Welosipedli waka

11 Mart 2024
791

(Hekaýa)

Bahar paslynyň gelmegi bilen howa öňküsinden maýlady. Howanyň gowşamagy ýaňy üç ýaşyny dolduran Adylyň gowy görüp oýnaýan oýunlarynyň biri bolan üç tekerli ýaşylja welosipedini howluda sürüp oýnamagyna oňyn şert döretdi. Ol welosipedini ýeke sürse-de sürýär welin, ine, goňşy dosty Serdar hem edil özüniňki ýaly welosipedi bilen howluda peýda boldugy ýaryşyp sürüp ugraýarlar, şowhun onsoň has-da ýokary göterilýär. Sebäbi olaryň welosiped «çapyşygyna» mahal-mahal birgiden janköýerleri — körpeje bäbeklerini göterip, ýanlary bilen çykan ejeleri, büdrese göterip galdyrmaga taýyn kakalary hem höwes bilen tomaşa edýär ahbetin. Onsoň ýaşlary olardan az-kem uly bolan oýnuň beýemçileri Merdandyr Muhammedaly hem ellerine tapan-tupan ýaglyklaryny ýelkildedip, biri başlangyç nokatda (ol howlynyň başujunda başlanýar), beýleki birem pellehanada durup (bu-da howlynyň aýagujunda ýerleşýär) demir bedewleri «hokranyşyp» duran «çapyksuwarlary» ýola salýarlar. Ýaryşa çyny bilen berlen iki meňzeşje oglanjyklaryň aýaklaryny haýdadyp, welosiped sürüşlerine ýylgyrman seretmeg-ä asla mümkin däl. Her gezegem şeýle bolýar. Bu gezegem şeýle boldy. Ýaryş başlandy welin, hemme «janköýerler» şowhun bilen «Bol Adyl-da, bol Serdar!» bolşup, gülşüp, welosiped sürýän çagalaryň «häsini» ýetirdiler. Ýöne birdenem pellehana ýetip barýan Adyl welosiped sürmesini goýdy-da, ýere dikanlap seredip durdy. Soňra öňde haýdap barýan Serdary hem çagyryp, iki bolup welosipedden düşdüler-de, çommalyp oturyp, kiçijik barmajyklaryny uzadyp, bir zatlar diýişdiler. Şowhunyň duýdansyz kesilmegi hemmeleriň ünsüni çekdi. Ulularyň oglanjyklaryň ýanyna golaýlaşdyklaryça-da ysgynsyzja jürküldiniň sesi eşidilip ugrady. Ine, görseler, gyzyletene gögerçin jüýjesi. Adylyň ony görmegi hem tötänleýindi. Oýnuň gohy-galmagaly bilen haýsydyr bir gögerçiniň gyzyletene jüýjesini garagol pişigiň aljak bolup, üçege münenini, mäkiýan gögerçiniň ony halas etjek bolup, söweşip, iň soňunda-da, guşjagazyň ýere gaçanyny howludakylaryň hiç biri duýmasa, bilmese, görmese nätjek! Ol gün şeýdip welosipedli oýun soňlanman ýatyryldy. Duranlar guşjagaza seredýärdiler. Soňra gögerçinleriň ýaşaýan üçegine tarap merduwan diräp, ýokary galdyrdylar. Üçegiň bukuja ýerinde höwürtge gurnan gögerçiniň öýjagazyna garagol pişik zerarly az-kem şikes ýetenem bolsa, öýjagazyny mertlik bilen goran gögerçiniň iki sany gyzyletene jüýjesi bardy. Onýança-da ene gögerçin bolmaly, agzynda bir zatlar alyp üçege — höwürtgesine tarap uçup girenini gören Adyldyr Serdar «Ejeleri geldi» diýşip begenişip, çapak çalmaga durdular.

Ogulkeýik NURBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.