Bilimden paýyňy al!

10 Fewral 2024
714

Bilim hem ylym ýolumyza ýagty saçýan şamçyragdyr. Her bir ätjek ädimimiziň ýagtylanmagy üçin bolsa bilimden öz mynasyp paýymyzy almalydyrys. Munuň üçin biziň ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir.

Geçen ýylyň noýabr aýynyň 5 — 11-i aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde fizika, tehnologiýa, robot tehnologiýasy boýunça okuw maksatnamasy esasynda sapak geçirildi. Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 61-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Medine Patyşagulyýewa hem deň-duşlarynyň birnäçesi bilen bilelikde şol ussatlyk sapaklaryna gatnaşyp, öz bilimlerini çuňlaşdyrdylar. Bu sapaklara dünýäniň birnäçe döwletinden ýokary synp okuwçylary gatnaşyp, öz bilim gorlaryny has-da baýlaşdyrdylar. Soňra şol okuw maksatnamasy esasynda ýaşlaryň öwrenen sapaklary boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Türkmenistanly mekdep okuwçylary Özbegistan, Täjigistan, Kipr, Hindistan döwletlerinden, şeýle-de Hytaý Halk Respublikasyndan gelen deň-duşlarynyň birnäçesi bilen bäsleşdiler. Sapaklara gatnaşan okuwçylara, şol sanda Medine Patyşagulyýewa hem Ýaponiýanyň Ylym we tehnologiýa agentliginiň ýörite şahadatnamasy gowşuryldy.

«Güneş».