Welosipedli waka
(Hekaýa) Bahar paslynyň gelmegi bilen howa öňküsinden maýlady. Howanyň gowşamagy ýaňy üç ýaşyny dolduran Adylyň gowy görüp oýnaýan oýunlarynyň biri bolan üç tekerli ýaşylja welosipedini howluda sürüp oýnamagyna oňyn şert döretdi. Ol welosipedini ýeke sürse-de sürýär welin, ine, goňşy dosty Serdar hem edil özüniňki ýaly welosipedi bilen howluda peýda boldugy ýaryşyp sürüp ugraýarlar, şowhun onsoň has-da ýokary göterilýär. Sebäbi olaryň welosiped «çapyşygyna» mahal-mahal birgiden janköýerleri — körpeje bäbeklerini göterip, ýanlary bilen çykan ejeleri, büdrese göterip galdyrmaga taýyn kakalary hem höwes bilen tomaşa edýär ahbetin. Onsoň ýaşlary olardan az-kem uly bolan oýnuň beýemçileri Merdandyr Muhammedaly hem ellerine tapan-tupan ýaglyklaryny ýelkildedip, biri başlangyç nokatda (ol howlynyň başujunda başlanýar), beýleki birem pellehanada durup (bu-da howlynyň aýagujunda ýerleşýär) demir bedewleri «hokranyşyp» duran «çapyksuwarlary» ýola salýarlar. Ýaryşa çyny bilen berlen iki meňzeşje oglanjyklaryň aýaklaryny haýdadyp, welosiped sürüşlerine ýylgyrman seretmeg-ä asla mümkin däl. Her gezegem şeýle bolýar. Bu gezegem şeýle boldy. Ýaryş başlandy welin, hemme «janköýerler» şowhun bilen «Bol Adyl-da, bol Serdar!» bolşup, gülşüp, welosiped sürýän çagalaryň «häsini» ýetirdiler. Ýöne birdenem pellehana ýetip barýan Adyl welosiped sürmesini goýdy-da, ýere dikanlap seredip durdy. S