Döredijilik maslahaty geçirildi

3 Iýun 2024
820

Şu gün — 3-nji iýunda paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň guramagynda «Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň buýsanjydyr» atly döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatda bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesillere döredilýän giň mümkinçilikler, ähli amatly şertler we belent özgertmeler dogrusynda çykyşlar edildi. Çykyş edenleriň arasynda žurnalistler, döredijilik işgärleri, artistler, ylym-bilim işgärleri hem-de suratkeşler bar. Olar ata Watanymyzyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan çagalaryň abadan durmuşy üçin amala aşyrylýan beýik özgertmeler hakynda birin-birin durup geçdiler. Ýurdumyzyň joşgunly günlerinde şol beýik özgertmeleriň özüniň giňden beýanyny tapýandygyny nygtadylar. Şeýle-de çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde çagalar üçin sowgat edilýän desgalar, çagalar baglarydyr mekdepler, döredijilik öýleri, kitaphanalar dogrusynda buýsançly bellenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp döwürde halkymyzyň bagtyýar, eşretli ýaşamagy ugrunda irginsiz zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

«Güneş».