar.