Bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülen eziz Watanymyzda ussat suratkeşlerimiz, nakgaşçylarymyz tarapyndan çagalaryň özüne maýyl ediji keşpleri arkaly ençeme ajaýyp nakgaşlyk eserleri kemala geldi. Suratkeşler özüneçekiji hem açyk reňkleriň dürli öwüşginlerinden peýdalanyp, mähir-mylakata hem hoşniýetlilige ýugrulan çagajyklaryň ajaýyp keşplerini döredýärler. Şeýle suratkeşleriň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, taryh ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat» medallarynyň eýesi Öwezmuhammet Mämmetnurow hakyky hyjuwa beslenen owadan çaga portretleriniň ussady hasaplanylýar.
Ussat halypa 1954-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynda dünýä inýär. Ilkinji çeperçilik bilimini 1970 — 1974-nji ýyllar aralygynda öňki Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde (häzirki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi) alýar. Bilimini kämilleşdirmek maksady bilen, 1975 — 1980-nji ýyllar aralygynda Ukrainanyň Harkow çeperçilik-senagat institutynda okaýar. Ol dünýä derejesindäki sergilere gatnaşyp, öz nakgaşlyk, grafika we dizaýn eserleri hem-de şol sanda ýaş nesillere ýazan birnäçe ylmy kitaplary bilen özüni ussat hökmünde tanatdy. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň kemala gelmegine we kämilleşmegine goşan saldamly goşandy üçin ol döwlet sylaglaryna we baýraklara eýe boldy. Onuň ähli hyjuwy we çekýän irginsiz zähmeti milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň halkara derejesinde wajyp orny eýeläp, täze ýoly kemala getirdi.