Maksat tutan myradyna gowşar

11 Mart 2024
1076

«Guş ganatsyz bolmaz, adam — arzuwsyz» diýlişi ýaly, her bir adam çagalygyndan bir hünäriň ussady bolmagy arzuw edýär. Kalby şeýle arzuwlardan doly zehinli ýaşlarymyzyň biri Arslan Arturowdyr. Ol Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 64-nji orta mekdebiň 10-njy synpynda okaýar. 2019 — 2023-nji ýyllarda Çärjew etrabynyň çagalar sungat mekdebinde nakgaşçylyk hünäri boýunça okap, surat çekmegiň inçe syrlaryny öwrenýär. Onuň çagalar sungat mekdebindäki mugallymy hem halypasy ejesi Hamida Nabiýewadyr. Olaryň maşgalasy «sungat maşgalasy» hökmünde tanalýar. Arslanyň gyz jigisi hem surat çekmäge höwesek. Şeýle-de onuň kakasy we oglan jigisi saz çalmak bilen meşgullanýarlar.

Arslan surat çekmek boýunça ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýär. Ýaş suratkeş 2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Amyderýanyň gününiň bellenilmegi mynasybetli geçirilen «Amyderýa — dostlugyň derýasy» atly surat çekmek boýunça halkara bäsleşigine gatnaşyp, III orny eýelemegi başarýar.

Gülnäz ÝAGMUROWA,
«Güneş».