Tokaýda ýaşaýan oglanjyk
«Heý-de, tokaýda-da ýaşap bolarmy?!» diýýänsiňiz. Hawa, ylalaşýan. Dürli ýyrtyjy haýwanlaryň — gaplaňlaryň, aýylaryň, süýreniji jandarlaryň ýaşaýan ýerinde ýaşamak diýseň gorkuly ahyry. Ol ýerde ýaşamag-a däl, ýekelikde gezelenç etmek, tokaýa syýahata çykmak hem birbada gorkuzýar. Emma tokaýda ýaşap, möjekleriň arasynda ösüp ulalan oglanjygyň bardygyny-ha her birimiz bilýän bolsak gerek. Hawa, ol gaýduwsyz, hiç zatdan gorkmazak oglanjyk — Maugli. Iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň «Jeňňelleriň kitaby» atly eserinden «Maugli» baradaky ertekini okamagy ýa-da ol hakyndaky multfilme tomaşa etmegi biziň her birimiz diýseň gowy görýäris. Sebäbi möjekleriň arasynda ösüp ulalan oglanjygyň tokaýdaky jandarlar bilen dost bolup, dürli kynçylyklara uçrasa-da, olaryň ýanynda bolmagy, gaýduwsyzlygy, wepalylygy, başyndan geçirýän gyzykly wakalary bizi diýseň özüne çekýär. Üns berýän bolsaňyz, bu ertekide oglanjygyň gözlegine çykan äpet gaplaň Mauglini ele saljak bolup, kän synanyşsa-da, başa barmaýar. Maugli ugurtapyjylygy, batyrlygy bilen ol gaplaňdan üstün çykyp, diňe bir özüni däl, tokaýyň ähli haýwanlaryny hem ýyrtyjydan halas edýär. Şeýdip, ol tokaý jandarlarynyň hem-de ähli çagalaryň söýgüli gahrymanyna öwrülýär.