Dört ýyldan gaýtalanýan gün
Eziz jigiler, dört ýyldan soň gelýän günüň haýsy gündügini-hä eýýäm bilýän bolsaňyz gerek. Hawa, ol gün — 29-njy fewral. Bu gezek ol günüň 2024-nji ýylyň nesibesine düşendigini her birimiz bilýäris. Bu artykmaç gün näme üçin dört ýyldan bir gezek gelýärkä?! Näme üçin ol her ýyl bolmaýarka?! Ylmy çeşmelere görä, her dört ýyldan gelýän 29-njy fewralyň aý-günüň hasabynyň takyk bolmagy üçin senenama goşulandygyndan biz habarlydyrys. Ýöne bu barada körpe jigilerimiz nähili pikir edýärkä?! Geliň, olaryň gyzykly pikirlerini diňläp göreliň! 1. Enemiň aýtmagyna görä, şol günde iň gowy, akylly adamlar dünýä inýärmişin. Onda menem dünýäde iň akylly adamlaryň biri bolmaly. Sebäbi şol günde men doglupdyryn.