"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Küştüň ýaşajyk ýyldyzy

Sportuň küşt görnüşi tiz pikirlenmegi, her bir göçümiňi örän oýlanyşykly, ýerlikli göçmegi talap edýär. Küşt oýnuna ýöne ýere «akyl-paýhas oýny» diýilmeýär. Ol sportuň iň bir gyzykly, täsin görnüşleriniň biridir. Kiçiliginden ussat küştçi bolmagy arzuw edip, şol arzuwyna ädimme-ädim ýakynlaşýan jigilerimiziň biri-de Aýa Baýramowadyr. Ol Türkmenabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy. Okuwyndan daşary Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebine gatnaýar we ol ýerde 2019-njy ýyldan bäri ussat küştçüleriň elinde tälim alýar. Küştçi gyzjagaz 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 15-inden 30-y aralygynda Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen küşt boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşdy. Ol 11 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 3-nji orny gazanmagy başardy. Bu ýeňiş biziň ählimizi diýseň buýsandyrdy.

«Döwrüň belent ruhy bilen, öňe barýar bagtly ýaşlar»

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda okaýan, dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlarymyzyň 107-si ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldular Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Biz ýaş alymlarymyzyň ylmy açyşlaryny, innowasion tejribelerini, ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglaryny döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde örän möhüm hasaplaýarys.

«Kompozitoryň» ýaşajyk artistleri

Saz ynsanyň kalbyny heýjana getirýär. Saz ynsanyň ruhy dünýäsine gözellik çaýýar. Ezelden adam jana gelende hem sazyň şirin owazynyň üsti bilen gelendir. Şonuň üçin saz gudratly sungat hasaplanýar. Ol ynsany hemişe özüne bendi edýär, duýgulandyrýar, şatlandyrýar, begendirýär. Şeýle gudratly sungat hakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Kompozitor» atly filmi surata düşürdi. Filmde hassanyň sazyň owazyna agyr keselden aýňalşy, sazyň gudratly täsiri giňden beýan edilýär. Onda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň we Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary surata düşdüler. Şol okuwçylaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Käbe Mämiýewa we Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Resul Derýaýew esasy keşpleri janlandyrdylar. Ýaş, zehinli fortepianoçy okuwçylar öz artistlik ukyp-başarnyklary bilen tomaşaçylarda ýakymly duýgy döretmegi başardylar. Resul Derýaýew filmiň baş gahrymany, kompozitor Merdanyň çagalygyny janlandyrsa, Käbe Mämiýewa Merdanyň gyzy Dilşadyň keşbinde oýnady. Bu bolsa saz

Körpe külalçy

Tüýs «Ata kesbi — ogla halal» diýleni-dä. Ol heniz on dört ýaşyndadygyna garamazdan, atasy Jumabaý aganyň ýedi arka dowam edip gelýän küýzegärçilik kesbine imrindi gidiberdi. Daşoguz welaýatyndaky Akdepe etrabynyň Magtym obasynda ýaşaýan bu oglanjygyň adyna Hudaýar diýýärler. Hudaýar Koşaýew etrapdaky 109-njy orta mekdepde okaýar. Ol her gün mekdepden gelen badyna öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirip bolandan soň, eli sypyndygy, atasynyň ussahanasyna sary ýelk ýasaýar. Tomusky dynç alyş möwsümine çykylany bäri Hudaýaryň diýeni geldi. Bu günler ol günuzyn atasynyň ussahanasynda. Jumabaý aganyň ussahanasy Magtym obasynyň gaýrasyny etekläp geçýän ene ýabyň boýunda ýerleşýär. Külalyň eli galtaşandan çarhyň üstündäki laýa jan giren ýaly bolýar. Pyr-pyr pyrlanýan çarhyň üstündäki bir kelle laý kem-kem küýzä öwrülýär. El hereketini göz astyndan synlap duran agtygyna gözi düşen Jumabaý aga:

Ynsap

Arkadiý GAÝDAR, rus ýazyjysy. (Hekaýa)

Alajadan ýasalýan gülýaka

Mähriban jigilerimiz, siz «Güneş» žurnalynyň geçen sanynyň şu sahypasynda alaja örmekligi öwrenensiňiz. Gyzjagazlarymyz alajany dürli el işlerinde hem ulanýarlar. Alaja ýakalara, elbukjanyň gyralaryna bezeg hökmünde-de dakylýar. Halydan ýerine ýetirilýän gapjyklardyr ýantorbalary hem alajasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Alajadan owadan gülýakalary hem ýasamak bolýar. Geliň, şol gülýakalary bilelikde ýerine ýetirmäge synanyşalyň! Hany onda, alajalaryňyzy we beýleki gerekli esbaplaryňyzy alyp, gülýaka ýasamaklygy öwrenmäge başlalyň! Gerekli esbaplar:

Ýaşajyk aşpezlere maslahat

Ülje şerbedi

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda) Bazar ÖWEZOW, «Ynsan häsiýeti». Mundan 45 ýyl ozal çapdan çykan kitapda ýedi sany hekaýa bar. Ýöne bary-ýogy 37 sahypadan ybarat kitabyň dynç alyş günlerinde sizi mekdebe gaýtadan alyp gitjekdigine ynanýarys. Hawa, kitapdaky hekaýalar siziň deň-duşlaryňyzyň gyzykly başdangeçirmelerini gürrüň berýär. Kitap bilen adybir hekaýa-ha has-da gyzykly. Atajan atly şäherli oglanjygyň obadaky başyndan geçiren gyzykly wakalary sizi dessine özüne çeker.

Gulliweriň täsin syýahaty

Megerem, siz deňze çykyp, täsin wakalara, geň-enaýy başdangeçirmelere duçar bolan adamlar baradaky gyzykly filmlere ýa-da multfilmlere tomaşa eden bolsaňyz gerek. Şolaryň içinde iň gyzyklysy siziň üçin haýsysy?! Özüm-ä Gulliweriň syýahatyny saýlap alardym. Sebäbimi?! Deňze syýahata çykan Gulliweriň barmak boýluja, kiçijek girdenekleriň ýurdunda başdan geçirýän gyzykly wakalary, geň-enaýy pursatlary diňe bir meniň däl, dünýäniň ähli çagalarynyň hem ünsüni özüne çekendir. Geliň, başdan başlalyň! Irland ýazyjysy Jonatan Swiftiň «Gulliweriň syýahaty» atly meşhur eseri esasynda surata düşürilen multfilm hemmeleriň ýadyndadyr. Onda Lemuel Gulliwer atly lukman deňizdäki birnäçe adalarda syýahat edip ýörkä, ol ýerde kiçijek boýly girdenekleriň ýurduna düşýär. Göwresi äpet, döw ýaly Gulliweri gören girdenekler heniz ol ukudaka ýüp bilen daňyp, ondan heder edýärler. Emma päk ýürekli Gulliwer olara zyýan ýetirmän, girdenekler bilen mähirli gatnaşyk saklaýar, olara kömek edýär. Ol girdenekleriň ýurdunda bolanda, ol ýerdäki birnäçe kynçylyklary, uruş-dawany hem çözüp berýär. Gulliweriň mähribanlygy, şadyýanlygy, ak ýürekliligi hemmeleriň, hatda kiçijek girdenekleriň hem göwnüne ýaraýar. Şeýdip, bu äpet adam dünýäniň ähli çagalarynyň, hatda uly ýaşlylaryň hem söýgüli gahrymanyna öwrülýär.

Edebi miras

Nobatguly REJEBOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Men kim?

Oýlan, pikirlen!

Ýaňyltmaçlar Derýanyň aňyrsynda alty garga, bärsinde alty garga, ine boldy on iki garga. Gargalary doň kesek bilen togalatsa-da bolar, togalatmasa-da bolar.

Günüň ýiti şöhlesinden goranyň!

Tomus günleri, köplenç, açyk meýdana çykylýandygy, şeýle-de bu pasylda asmandaky Günüň şöhleleriniň has ýiti bolýandygy sebäpli, çagalardyr ýetginjekleriň her biri Günden goranmagyň düzgünlerini bilmelidir. Gün şöhlesiniň ynsan saglygyna ýaramly taraplary-da köpdür. Ol adamyň kesele garşy goraýjylyk ulgamyny berkidýär. Beden öýjüklerinde süňkler we dişler üçin peýdaly D witamininiň işlenip çykarylmagyna itergi berýär. Bu bolsa çagalar üçin has-da möhümdir.

Kitap bilen dost bolalyň, çagalar!

Şu gün — 2-nji iýulda paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň biri bolan «Ylham» seýilgähinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda çäre geçirildi. Bu çäräniň maksady çagalar edebiýatyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek bolup, körpe nesliň söýgüsini gazanan kitaplaryň birnäçesi olaryň dykgatyna ýetirildi. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserleri, suratlar bilen owadan bezelen hekaýalydyr goşguly, ertekili kitaplar çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Çagalar kitaplarynyň bezeg aýratynlyklarynyň özboluşlylygy olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Kitaphananyň zähmetsöýer işgärleri bu ýere ýygnanan çagalary daşyna jemläp, olara gysga göwrümli kitaplary we kitaplardan bölekleri okap berdiler, okamaklygyň, öwrenmekligiň ähmiýetini dürli tymsallaryňdyr rowaýatlaryň üsti bilen düşündirdiler. Bu çäräniň üsti bilen dynç alyş möwsüminde hem kitapdan üzňe bolmaly däldigi çagalara ýene bir gezek maslahat berildi we kitaphananyň ýaşajyk okyjylarynyň ýylsaýyn köpelýändigi buýsanç bilen nygtaldy.      Bagtly çagalaryň mekany diýlip tanalýan ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň  bilim-ylym almaklary, dynç alyş möwsümlerini oňat geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bagtyýar çagalaryň kitap bilen dost bolup, dünýägaraýyşlaryny, gözýetimlerini has-da giňeldýändikleri buýsançly bellenilmäge mynasypdyr. Hut şonuň üçin

Abadan ýaşaýyş — her bir çaganyň hukugy

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni. Bagtyýar çagalarymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan bu sene mynasybetli BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru NARTEA «Güneşde» myhmançylykda. Biz onuň bilen söhbetdeş bolup, ýaşajyk okyjylarymyzy gyzyklandyrýan käbir sowallar bilen ýüzlendik. — Hormatly Aleksandru Nartea, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Zeminiň ähli künjeginde her bir çaga üçin iş alyp barýandygyny bilýäris. Bu gurama, Türkmenistanda onuň wekilhanasynyň döredilişi hakynda anygrak gürrüň beräýseňiz?!

Her günümiz ýyllara barabar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ruhy başga, mazmuny üýtgeşik, gymmaty tapawutly. Çünki bu ýyl edilen her bir işde, her bir hereketde, aýdylan sözde beýik şahyrymyzyň paýy bar. Dogrusyny aýtsak, biziň bu ýylymyz 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabatda iş saparyny amala aşyran, paýtagtymyzyň günortasynda, gojaman Köpetdagyň eteginde bina edilýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň, şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanşan hem şol ýerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryny okap beren pursadyndan başlady diýsek, ýalňyş bolmaz. Her bir işde öňdengörüjilik ukyby bilen geljegi görüp bilýän Gahryman Arkadagymyz şol ýerde, şol pursatda geljek ýylyň adyny, ruhuny, mazmunyny hem belentligini kesgitläp bildi. Gahryman Arkadagymyzyň okap beren şygry şahyra bagyşlanyp, 300 ýylyň dowamynda döredilen ähli eserleriň naýbaşysy, iň ajaýyby boldy. Eser Magtymguly Pyragynyň derejesine laýyk geldi. Çünki Pyragy ýaly belent şahsyýetlere Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaly beýik ynsanlar doly we dogry düşünýärler hem düşündirip bilýärler.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Pyragyň huzurynda jem dünýäň akyldarlary,Her biri pähim-paýhas sözüň hyrydarlary.

Bagt ýaýrar çagalaň şat sesinden, Sowgat boldy «Arkadagly nesiller»

Gül-gunçalaryň ösýän ýerinde, gözellikler, kebelekler, göze ýakymly görnüşler hem peýda boluberýär. Ynanmasaňyz, gülleriň parç bolup oturan ýerine nazar aýlaýyň, ähli zat gülüň yşkynda perwanadyr. Kebelekler gülüň gunçalaryna gonup, ondan bal şiresini toplap ýören bolsalar, janly-jandarlar, hatda ynsanlaram gülüň gözelligine seredip ganyp bilýän däldirler. Eger-de gül-gunçalaryň gözelligine, görkanalygyna hyrydarlar şeýle kän bolsa, durmuşyň gül-gunçalary hasaplanylýan eýjejik, naşyja balajyklara, garagöz çagajyklara bildirilýän söýgi-mähir näçekä?! Olara söýgi, hormat ummasyzdyr. Ýylgyryşy açylyp duran gülleri ýadyňa salýan bagtyýar çagalar — biziň durmuşymyzyň, ömrümiziň nowjuwan gülleri, ter çemenleri. Olaryň bar ýerinde, ýaşaýyş, gülki, şatlyk bar. Olaryň ýylgyran ýerinde ýaşaýşa höwes, hyjuw, söýgi bar. Çaga gülküsiniň hemişelik ýaňlanýan ýerinde — ata Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň şadyýan oýnap gülmegi, rahat dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Häzirki wagtda tomusky dynç alyş günlerine çykan bagtyýar körpeler çäksiz mähir-söýgi bilen gurşalyp, olaryň dynç alyş günleriniň gyzykly, manyly geçmegi üçin ýurdumyzda birnäçe döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Tomsuň ilkinji günlerinden çagalaryň ýüzlerçesini öz gujagyna ýygnan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri ähli döwrebap şertleri, dynç almaga oňaýlylygy, rahatlygy bil

Ýatdan çykmajak gün

(Hekaýa) Biz obada seleň-sähra ýerde ýaşaýardyk. Howlymyz giňdi. Biz säher hem-de agşamaralar maşgala agzalarymyz bolup üýşüp, giň ýaýrawly howlymyzyň üzüm dalbarynyň aşagyna düşek düşelen ýerde nahar edinerdik.

Arzyly kitap

(Hekaýa) Öýümiziň aýratyn bir otagynda atamyň kitaphanasy bardy. Atam mugallymdy. Okumyş, kitaphon adamdy. Kitaphanasyndaky köp kitaplary ýatdan bilýärdi. Ýöne atamyň bir häsiýeti bardy. Ol kitaphanasyna girende, şol bir kitaby sesli görnüşde okaýardy. Mende «Atam näme üçin şol bir kitaby okaýarka?» diýen sorag döreýärdi. Ine, günleriň birinde biz kitaphananyň içini tämizläp ýördük.

Goýnuňda dynç alşym gyzykly geçýär, Gyzgalaňly paslym, şadyýan paslym!

Salam, tomus! Seniň geleriňe ulular hem garaşandyr welin, çagajyklaryň-ha garaşanlygyna şek-şübhe ýok. Olaryň käbiri sende ýetişýän ir-iýmişleriň datly tagamyny küýsäp garaşan bolsa, ýene käbirleri sergin howaly Gökderededir jenneti mekan hasaplanýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç almaga howlugdylar. Obada ýaşaýan atalarynadyr dogan-garyndaşlaryna gezmäge gidip, tomsuň agramly bölegini şol ýerde geçirmäge höwesek şäherli çagalar-da kän. Tylla güýz, aýazly gyş, al-elwan gülleri bilen topraga haly ýazan ýaz, bularyň ählisi öz nobatyny yzygider ötürip, öz ornuny tomus paslyna berdiler. Eý, tomus, seniň gelmegiň bilen hatda Gün hem has-da sahylaşyp, jomartlaşyp, öz nuruny bolluk bilen eçilýär. Ajaýyp goýnunda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ençemesini jemleýän Gökdere tomsuň gelmegi bilen ýaşajyk nesillerimize giňden gujak açdy. Awazada we mekdepleriň çäklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri-de dynç alýan, wagtyny hoş geçirýän çagalardan doldy. Bu ýerde çagalar dünýä ülňülerine laýyk derejede dynç alýarlar, kitaphanalarda kitap okamak bilen meşgullanýarlar, surat çekýärler, oňat naharlanýarlar, wagtly-wagtynda ukularyny alýarlar, bilim-sowadyňy artdyrmaga itergi berýän oýunlary oýnaýarlar. Toparara, merkezara guralýan dürli sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň dürli künje