(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda)
Aman Annamyradow, «Guzujyk», Annaoraz Baýramow, «Ejem janyň elleri». Ýalňyş okamadyňyz. Mundan 41 ýyl ozal çap edilen kitapda iki şahyryň çagalar, has takygy, kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin ýazan goşgulary bilelikde berlipdir. Bu has gowy, şeýle dälmi?! Bir kitapda şahyrlaryň ikisiniň döredijiligi bilen tanyş bolýarys. Goşgy okamagy halaýan çagalar üçin bu kitabyň ajaýyp sowgat boljakdygyny aýratyn aýtmak gerek. Sebäbimi? Sebäbi kitap sizi fewral aýynda bahara, kömelek ýygmaga, Aýjeren atly gyzjagazyň dostlary bilen tanyşmaga, öýkelek horazjygyň ýanyna we başga-da köp ýere syýahata alyp gider. Kitapda size täsirli goşgularyň we poemalaryň 50-den gowragy garaşýar.