Size şeýleräk sowal bilen ýüzlenmekçi: «Gyş diýilse, ilki bilen, näme göz öňüňize gelýär?!». Her kimiň bu sowala dürlüçe jogap berjekdigini bilýärin. Kimler gyş diýilse, akja gary göz öňüne getirýän bolsa, kimler sowuk, çapgyn şemaly bilen endam-janyňy üşedýän gyş howasyny hakydasyna getirýändir. Haýsy bolsa-da, gyşyň gözellikleri, täsinlikleri her kime dürlüçe täsir edýär. Meniň özüm-ä gyş diýilse, akja gary togalap, ondan gar adamyny ýasaýşymyz göz öňüme gelýär. Sebäbi gar ýaganda, ilki bilen, gar adamy ýasamak her bir çaga üçin gyzykly güýmenjeleriň biri. Şonuň üçin-de, gar adamy — gyşyň iň arzyly, söýülýän gahrymanlarynyň biri.
Üç bölek gary togalap, olary bir-biriniň üstünde goýmak, kellesine bedre geýdirip, burnuna gyzyl käşir dakmak, ellerine şaha bölejiklerini oturdyp, boýun ýaglygyny dakmak gar adamyny has-da gelşikli, göze ýakymly görkezýär. Biz hemişe deň-duşlarymyz bilen iň owadan, gelşikli gar adamyny ýasamakda bäsleşerdik. Ony iň gelşikli, owadan ýasanlar bolsa hökman ýeňiji bolardylar.