(Hekaýa)
Uzak gije zemini bezemek bilen meşgullanan bulutlar daňa golaý uka gitdiler. Uka gitmezinden ozal, olar zeminiň gyş köýnegini taýýarlap ýetişipdiler. Zemin egnindäki akja lybasy bilen hasam owadan görünýärdi. Howa ýumşakdy. Gar oýnamak höwesi dörän islendik kişi arkaýyn bu islegine gowşup biljekdi. Günem ýuwaşlyk bilen özüniň bardygyny bulutlaryň arkasyndan ýatladyp başlady. Zemin bolsa edil zer sepilen ýaly öwşün atýardy. Myratjyk bu gözelligi penjireden synlap durşuna ertirlik edinmezden, telwas edýän ýüreginiň badyna daşaryk ylgasy geldi. Aýsoltan gelneje oglunyň bu islegine böwet boldy. Ol ertirlik edinip otyrka-da, daşardaky mymyjak, ýumşajyk gar barada oýlandy. Ýöne gün tertibi boýunça ak mekdebe sary ýola düşmeli boljakdygyny ol bilýärdi. Häzir kakasy oglunyň taýýar bolaryna mähetdel, ony ulagy bilen mekdebe düşürip gaýdar. Onsoň hyýalynda janlanan gar adamy ýasamak pikiri ýene ýarym günlük dagy yza süýşer. Birdenem onuň kellesine bir gowuja pikir geldi. Ol: