"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Akylly oglanjyk

(Rowaýat) Gadymy döwürlerde hanlaryň biri medresäniň ýanyndaky çagalaryň okadylýan ýerine barypdyr. Ol çagalara sapak berýän müderris bilen görşüp, saglyk-amanlyk soraşypdyr. Çagalara, daş-töweregine göz aýlapdyr. Şonda bir oglanjyk hanyň ünsüni özüne çekipdir. Han onuň bihal däldigini aňypdyr.

Tomus möwsüminde taplama çärelerini guramagyň ähmiýeti

«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynda» çaganyň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň görkezijileri dogrusynda ýaş nesilleriň durmuşa taýýarlygy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de komminikatiw (çaganyň ýakynlary we beýleki çagalar bilen bilelikde oýnamak, meşgullanmak) endiklerini ösdürmeklige üns berilýär. Tomus möwsüminde körpeler bilen dürli gyzyklanma we göwnaçma çäreleri, aýdym-sazly çykyşlar, hereketli hem-de many-mazmunly oýunlar, duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlar, bäsleşikler yzygiderli guralýar. Esasan-da, tomus möwsüminde çagalar bakja-bagynyň körpeleri bilen guralýan bedeni taplama, endamyny sürtme, suwa taplama çäreleri tassyklanan gün tertibine laýyklykda, her gün günüň birinji ýarymynda geçirilýär. Körpeler bilen açyk howada geçirilýän bu çäreler gün tertibinde göz öňünde tutulan irki maşklaryň, gezelençleriň çäginde guralýan dürli hereketli oýunlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Oýun meýdançalarynda taplama çärelerini geçirmek üçin taýýarlanylan ýörite ýodajyklarda çagalar bilen açyk howada gezelençler guralýar. Şunuň ýaly çäreleriň irki ýaşdan başlap geçirilmegi körpeleriň bedeniniň berkemeginde, hereket işjeňliginiň artmagynda, olaryň ruhubelent, şadyýan kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Tomus paslynda çagalaryň

Döredijilik maslahaty geçirildi

Şu gün — 3-nji iýunda paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň guramagynda «Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň buýsanjydyr» atly döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatda bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesillere döredilýän giň mümkinçilikler, ähli amatly şertler we belent özgertmeler dogrusynda çykyşlar edildi. Çykyş edenleriň arasynda žurnalistler, döredijilik işgärleri, artistler, ylym-bilim işgärleri hem-de suratkeşler bar. Olar ata Watanymyzyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan çagalaryň abadan durmuşy üçin amala aşyrylýan beýik özgertmeler hakynda birin-birin durup geçdiler. Ýurdumyzyň joşgunly günlerinde şol beýik özgertmeleriň özüniň giňden beýanyny tapýandygyny nygtadylar. Şeýle-de çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde çagalar üçin sowgat edilýän desgalar, çagalar baglarydyr mekdepler, döredijilik öýleri, kitaphanalar dogrusynda buýsançly bellenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp döwürde halkymyzyň bagtyýar, eşretli ýaşamagy ugrunda irginsiz zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Çagalary goramagyň halkara güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi

Şu gün — 1-nji iýunda paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat», «Daşkent» dynç alyş seýilgählerinde we «Älem» medeni dynç alyş merkezinde, «Ertekiler dünýäsinde», Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli şatlyk-şowhunly dabaraly çäreler giň gerime eýe boldy. Oňa ýurdumyzyň medeniýet müdirlikleriniň ýörite çeperçilik, sungat mekdepleriniň okuwçylary, çagalar baglarynyň körpeleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we köp sanly raýatlarymyz gatnaşdylar. Ir säher bilen dabaraly ýagdaýda gujak geren seýilgählerde, medeni dynç alyş merkezlerde aýdym-sazly çykyşlar, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we sirk artistleriniň tomaşalary bagtyýar çagalaryň baýramçylyk ruhunyň ýokary göterilmegine itergi berdi.

Şat dünýäniň bagtyýar waspçylary

Şu gün — 1-nji iýunda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň ýaş suratkeşleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemlän bäsleşikde Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, welaýatlarymyzdan gatnaşan ýaş nesilleriň içinden jemi 21 okuwçy ýeňiji diýlip yglan edildi.

Döredijilik bäsleşigi jemlendi

Şu gün — 23-nji maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasynda döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan mekdep okuwçylary sylaglanyldy. «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Tebigaty goramak jemgyýetiniň bilelikde «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» atly yglan eden bu bäsleşigi ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda makala ýazmak we surat çekmek boýunça guraldy. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden döredijilige höwesli çagalaryň ýüzden gowragy öz işlerini bäsleşige hödürlediler. Işlerde Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine we şahyryň döredijiligindäki tebigatyň waspyna degişli gyzykly maglumatlar jemlenip, çeper beýan edilipdir hem-de inçelik bilen şekillendirilipdir. Netijede, eminler topary şulary ýeňiji diýip yglan etdiler. Makala ýazmak ugry boýunça:

«Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

Şu gün — 14-nji maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda  «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda yglan edilen «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşik düzme we hekaýa ýazmak hem-de surat çekmek ugurlaryny öz içine aldy. Oňa paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň 195-si öz işleri bilen gatnaşdylar. Netijede, eminler topary bäsleşige hödürlenen işleriň içinden şu aşakdakylary ýeňiji diýip yglan etdi: Hekaýa ugry:

Türkmen binasy

Magtymguly PYRAGY Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy.

Bu gün toý toýlanýar türkmen ilimde

Azat iliň alkyşyndan ýalkanan,Arkadagyň ylhamyndan galkynan,Mymyk ýele eda bilen tolkunan,Ýaşyl Tugum pasyrdaýar golumda — Bu gün toý toýlanýar türkmen ilimde. Garaşsyzlyk, Bitaraplyk bagty bar,Bütin halkym, gör, neneňsi bagtyýar,Bu gün güller açýar gözel gül Diýar,Tugum bilen ygtyýarym elimde — Bu gün toý toýlanýar türkmen ilimde.

Berkararlygyň synmaz sütünleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir. Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki Konstitusiýa we Döwlet baýdagy — berkararlygymyzyň synmaz goşa sütünleri, jemgyýetimiziň sarpalanýan gymmatlyklary. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň Esasy Kanuny, ata Watanymyzyň mizemez hukuk binýadydyr. Esasy Kanunymyzda türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny, adatlaryny we durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasy öz beýanyny tapýar. Döwlet baýdagymyz bolsa Esasy Kanunymyzda hem bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň biridir. Ata-babalarymyzyň «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýişleri ýaly, her bir ýurt öz baýdagy bilen tanalýar. Türkmen Tugy dünýäniň iň abraýly guramalarynda, halkara derejesindäki maslahatlardyr uly sport ýaryşlarynda belentde pasyrdamak bilen biziň her birimizi bu

Aşgabat şäheriniň gününe

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň taryhyndan hem şu gününden 1881-nji ýylda gadymy galaly Ashabatda harby serhet berkitmesi döredilipdir we şäher Zakaspiý oblastynyň dolandyryş merkezine öwrülipdir. 1919 — 1927-nji ýyllarda bolsa şäheriň ady Poltaraskiý diýlip atlandyrylypdyr. 1924-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň paýtagty derejesine eýe bolupdyr. 1927-nji ýylda bolsa oňa «Aşgabat» diýen milli at berlipdir.

Gujagynda ýazlar güllän...

Her gezek şeýle bolýar, gül-gülälekli sähra çyksaň, daş-töweregiňi gurşap alan gyrmyzy, sary, al-ýaşyl gülleri ýekän-ýekän sypalap ezizläberesiň gelýär. Göýä ol güllerem saňa näz edýän ýaly görküni güjeňläp, ülpüldäp oturandyr. Emma olary eliňi uzadyp, ne ýolup bilersiň, ne-de gözelliginden ganyp. Hawa, ol baharyň gujagyndaky güller däl-de, öýüňdäki bahar-ýazy ýatladyp duran gözel halylaryň goýnundaky elwan bägüller hakynda şeýledir. Olar gyş-u-ýazyn seniň öý-ojagyňa hem-de ýüregiňe, kalbyňa gözellik paýlap ýörendir. Türkmen topragynda düşleýän baharyň asla sowulmazlygyny islän ene-mamalarymyz ony nepis türkmen halylarynyň süňňüne siňdiripdirler. Bu gün bahar türkmen halylarynyň gujagynda müdimilik ýer alyp, türkmen kalbyna öwrüldi. Türkmen halylary baharyň sungata siňen keşbi, gözelligiň ýoýulmajak nusgasydyr.

Astrahanda geçen bäsleşik

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň 8-9-njy synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen düzme ýazmak bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň başlangyjy esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» at bilen guraldy. Astrahanyň Priwolžsk etrabynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň okuwçylary bäsleşikde özleriniň ukyp-başarnyklaryny, ýiti zehinlerini görkezdiler. Olar işlerine döredijilikli çemeleşip, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür beýanyny, döredijilik aýratynlyklaryny, öňe sürýän taglymatlaryny çuňňur beýan etmegi, giňişleýin açyp görkezmegi başardylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, aýratyn tapawutlanan zehinli okuwçylar ýeňiji diýlip kesgitlenildi. Olara Diplomlar, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» at bilen geçen düzme ýazmak bäsleşiginde ýeňiji bolan zehinli okuwçylaryň ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Rowaýatlara siňen Pyragy

«Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigine Halk döredijiligine degişli bolan rowaýatlar biziň milli gymmatlygymyzdyr. Türkmen dili we edebiýaty mugallymymyz rowaýatlaryň gözbaşynda hökman bir hakykatyň bardygyny aýdýar. Munuň şeýledigine «Magtymguly hakynda rowaýatlar» atly kitaby okanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Biz akyldar şahyrymyza degişli rowaýatlaryň, tymsallaryň örän kändigine buýsanýarys.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde tebigatyň keşbi

«Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigine Ynsan elmydama tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykly ýaşaýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy tebigatyň üsti bilen adam häsiýetlerini açyp görkezýär. Şahyryň eserlerinde gahrymanyň Watana, il-gününe bolan tükeniksiz söýgüsi türkmen tebigatyna bolan mähir-muhabbet bilen okyja ýetirilýär. Şahyrana mazmuna eýe bolan tebigat şekilleri: howalanyp duran gojaman daglar, akar çeşmeler, çasly çaýlar, dürli ir-iýmişli bag-bakjalar... şygyr gahrymanynyň dünýä, jemgyýet, döwür, durmuş, adam we onuň häsiýeti baradaky oýlanmalarynyň özenidir. Magtymgulynyň şygyrlaryny şahyranalyga beslenen tebigat bezeýär. Magtymgulynyň eserlerinde tebigat suratkeşliginiň özboluşly we köptaraplydygyna göz ýetirmek bolýar.

Medal

Ales KARLÝUKOWIÇ, belarus ýazyjysy. (Hekaýa)

Beýik Ýeňiş

Taryh — atalaryň ýazan kitaby,Sahypasy ýeňiş bilen açylan.Onda beýik söýgi, mertlik hem ynamBaksaň, gözleriňe nur deý saçylar. Ýazylmadyk kitap — atalaň ömri,Bu topragyň her gysymy bir jandyr.Onda hiç duşmana depeletmedikPederleň namysy, ykbaly bardyr.

Aşgabat. Aprel. Arena

Aşgabat ýene-de halkara sport jemgyýetçiliginiň üns merkezinden ornuny tapdy. Ak mermere bürenen türkmen paýtagtynyň adyny apreliň buzly arenadaky sport baýramçylygy bilen utgaşdyran ajaýyp waka — Hokkeý boýunça halkara ýaryş dünýäde iri sport merkezi hökmünde uly meşhurlyga eýe bolan Türkmenistanyň mümkinçiliklerini äleme ýaýdy. Halkara ýaryş diňe Watanymyzyň iri sport çärelerini geçirmekdäki tejribesiniň beýany bolmak bilen çäklenmän, türkmen türgenleriniň mümkinçilikleriniň hem aýdyň görkezijisine öwrüldi. Ýaryşyň guramaçylyk derejesiniň nusgalyk hasaplanandygyna aýratyn ünsi çekmek gerek. Çünki hormatly Prezidentimiziň ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen gol çeken degişli Karary Hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň kämil derejedäki guramaçylygynyň binýadyny emele getirdi. Halkara ýaryşa taýýarlyk görmekde meýletinçileriň ornunyň hem diýseň uly bolandygyny bellemek gerek. Olar guramaçylyk işleriniň ähli tapgyrlaryna ýakyndan ýardam etdiler.

Goşgular çemeni

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine Türgen towşan

Adam bolmak kyn ...

Kömek KULYÝEW, ýazyjy. (Erteki-powest)