Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň taryhyndan hem şu gününden
1881-nji ýylda gadymy galaly Ashabatda harby serhet berkitmesi döredilipdir we şäher Zakaspiý oblastynyň dolandyryş merkezine öwrülipdir. 1919 — 1927-nji ýyllarda bolsa şäheriň ady Poltaraskiý diýlip atlandyrylypdyr. 1924-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň paýtagty derejesine eýe bolupdyr. 1927-nji ýylda bolsa oňa «Aşgabat» diýen milli at berlipdir.