"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Enäniň aýdymy

Kaýum TAŇRYGULYÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. (Hekaýa)

Çaga kalbynyň owazy

Köňüllerde orun alan Pyragy Nusga bolup geldiň döwürden-döwre,Köňüllerde orun alan Pyragy.Her bir şygryň bu gün seýikdir göwne,Arzuwlary hasyl bolan Pyragy.

Başarnyk

(Hekaýa) Durdy ekabyr çykyp barýan oglanjykdy. Ýöne näme üçindir onuň zähmet bilen arasy o diýen däldi. Ýogsa öýüň ýeke çagasy ýa bir körpesem däl, ol maşgalada ortanjy oguldy. Kakasy mugallym bolansoň, säher bilen işe giderdi. Ejesi-de uly hojalygyň işleri bilen başagaýdy. Durdy bolsa çaý-çörekden soň, uzynly gün syrgynyň oglanlary bilen ýa aşyk oýnar, ýa-da çilik.

Tebigatym

Reňbe-reň gülleriň hoş ysyn beslän,Gözelligiň misli bag bilen bossan,Bilbil owazyndan joş alan kyssam,Owazly, joşgunly sen, tebigatym! Bardyr şaglap duran çeşme-çaýlaryň,Bardyr gatbar-gatbar beýik daglaryň,Zowky-sapalydyr ajap çaglaryň,Gör, neneň şowhunly sen, tebigatym!

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

«Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň»atly döredijilik bäsleşigine Mähriban çagalar, žurnalymyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» atly bäsleşik yglan edilipdi. Bu bäsleşige zehinli suratkeş jigilerimizden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda tebigat gözellikleriniň beýanyny açyp görkezýän ençeme suratlar gelip gowuşdy. «Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi» sahypamyzda Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçylarynyň çeken suratlaryny size ýetirýäris.

Ykbala uzaýan ýol

(Hekaýa) Ir ertirlerine oýarmak hyllalla bolsa-da, Öwez bu gün guşlar bilen deň oýandy. Özem şähdaçyk. Onuň maksady — mekdebe irräk gitmek. Tizden-tiz ertirlik çaýyny içip, ýola düşdi. Bu mahal ýolda synpdaşlarynyň hiç haýsynada gabat gelmedi. Şonuň üçinem säher görnüşlerini synlap, howlukman ädimläp barýardy.

Taekwondonyň ýaş ussady

Taekwondo ITF boýunça tutluşyk meýdançasynda 5 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli çykyş edip gelýän ýaşajyk türgenlerimiziň biri Ysmaýyl Taýlyýewdir. Ol Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 4-nji synpynda okaýar. Okuwdan boş wagtlary sport mekdebine, türgenleşik zallaryna yzygiderli gatnap, öz taýýarlygyny ýokary depginde alyp barýar. Ýaňy 10 ýaşyny doldurandygyna garamazdan, Ysmaýyl eýýäm ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlarda birnäçe gezek çempion bolmagy başardy. Has dogrusy, ol 2022-nji ýylyň iýul aýynda Taekwondo ITF boýunça Aşgabat şäheriniň çempionatynda 30 kilogram agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, I orny eýeledi. Şeýle-de şol ýylyň noýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem I orny gazandy. Bu Ysmaýyl jigimiziň şahsy tutluşyklardaky ilkinji üstünlikleridir. 2023-nji ýylyň maý aýyndan Ysmaýyl eýýäm ýurdumyzyň adyndan halkara ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Ol Estoniýa döwletiniň Tallin şäherinde Taekwondo ITF boýunça geçirilen halkara ýaryşynda 30 kilogram agram derejesinde çykyş edip, şahsy tutluşykda I orny, 8-9 ýaşly çagalaryň arasynda şahsy tulda II orny gazanmagyň hötdesinden geldi. Mundan başga-da, ol şol ýylda ýurdumyzda Taekwondo ITF boýunça geçirilen birnäçe ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary gazandy.

Ýetginjek hokkeýçileriň üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hokkeý ýaşlaryň köpçülikleýin saýlap alýan sport görnüşleriniň birine öwrüldi. Ýetginjekler boýunça milli ýygyndymyz mart aýynda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde Gonkongyň, Tailandyň we GAR-yň toparlarynyň gatnaşmagynda «B» toparyň üçünji diwizionynyň dünýä çempionatynda çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Milli ýygynda «Galkan» hokkeý toparynyň ýaşlar ýygyndysynyň tälimçisi Guwançmyrat Jepbarow tälimçilik etdi. Şeýle hem ýaşlaryň bu ýaryşda üstünlikli çykyş etmeginde kömekçi tälimçi Maksat Ataýewiň uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Içeri işler ministrliginiň «Galkan», Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Şir» we «Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Oguzhan» toparlaryndan ýaş hokkeýçileriň 20-si wekilçilik etdi. Ýetginjekler toparynyň düzüminde çykyş eden mekdep okuwçylaryndan Serdar Durdyýewiň, Isgenderhan Durdyýewiň, Elman Isaýewiň, Soltanhamit Wahytowyň, Şöhrat Begliýewiň atlaryny agzamak bolar. Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň oýunçysy Elman Isaýew çempionatyň iň gowy oýunçysy hökmünde saýlandy. Serdar Durdyýew bolsa bir oýunda dört şaýba geçirip, ýokary netije görkezdi.

Zehinli okuwçylarymyz halkara giňişliginde

Heniz ýaşlygyna garamazdan, halkara giňişliginde öz ukyp-başarnyklaryny ykrar etdirip, türkmeniň ýaşyl Tuguny parladýan ýiti zehinli ýaş nesillerimiz barmak büküp sanardan juda kän. Žurnalymyzyň şu sanynda hem şeýle ýaş nesilleriň birnäçesi hakyndaky gyzykly maglumatlary size ýetirýäris. Sanlar dünýäsiniň perwanasy

Galpaklyja balalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine Türkmen halkynda kiçijik çagalaryň ýakym-ýaraşygy bolan mymyjak galpaklaryny gyrkmak däbi bar. Çaganyň ilkinji saçyny almak, aýyrmak maşgala dabarasy hökmünde geçirilipdir. Bu dabara «Gulpak toýy» ýa-da «Galpak toýy» diýlip atlandyrylyp, çaga bir ýaşynda saçy syrylyp aýrylypdyr.

Şänik

Lew TOLSTOÝ, rus ýazyjysy. (Hekaýa)

Kömekçi gyzjagaz

Nina PAWLOWA, rus ýazyjysy. (Hekaýa)

Tebigatymyzyň gözelligini goralyň!

Mähriban çagalar! Ýurdumyzyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri tokaý seýilgäh zolaklarydyr. Tokaý seýilgäh zolaklary Ýer togalagynyň howasyny arassalaýar. Sebäbi kislorodyň altmyş göterimi tokaý seýilgäh zolaklarynyň baglaryndan emele gelýär. Tokaý dünýäniň ähli ýurtlarynyň halk hojalyklarynyň aglaba pudaklarynyň çig mal alýan ýaşyl hazynasydyr. Emma gynansagam, tokaý seýilgäh zolaklarynyň bir howply garşydaşy bar, ol bolsa ýangyn howpudyr. Köp ýyllaryň dowamynda gözel tebigatymyz tarapyndan emele gelen ýa-da zähmetsöýer raýatlarymyzyň azaby bilen döredilen tokaý seýilgäh zolaklary ýangyn howpundan heläk bolup bilýändigini unutmaly däldiris.

Alaja

Alaja türkmen milli el işleriniň ähli görnüşlerine eriş-argaç aralaşyp, özboluşlylygy, gözelligi bilen haýran galdyrýar. Alaja — türkmen halkynyň ajaýyp, täsin sungaty. Nepis hem-de syk örülen alajalar mukaddes öý-ojagymyzyň gapysyndan başlap, tä törüne çenli uzaýan umyt-arzuw, bezeg hem zynat. Alajalar dürli hili bolýar. Biz žurnalymyzyň geçen sanynda ak we gara sapaklardan işilen alajalar barada maglumat beripdik. Geliň, bu sanymyzda bolsa alaja örmegiň bir usulyny öwreneliň. Örüm alajalary dört reňkli sapaklardan saç örülen ýaly örülýär. Gerekli esbaplar:

Ýertudanaly we bananly süýjülik

Gerekli önümler: 4 sany şokolad (alpen gold),

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda) Nobatguly Rejebow, «Dili peltek — bezbeltek». Nobatguly Rejebow ulularyň hem diýseň söýüp okaýan şahyrlarynyň biri. Onuň çagalara niýetläp ýazan goşgulary tüýs çaga dünýäsine kybap. Bu goşgularda gyzyklyja wakalar hem, degişme-de, täsinlik hem näçe diýseň bar. Goşgular, bir görseň-ä, sizi alabaharyň täsin günlerine, bir görseň, deňze, bir görseňem, daga syýahata alyp gider. Kitabyň sahypalarynda öýi bulaşdyrýan Myratdan öýkelän sübsä, aglajyk Agalyjyga, eliniň hapasyny bahana edip, aýagyny ýuwmaga ýaltanýan oglanjyga, başga bir ýyndam oglanjyga, ikiligi bir görseň-ä, elektrikleriň demir dyrnagyna, bir görseňem, gaza meňzedip ýören Esene, akwariuma eremeýän buzdur öýdüp ýören balyjaga gabat gelersiňiz. Garaz, her goşgy sizi aýratyn dünýä alyp gidýär. Bary-ýogy 30 sahypalyk kitabyň siziň şu ýyl okan goşguly ýygyndylaryňyzyň iň gowularynyň biri boljakdygyna ynanýarys.

Kiçijek Sinba

Birdenkä öňüňizden ýolbars ýa-da gaplaň çykaýsa, gorkarsyňyzmy?! Gorkmaz ýaly-da däl. Olar çyksa, diňe bir kiçi ýaşly çagalar däl, eýsem, özümizden uly ýaşdakylar hem eýmense gerek. Sebäbi Janly tebigatyň milli muzeýine baranymyzda, ýolbarsyň hem gaplaňyň eýmendiriji nazaryny görüpdik. Ýöne men bu gezek ol gorkunç haýwanlar hakynda däl-de, multfilmlerde görkezilýän naşyja, mähirli ýolbars çagajygy barada gürrüň etmekçi. Özi-de ol beýleki ýolbarslar ýaly gorkuly däl-de, ýylgyryp ýören, degişgenje kiçijek ýolbars. Ony her birimizem gowy tanaýan bolsak gerek, ol biziň söýüp tomaşa edýän «Şa ýolbars» («Korol Lew») multfilmindäki kiçijek ýolbarsymyz — Sinba. Gören bolsaňyz, multfilmde ýaňy dünýä inen Sinba — uly bir sähranyň hem janly-jandarlaryň ýolbaşçysy bolan şa ýolbarsyň ýeke-täk perzendi. Kiçiligine garamazdan, Sinba örän bilesigeliji bolup, ol tutuş sährada beýleki haýwanlar ýaly oýnasy, ylgap bökjekläsi gelýär. Ýöne oňa rugsat berilmeýär, sebäbi onuň daş-töweregi ýabany ýyrtyjylardan, duşmanlardan doly, üstesine-de, ol şa ýolbarsyň ýalňyz perzendi. Şonuň üçin-de, oňa beýleki deň-duşlary ýaly öýden uzaklaşmaga, nätanyş haýwanlar bilen gürleşmäge hem rugsat berilmeýär. Muňa garamazdan, bilesigeliji Sinba birnäçe haýwanlar bilen dostlaşyp, olar bilen köp kynçylyklary başdan geçirýär. Maşgalasyna hem janly-jandarlara howp salýan duşmanlardan üstün çykyp, iň soňunda, Sinbanyň özi

Edebi miras

Mämmet SEÝIDOW Kirpijik

Oýlan, pikirlen!

Krossword Mähriban çagalar, nakyllardan galdyrylan sözleri krossworda dogry ýerleşdirseňiz, reňkli dik sütünde bir şahyryň adyny okarsyňyz.

Çaga gürrüňlerinden

Bir gün Gök gübürdäp, ýyldyrym çakýar. Nämäniň nämedigine akyl ýetirip bilmedik Merdanjyk atylyp öýlerine girýär. — Hä, balam, Gök gübürdäp, ýyldyrym çakýar-a, heý, ondanam gorkarlarmy?